ilhano_va
21.01.2024 22:35
Geñlemäñ gonup- göçüp,
Ondan-oña üýtgeýänim,
Çaga wagtym hindi kino syn etýärdim.
Saýama-da öýkeleýän,
Öýkäme-de kine edýänim,
Geñ görmäñ!
Asmana bakyp durşumy,
Sakawlap gep guruşymy,
Geñ görmäñ!
Adamlaryñ göwnin ýykmajak bolup,
Göwünlerni buruşymy,
Şu gara diýseler, onda agy görüşümi,
Geñ görmäñ!
Mydama aglap ýörşümi,
Gözümden ýaş akmasa-da,
Özümi bagtsyz saýyşym,
Bagt,
Atanak çekmese-de,
Bakmasa-da maña gülüp,
Meniñ ýekeje haýyşym!
Gülsem...
Geñ görüñ!
Remezan Mämetgurbanow
17
37
ilhano_va
21.01.2024 17:39
Men – adam.
Ýaşamak üçin geldim.
Emma ne howam bar,
Ne-de meň üçin akýan suwum.
Men – adam.
Elim, aýagym özümiňki.
Ýöne ne-hä isleýşimçe ýaýnap bilýän,
Ne-de gidesim gelen ýere gidýän.
Men – adam.
Ýürek şygyr küýseýär.
Emma ýazasym gelşi ýaly ýazsam,
Diýesim gelenini diýsem,
Ýa-ha akylsyz,
Ýa-da ýakymsyz bolaýýar.
Men – uly adam
Maksat-myradym,
Arzuw-umydym ullakan.
Ýöne ýaşaýan ýerim,
Gözýetim, hereket çygrym,
Edil kapasa ýaly.
Men adammy?!
Islegim özümden soralmasa,
Erkimi her kime bersem,
Iýjegim minnet,
Howam minnet,
Suwum bulanyk...
Men – adam,
Ýöne käbir öňýeteniň gözüne
Men näbelli bir jandar...
Gurbanmyrat Saryyew
19
47
ilhano_va
21.01.2024 01:25
Aýlar-ýyllar akyp barýar suw ýaly,
Diýmeýäris bir-birege «Nirde sen?».
Öňler bir sebäpden sessiz galaýsak,
Sabyr edip garaşaýman irdene,
Örüzerdik dost-ýarlaryň ählisin,
Bilinmezdi wagtyň iri ýa giji.
Tutmasak-da aýralygyň adyny
Ahyry bize-de ýetdi bir ujy.
Söýgi şeýle bolýarmyka öýderdik,
Aslynda öýdenmiz söýgüden beýik
Başga bir duýgudy. Soňra biz ony
Tapmadyk,
Gaýtadan görsek-de söýüp.
Şol günleri islesek-de hernäçe
Gaýtadan gaýtalap bolmaýan eken.
Göýä bir otluçöp, çyzdyň, kül boldy,
Ikilenç ýanmaýan eken.
Galýar ondan diňe näzik bir heser,
Ne diňledip bolýan, ne-de bir yryp.
Ne ýürekde gömüp bolýar ömürlik,
Ne-de ondan aýryp bolýar sypyryp.
Edil häzir nämedýärsiň kim bilýär,
Belki, ukladandyr gijäň mazasy.
Ýa böwrüňi diňledýändir durmuşyň
Aladasy, çeker-çekmez yzasy.
Ýa henizem gelen dälsiň işiňden,
Erkek kişä mydam iş kän gijara.
Okandyr «Alhamy» eýýäm üç gezek,
Ejeň biçäre.
Ýa-da ysgaýansyň çagaň saçyny,
Melulsyň ysyna behişdi gülüň.
Belki, şeýledir...
Bilmedim.
Mundan aňyrsyna baranok dilim,
Mundan aňyrsyna çydanok ýürek.
Gurbanjemal Annakowa
27
105
ilhano_va
20.01.2024 22:17
Ne saňa, ne maňa aýan bu täleý,
Öz saýlan ýolumyz özümize geň.
Kada-düzgünleri bozup bormy teý!
Olar «Arma-an» diýen sözümize deň.
Duýman durkam alyp gelýär serhede,
Adamlara mahsus meýil gähide...
Göz, dil diýen zatdan bolup elheder
ne aýlanyp bilýäs seýilhählerde.
Restoran-kafeler ikimize ýat,
Ýuka däl bolsa-da jübülerimiz.
Söýgi biziň üçin çekende perýat
Pynhan derdinişen jübütleri biz.
Küýseg telwas urup gelende sere
Biri-birimize geçýär essimiz.
Siňýär şirin-şirin SMS-lere,
Tolgunjymyz, gülkülermiz, sesimiz.
Jaňlaşmasak, ýürek bilen oňuşman
düşýän ýermiz del dünläleň nirikä?
