ilhano_va
20.01.2024 18:19
Çepbesine çöwrülipdir pikirlem,
Ýitip barýan dar paltomyň içinde.
Häzir asla peýda bolmaz şükürden,
Sensizligiň jesedi bar içimde.

Pikrim kesek gysan gawun mysaly,
Ýemşik-ýumşuk, alga alar ýaly däl.
Wysala duşmadyk söýgi däl bu dert,
Söýgä öwrülmedik bir gysym hyýal.

Haýkyrşymy hiç kim görmez, eşitmez,
Hem köpleň aňynda bolaryn şerçi.
A men bulaň hiç biri däl ýöneje
Seň dünýäňde ýaşap ýören halyma,
Seň dünýäňi yzlap ýören ötegçi.

Halas ediň gursagymy açyň-da,
Sensizligiň jesedi bar içimde.

Maksatmyrat.Ç.
18
44
sazsoft
27 Yanwar 2024
«Wysala duşmadyk söýgi däl bu dert,
Söýgä öwrülmedik bir gysym hyýal» 😓
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.