Sen menden gowusyn tapjak bolarsyň,
Gözlärsiñ-de has gowusyn taparsyñ.
Ol bendäniñ eden sähel ýalnyşyn,
Maña bolan ýigrenç bilen ýaparsyñi!
Sen menden görklüsii tapjak bolarsyñ,
Gözlarsiñde taparsyñ has görklüsin.
Özgelerden gelşigini gabanyp,
Ol bendäniñ göz alnynda örklüsiñ
Sen menden baýyny tapjak bolarsyñ,
Kyn düşnmez ol, taparsyñ has gurplusyn.
Sada dünýämdäki erkinlik ýiter,
Isleýşiñkdek pul içinde gulplusyñ.
Bir gün mährim küýsäp gysanda Asman,
Sen meni gözlärsiñ, tapmarsyñ asla.
Meñ birligim tapylmazak güýç bolar,
Sähelçejik baýlyk, gowluk, görk, bezeg,
Özûm ýaly sada, ýeter-ýetmeze,
Paýlanşylan bor, o mahal giç bolar...