Biz – birek-birege hiç wagt gowuşman,
Pynhanlyga siňip gitjek lirika...
Akmyrat Jumayew
27
99
ilhano_va
20.01.2024 12:50
Gije ýagşyň ýagmasynda,
Säher Günüň dogmasynda,
Bilbilleriň nagmasynda
Seni gördüm.
Seni gördüm.
Yşka düşdüm, düzlerinde,
Aýdym aýtdym, sözlerinde,
Kime baksam, gözlerinde
Seni gördüm.
Seni gördüm.
Hasrata duşan günlerim,
Adyň gaýtalap, dilberim,
Gözüm ýaşladym, el beren
Seni gördüm.
Seni gördüm.
Eý, meniň bilen-bitenim,
Saňa niçiksi ýeterin?!
Tükeniberende demim
Seni görsem,
Seni görsem.
Süleyman.H.
19
44
ilhano_va
19.01.2024 18:34
Şahyr! Şahyrlygyň çyn bolýan bolsa,
Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git.
Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa,
Gara ýere çümüp,
çykyp,
çümüp git.
Hem akyl ber, hem iliňden akyl al.
Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al.
Alan zadyň demiň bilen ýakyp al,
Soň ýene-de ýeriň süýdün emip git.
Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,
Dag ýolunda – çat açmaýan polat bol.
Çöl ýolunda – tirkeş-tirkeş bulut bol.
Teşne görseň, dodagyna damyp git.
Ýol agyrdyr: müň ýanylar, öçüler.
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler.
Ýel ygyna şaglap gitse geçiler,
Sen öküz dek
ýele garşy yňyp git.
Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al:
Ylgap baryp saglyk bilen erki al.
Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,
Soň tapylar, galan zady zyňyp git.
Dost paýlansa «Äber!» diýip gyssanma,
Alaňdan soň – gysgaltma hem gysgalma.
Dileg etse –
gözlerňi hem gysganma,
Birin ber-de,
biri bilen oňup git.
Ha çaryk geý,
Ha çokaý geý,
Telpek geý –
Parhy ýokdur: geýseň bolar erkek deý.
Ýöne weli şypbyldama çepek deý.
Aýna gonçly ädik ýaly doňup git.
Sorasaň aýdaýyn kyýamat nedir?
Erkekler ownasa – kyýamat şodur.
Her başy telpeklä goýmagyn gadyr.
Bäş telpegi
bir gyňaja daňyp git.
Gözelligi
sor bagryňa, öýkenňe.
Söýülseň söý, söýulmeseň süýkenme.
Söýgi hem goşgudyr! Kişä öýkünme,
Öz möhrüňi, öz közüňi goýup git.
Ýeňip ýaşa: ahyrda ýeň, başda ýeň,
Tomusda ýeň, ýazda, güýzde, gyşda ýeň.
Söýgiňde ýeň, gaýgyňda ýeň, işde ýeň –
Bir
oguldan
ýeňilip hem ýeňip git.
Ýeňsin ogul
dil bilen däl, iş bilen,
Seňkä görä has ýitiräk huş bilen.
Aýak däl-de, parasatly baş bilen
Ýeňse ogul –
gözüň rahat ýumup git.
Gözüň sürtüp merhum enäň alnyna,
Bir aglapdyň. Indi beri aglama:
Öz balaňy eliň bilen jaýlama,
Nobatyňda mele ýere sümüp git.
Dünýä gelmegiň-de
nobaty ýagşy,
Ýene ölmegiň-de
nobaty ýagşy.
Men diňe bir zatda nobata garşy:
Dost öýünde islän çagyň gonup git.
Başarsaň – köplügiň içine garyş,
Tanyşdan dost tutun, ýatlardan – tanyş.
«Žiguliň» içinden gözleme durmuş,
Köplük bilen awtobusa münüp git.
Köpelsin öýüňde ýürekdeş myhman –
Ýary işçi bolsun, ýarysy daýhan.
Elbetde, alymam, şahyram hökman.
Üýşüp, çaşyp,
çar tarapa eňip git.
Şeýle dostlar bilen gezseň birsellem –
Ýetersiň iň uly matlaba çenlem.
Gadamyň giňden ur!
Entekler ellem
Hol öňde-le... Ýaş hakynda dymyp git.
Haly wagtyň meňzemegin kilime,
Diri wagtyň gyssanmagyn ölüme.
Öçen wagtyň öýkünmegin çilime –
Içi közli ojar ýaly sönüp git.
Ýene bir söz (magtanmak däl, öwüt däl):
Mazaryma daş oturtmak sargyt däl.
Mele ýeriň astynda-da daş gyt däl,
Bakylyk şol:
Şol daşlara siňip git.
Kerim Gurbannepesow
22
50