ilhano_va
16.01.2024 19:05
Ýaradaňda söýgi bilen ýaratdyň,
bir gün bolsun kem etmediň mähriňi.
Ýa gara başyma hatalam üçin
indermediň aman bermez gahryňy.
Men şonda-da köňlüm gama daglaýan,
bor-bolgusyz gorky bilen aglaýan.

Çigit ýaly haýrym degse bu ile,
«Özüm etdim» diýip gabarylýaryn.
Serimde sergiläp müň dürli hile,
şeýtanyň üstüne atýaryn baryn.
Şeýdip käte öz-özümi aldaýan,
soň sen azap beren deýin aglaýan.

Asla egsilmejek muhabbetiňi
görmezden gelýärin haý höwes üçin.
Soň hamana sen menden ýüz öwren deý
gözüm ýaşlap, tutan bolýaryn içim.
Ilki özüm ara perde baglaýan,
ýene özüm golum açyp aglaýan.

Günäkärdigimi boýun almak kyn.
Sebäpkärdigimi boýun almak kyn.
Aslynda sen maňa özümden belet,
aslynda sen maňa özümden ýakyn.
Şat günlerim gara nebsim çaglaýan,
gamly günüm saňa gelip aglaýan.

Sen şonda-da ýüzüň öwürmeýärsiň,
öýke etmeýärsiň, tutmaýaň kine.
Ähli hatalarym bagyşlaýarsyň,
ýaýmaýarsyň aýyplarymy ile.
Her halda ýalňyz Sen derdim aňlaýan,
şondan mydam huzuryňda aglaýan.

Süleýman.H.
18
41
ilhano_va
16.01.2024 14:41
Dek düýn muzdsyz ýa-da para-peşgeşsiz,
Sapylgydy ykbalyma ykbalyñ.
Halsyzlyk ýa ýolsuzlykdyr öýderdim,
Şu çaka çen birje göwnüm ýykmanyñ.

Ýaralarña melhem etdim narpyzy,
Çaýa goşup içdim lebleñ gandyny.
Şüdgär ýer deý asla suwdan ganmadym,
Ahyr basdyñ uly derýañ bendini...

Durmuşda-da kän büdredim, ýykyldym,
Öñler örän rahatdy meñ gijelem.
Labarint deý ýodalardan çykardym,
Ganly däl-de janlydy meñ bijelem...

Syr berenim ýer bermedi ýanyndan,
Dost diýenim şumy, galaýyn tenha...
Bu günki bagtymyñ ysynam duýman,
Bilmänsoñ agyrdan aýñalyp.
Ynha,
Şeýdip nazar aýlap geçmişe bakan,
Bir ýylgyrsam ýüz gez barym dilerin...
Bir gün yzda galýar añym, ýüregim,
Bu güniñ gadyryn ertir bilerin.
17
48
ilhano_va
16.01.2024 11:33
Uluduryn öýtme,etseler taryp,
Kiçidirin öýtme,peseltse görüp.
22
74
ilhano_va
16.01.2024 01:09
Ýagyş günäkär bu ýazýanlaryma
Ýagyşmandyk ençe gün bäri
Ajy kofe içýän şu wagt
Seni garyp
Bir ýalňyz aýdym ýarynyň zaryny çekýär
Bir sensiz adam surat
Bir şahyr tüsse çekýär

Kellämde düşürýän kinomda
Söýgüliň sazyny ulanjak
Galmagal gonmakçy gansyz janyma
Gelme bararyn men özüm ýanyňa
Düýşde ýüwürýän deý howam.
Çamanym çaňa
Ýamanym saňa
Dymanym daňa garyşdy
Meni ozümdenem gowy
Tanaýan

Ýagyş günäli
Ýetmändim kofemiň soňuna häli
Kitap sahypama
Ömrüm hakydama ýaň salýar
Ýagyş damja garyşýar
Öňem diýipdim, ýa Züljelalym
Häzir ruhuma garyşýar
Ysnyşan melalym.

Seýran Otuxow
17
45
ilhano_va
15.01.2024 23:37
Ýüreğine giden bir bilet kes. . .
Cam kenarı değil. . .
Can kenari olsun. . .

Cemal Süreya
13
49
ilhano_va
15.01.2024 19:09
Göwnüñ agyrýarmy?,
Umytlañ kesellimi?
Sözlerim ajymy?,
Ýa saña tesellimi?
Peseldimi ynamyñ,
Edil häzir agramyñdan,
Agyr duýulýarmy beýniñ?,
Menem şeýle!.

Hanha iller elin çarpyp,
Tans oýnaýar bagt bilen,
A sen bolsa syr bildirmän,
Darkaş gurýañ wagt bilen,
Içiñ gussa, ýüzüñ bolsa,
Ýitirenok ýylgyryşy,
Ähli derdiñ gözýaş bilen,
Akar öýdüp aglaýañmy?,
Menem şeýle!.

