ilhano_va
01.01.2024 17:16
Bu ömrümde işim düşdi köplere.
Salam saldym,
Haýyş bilen ýüzlendim.
Adamlara bagly bolmadyk bolsam,
Belki, olaň gadyryn hem bilmezdim.

Adamlar!
Men Sizi alkyşlaýaryn,
Men Size badagly — mysal kerep.
Şatlygymy paýlaşmaga gerek siz,
Hesretim egsere has beter gerek.

Salamlaşýas köçelerde sataşyp,
El-eli gysanda, ýylaýar ýürek.
Ýola düşsem, ugratmaga gerek Siz,
Ýoldan sowa düşsem, has beter gerek.

Sarpasyn saklasyn adam adamyň,
Galany hiç, galan zatlar biderek.
Dirilikde daýanmaga gerek Siz.
Ölen günüm bolsa has beter gerek!
28
82
ilhano_va
01.01.2024 12:56
Menem söýdüm söýülmedik juwany,
Menden başga bagtly baryn bilmedim.
Ýöne mydam Aý astynda dostlarmyň
Söýgi hakda söhbetini diňledim.

Menem bagtly boldum ýagty dünýäde,
Menden başga bagtly baryn bilmedim.
Ýöne ot başynda dünýäni undup,
Bagtlylaryň söhbetini diňledim.

Ýok, men muny bilgeşleýin edemok,
Adamlara gulak asman bilmedim.
Begendim, gynandym, söýdüm, ýigrendim,
Elmydama özgeleri diňledim.

Indi bilenimden ýazýaryn aýdym,
Öz-özümden monça bolýan, ýeňleýän
Ýöne sähralara çykamda, ýene
Özgäň düzen aýdymyny diňleýän


Gurbannazar Ezizow
21
32
ilhano_va
01.01.2024 01:58
Indi söýgi juda arzanlap barýa,
Her bir öñ ýetene ýarym diýýäris.
Ýarym diýmek ýary:m diýmek ahyry,
Nädip ýary:myzy taşlap bilýäris.

Ýarym zatlar mydam bile bolmaly,
Bir bolmaly mydam ýarym göwünler.
Ýarym zadyñ bahasy ýok hiç wagt,
Bir bolanda gymmatlydyr ömürler.

Inni aşyklardan etjek haýyşym,
Ömür taýyñyzyñ gadryny biliñ.
Ilki ýary saýlañyzda ýalñyşmañ,
Soñam ýaryñyzyñ göýbermäñ elin.

Mümkin bolsa bir - biregi bagyşlañ,
Aşygyñ magşukdan göwni galmasyn.
Söýgüni ýürekde aýap saklañ siz,
Ýyllar ýaryñyzdan aýra salmasyn.
26
64
ilhano_va
31.12.2023 11:47
❄️ Täze ýylyňyz gutly bolsun ❄️
35
48
ilhano_va
31.12.2023 01:53
Boýun bol, geldik biz yolun soňuna,
diýme “Janymyzy gaýta barlaly”.
Söýgimiz aýdym däl, ýat tutup soňra,
Kä göwnüň joşanda gaýtalar ýaly...

Ynsan islese-de, islemese-de ,
Bir ýerlerde ahyry bar her zadyň.
Gorkma, boýun almak islemesem-de,
Aýdyp bilmen “Kalbym senden närzadyr”

Sen joraňa ynan,
“Entek öňüňden
has gowsy çykar” diýp, göwnüň göterse.
(Adam bagtsyz bolýar, iň gowy günleň
Geçip gidenine akyl ýetirse...)

Ýazgyt menzeş daşa, ýuwup gözýaşa,
Pozup bolmaz oňa ýazlan ykbaly.
Ýa sen men ýanyňda bar ýaly ýaşa,
Ýa... ýaşa hiç haçan bolmadyk ýaly!...

Mätgurban Matgurbanow
24
41
ilhano_va
30.12.2023 23:03
Salam öwrenmeli programmanyň agzalary. . .
Bu owadan bayramçylykly günlerinde owadan sözleri eşitmek manada nesip etdi.
@Sun_light atly mahirli agzamyz mana oran yakymly owadan sözleri aytdy. Men táze agzalaryn kopsuni tanamok bey diysem gaty görmaň gürründeş bolmana kän wagtym ýok. Ýöne şonnada meni yatdan çykarman maňa bu owadan günlerde owadan sözleri ýetireniň ücin sana örän minnetdar. . . @Sun_light. . . 😘
Men saňa 99999 bal berýärin ğöwun isleýä mundanam kan bermegi ýone ýurekden çykan zady kabul etmegini haýyş etýän. . .

İlhano_va
24
86
ilhano_va
30.12.2023 18:32
Bilmek isleýäne aýdýan geregni —
“Näm edýäň?!” diýseler, “Alada” diýýän.
Ejem: “Oglum, agyrtdyňmy ýüregňi?!”
Diýse, gizläp bilmän, “Çalaja” diýýän.

Agyryma şypa gözledim ençe,
Emma em tapmadym, gutular ýaly.
Bolmandym men seniň çaýyňa çemçe,
Şeker eräp, ýumşum gutarar ýaly.

“Yşkyň” ýere serdi meni bir muştda,
Kimsä bildirmedim kalbyň çatlagyn.
Ýöne olam gerek eken durmuşda,
Sen bir ýüregiňi gorap saklagyn!

Baky Amanyyazow
26
85
ilhano_va
30.12.2023 15:10
Gurbannazar Ezizow 🍂
27
56
ilhano_va
30.12.2023 02:07
Sen menden gowusyn tapjak bolarsyň,
Gözlärsiñ-de has gowusyn taparsyñ.
Ol bendäniñ eden sähel ýalnyşyn,
Maña bolan ýigrenç bilen ýaparsyñi!

Sen menden görklüsii tapjak bolarsyñ,
Gözlarsiñde taparsyñ has görklüsin.
Özgelerden gelşigini gabanyp,
Ol bendäniñ göz alnynda örklüsiñ

Sen menden baýyny tapjak bolarsyñ,
Kyn düşnmez ol, taparsyñ has gurplusyn.
Sada dünýämdäki erkinlik ýiter,
Isleýşiñkdek pul içinde gulplusyñ.
Bir gün mährim küýsäp gysanda Asman,
Sen meni gözlärsiñ, tapmarsyñ asla.

Meñ birligim tapylmazak güýç bolar,
Sähelçejik baýlyk, gowluk, görk, bezeg,
Özûm ýaly sada, ýeter-ýetmeze,
Paýlanşylan bor, o mahal giç bolar...
25
64
ilhano_va
29.12.2023 17:41
Men senden hiç zady göremok gaty,
Öýke-kine menden juda daşda, ýar.
Ýöne ýalňyzlygyň kemsinen wagty,
Göwräm özün gam laýyna taşlaýar.

Men seni unudyp ýörendir öýtme,
Tupanda elenýän ýelken ýaly men.
Derdimi sorama,öýkäňi aýtma,
Öňem heser uran düňle,däli men.

Ýöne käte meniň gözlerime garap,
Seniň bilen diridigime ynan, ýar.
Hemem bolmaz ýaly hallarym harap,
Ýodalary unutma-da,dolan, ýar!

Garaşaryn garaşan deý sähere,
Alnyma ak Günüm dogan sen.
Öwrensoň kalbymy baky bahara,
Dolan sen!
21
42