Ýazýarlar: aý aýlanar, ýyllar dolanar.
Ölerin, owazym ýaňlanar doly.
(Hamala, bir zatlar ýazyp geçeniň
ýazany zamana galaýjak ýaly),
Ýazýarlar: düşeňzok şygyrlaryma,
Ýüz ýyl geçsin. Hany soňam göräli!
(Hamala, ýüz ýyldan soňky adamlar
öňkülerden akmak bolaýjak ýaly).
Ýazýarlar: şygyrlam — beýik perzentlem
Ölsem-de, uzaldar bu gysga ýoly.
(Hamala, wagt şygry duza gapgaryp,
Soň olary beýik edäýjek ýaly).
Näme ýazmaýarlar!
Hudaý saklasyn!
Bir goşga üç sany giň beýannama.
Ölmejek goşguly «Ertirki şahyr»,
A bu gün näme?
Gurbannazar Ezizow