Suwda ot ýakany gördüm,
Otda suw ýakany gördüm,
Asmany bulut örtende,
Ody ot çakanny gördüm,
Ruhy öýkeläni gördüm,
Tabagy ýok aşy barlañ,
Şükür kylşyn görmediñmi?
Menem şeýle!.

Gözüme ýakyn geleni,
Ýakynym saýdym dostlaşdym,
Göwnüme ýakyn geleni,
Salyp bilmän gursagyma,
Sygdyryp bilmän içine,
Ynamymy aýap goýup,
Gör kim üçin, bir sen üçin,
Ak kagyz saýyp ýüregmi,
Ýitirip barýan deregmi.

Ýene özüñ bilen özüñ oturyp,
Hyýalyñda gurup yşgyñ şalygyn,
Entek bir gezegem duşman,
Duşuşman,
Bir-birekden aýrylyşan ýalymy?,
Menem şeýle!...

Baýram BEJIDOW
20
51
ilhano_va
15.01.2024 15:38
Bolýa,
Bu gezegem seniñ diýeniñ bolsun.
(Diýenim bolmasa, näme diýeýin).
Niýetlän zatlaryñ başyma gonsun,
Şeýdip menem hatalarmy bileýin.

Ýakynlygyñ soñy söýgä sapanyn
gördüm welin, söýgiñ soñy dostluga
öwrülenin görmedim. Bu tapanyñ
Pikirlermi çekip barýar boşluga.

Diñe söýüp bilýän!
Söýgümi welin
Dile alyp bilmän gelýän düñle men.
Aýralygy kabul edýärin elin,
Öz-özümden başgalary diñlemän.

Tal-a däldi, umydymy dañanym...
Uçan göwnüm indi nirlere gonsun?!.
Ýüregiñe umyt bolup damanym
Bu gezegem seniñ diýeniñ bolsun.

Arzuw Umydow
25
70
ilhano_va
15.01.2024 01:30
Ot ýakdym, közüne çoýundym biraz,
Şol geçen günlerim ýadyma düşdi.
Ýatlaýandyr öýtme, unutdym, ýöne,
Ant içen günleriň ýadyma düşdi.

Bir-biregi mähir bilen çoýuşup,
Özümizi Zöhre-Tahyr saýyşyp,
Arzuw ummanynda bile gaýyşyp,
Dür seçen günlerim ýadyma düşdi.

Porhan bolup, agynaklap çägede,
Unudupdyk, edep diýlen däbi-de,
Bir pursatlyk ýaşaýyşdan säginip,
Leb guçan günlerim ýadyma düşdi.

Ynamymy düwüp, berip eliňe,
Öwrülipdim seniň sadyk guluňa,
Taýyn bolup, seniň üçin ölüme,
Ýaş seçen günlerim ýadyma düşdi.

Geljegime maňa bir sen gerekdiň,
Emma Ykbal aýry ýoldan ýöretdi,
Ýöretse-de sen deý gyzy döretmez,
Ara açan günlem ýadyma düşdi.

Sen däl eken, maňlaýyma ýazylan,
Ýaşlygym ýalanlaň oduna düşdi,
Bir sen bolduň arzuwumdan kemilen,
Sensiz bu ömrümüň manysy öçdi.

Baýram Bejidow
18
40
ilhano_va
14.01.2024 22:36
Salam hemmaňize. . .
Biraz güymenmek maksady bilen bu posty açmak isledim has hem aktiw bolar ýaly.
Bilşimiz ýaly süýji durmuşymyzyn bir bolegine öwrülip barýa kate gaharlanamyzda,şatlanamyzda kate-de sowgat hokmunde süýjuleriň köp görnüsini iyyaris siz haysy süýjüni söýüp ıýýäňiz. Menden soramak isleseniza menka KitKat😋
Hany sizem aýdyň hany👇🏼
26
355
ilhano_va
14.01.2024 19:25
Ýaşlygymda men bir gyza sataşdym,
Gözleriniň ody ýürekde galdy.
Gyz däldi-de, ýanyp duran ataşdy,
Garaýşy bu goşa garakda galdy.

Müň gyzyň içinden gözüňe iler,
Onki süňňüm bilen söýüpdim näler.
Ýazan hatlaryma şaýatdyr Şalar.
Içen antym duzda-çörekde galdy.

Bir tomus gijesi duşuşdyk pynhan,
Näme diýjek bolsaň diýiber ynha.
Ah! Aslynda ýygra bolmasyn ynsan,
Pyşyrdym goşa ak derekde galdy.

Garaluw gözleri ýyldyz ýalydy.
Alkymnyň aşygy gunduz ýalydy.
Dykyz bilekleri buýnyz ýalydy.
Jadyly gülküsi gulakda galdy.

Gözelleriň gözlerinde hümmet bar,
Gül gyzlaryň gujagynda jennet bar.
Şahyr bolan bolsam — şoňa minnetdar,
O ýyllar nähili uzakda galdy...
22
90