ilhano_va
30.12.2023 18:32
Bilmek isleýäne aýdýan geregni —
“Näm edýäň?!” diýseler, “Alada” diýýän.
Ejem: “Oglum, agyrtdyňmy ýüregňi?!”
Diýse, gizläp bilmän, “Çalaja” diýýän.

Agyryma şypa gözledim ençe,
Emma em tapmadym, gutular ýaly.
Bolmandym men seniň çaýyňa çemçe,
Şeker eräp, ýumşum gutarar ýaly.

“Yşkyň” ýere serdi meni bir muştda,
Kimsä bildirmedim kalbyň çatlagyn.
Ýöne olam gerek eken durmuşda,
Sen bir ýüregiňi gorap saklagyn!

Baky Amanyyazow
26
85
guli_
30 Dekabr 2023
🤦🏻‍♀️
loona_girl
30 Dekabr 2023
@mafia_gr, sps Jan snm şeyle bol
loona_girl
30 Dekabr 2023
@mafia_gr, gowyla sn naili gülüm 😘
loona_girl
30 Dekabr 2023
Tüweleme sacyňyzyň uzyndygyny😍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.