Ýaradaňda söýgi bilen ýaratdyň,
bir gün bolsun kem etmediň mähriňi.
Ýa gara başyma hatalam üçin
indermediň aman bermez gahryňy.
Men şonda-da köňlüm gama daglaýan,
bor-bolgusyz gorky bilen aglaýan.
Çigit ýaly haýrym degse bu ile,
«Özüm etdim» diýip gabarylýaryn.
Serimde sergiläp müň dürli hile,
şeýtanyň üstüne atýaryn baryn.
Şeýdip käte öz-özümi aldaýan,
soň sen azap beren deýin aglaýan.
Asla egsilmejek muhabbetiňi
görmezden gelýärin haý höwes üçin.
Soň hamana sen menden ýüz öwren deý
gözüm ýaşlap, tutan bolýaryn içim.
Ilki özüm ara perde baglaýan,
ýene özüm golum açyp aglaýan.
Günäkärdigimi boýun almak kyn.
Sebäpkärdigimi boýun almak kyn.
Aslynda sen maňa özümden belet,
aslynda sen maňa özümden ýakyn.
Şat günlerim gara nebsim çaglaýan,
gamly günüm saňa gelip aglaýan.
Sen şonda-da ýüzüň öwürmeýärsiň,
öýke etmeýärsiň, tutmaýaň kine.
Ähli hatalarym bagyşlaýarsyň,
ýaýmaýarsyň aýyplarymy ile.
Her halda ýalňyz Sen derdim aňlaýan,
şondan mydam huzuryňda aglaýan.
Süleýman.H.