ilhano_va
24.01.2024 12:57
Öňküsine görä üýtgeşik dünýä,
Nämüçindir dünýäň öňküligi ýok.
Ol özünden uly bolmak isleýär,
Öz ýaşyndan uly bolup bilenok.

Görýän düýşleri hem öňküleri däl, —
«Söýüşen» gyzlary bardy bir çene.
Ol ýuwaş-ýuwaşdan düşünip barýar
Gelinleň, gyzlaryň gözelligine.

Bir täsin täzelik gurşaýar ony,
Ol häzirden görjek bolýar geljegin.
Howlaýar. Ululaň yzyna düşýär,
Geýýär uly doganynyň penjegin.

Uruşly kinolar ýat boldy oňa,
Düşenok ýadyna oýun, kepderi.
A «Söýgi oduna» goýberenoklar
On alty ýaşyna ýetmedikleri.

Ýigitligiň gapysyny kakýar ol,
Açanoklar, wah, nätmeli? Itmeli?
Itse-de, bu gapa goýberenoklar
On sekiz ýaşyna ýetmedikleri.

Öýe gelýär. Urunýar ol ikiýan.
Kakasy geň galýar: «How, keýpiň ýok-la?»
«Meň ullakan adam bolasym gelýär,
Näme üçin meni goýberenoklar?..»

Gurbannazar Ezizow
13
42
ilhano_va
24.01.2024 02:27
Men…!
Ummanyň bir bölegi
tolkunda towlanyp, kenara süýşen,
çägeden aşan,
ummasyz umman pudagyndan tänen suwdan ýapragy.

Asmany görýär sereden maňa
Gurbuma golaýlap seretse ýene,
görer özüni aýna gözümde.

Haýda dostum, haýda!
Gün ýakyp barýar.
Bir maňa seret,
özüňe seret,
dönmezimden ozal gup-gury çägä!

Çagadym, ulaldym, soňam gojaldym,
Gojaldym, kiçeldim, ýene men çaga!?

Ummanyň ýapragam, ýüregem bolsaň,
guraýan ekeniň ondan aýrylsaň.

Haýda dostum, haýda!
Gün batyp barýar.
Deňiz tolkunlary reňk alýp ondan,
Aram gatýar ynjalygna bulutlaň.

Üýtgäp dur gündiziň gözel görnügi
Irkilýär-irkilýär jyda bölegi
ene ummanyň.
Gowzap dur ganym.

Haýda dostum, haýda
Özüňe seret!

Ybraýym Badahşan
17
50
ilhano_va
23.01.2024 21:22
Seleňleýär ýelken
Ýolagçysyz äkidip barýar gämini.
Çaýkan, tolkunym!
Agdar ruhumy, düňder beýnimi!
Maksadym del, arzuwym ýel,
Gel gideli, gel,
Sen maňa öwrül, men saňa.

Deşilsin, içini suw alsyn gämiň,
Gaýyk ýasap oýnajak soň,
Hemmäň halyndan habarly
Gussalarda ýaýnajak soň.

Dünýäň günäsini gizlän gijeler,
Gündiz usul bilen sözlän gijeler,
Ýaradanyň gapysyny kakmadym,
Içimde boý alan özge menimi
Ýolagçy saýmadym,
Ýükem görmedim.

Indi lezzet bilen süzýän gözümi,
Jaňyma jogap berýän ýaly...
Ynanjyma gujak gerýän ýaly...
Hem men görýän ýaly
Ele galam bereniň hut Özüni.

Seýran Otuzow
17
41
ilhano_va
23.01.2024 17:56
Mertçe bir aýrilik, aldatmakdan daha az can ýakar. . .

Hakan Özdemir
19
62
ilhano_va
23.01.2024 14:16
Sen maňa hiç zady aýtjak bolmagyn!
Edenleriň etjeklerňe deň geler.
Men senden kän zady isläp bilmerin,
Ýöne azlygy-da kalbym geň görer.

Ýoluň ýoluma-da dowam däl belki,
Belki yza teser şanyň men sebäp.
Öňler akyl bolupdyryn, a indi
Nä aklyma kalba edýärin togap?!

Kalbyň akly bolmaz, aklyňam kalby,
Ikisini bir eýlemek mümkin däl.
Ýüregimi aýap gezjek.
“Gursagym”,
gysyp barýaň, aýt, ne sebäp düýnkiň däl?

Laçyn Bazarowa
22
55
ilhano_va
23.01.2024 11:14
Agzybir maşgala agzybir Watan diýmekdir. . . 🧿
21
79
ilhano_va
22.01.2024 23:08
Ýene howa garalyp,
ýagyş çisňäp başlady,
Leýlisaçlar eda bilen
saçlaryny çöşledi.
Beýle pikir etmändim men
bu golaýda, bu çakda,
Birden agyr oýa batdym
ölüm hakda, sen hakda.
Oýa batdym: ýoklugymda
öňküsi deý ýagar ýagyş,
Gunçalaň agzyny açar;
aýnamyza çeker nagyş,
Dag tarapdan taýyp geler
ýaşyl şemal, näzik şemal.
Niçik oýa batarsyň sen
meniň ýoklugymda şo hal.
Geldi şonda göz öňüme
bir perişan halyň seniň,
Edil şunky howa ýaly,
syýa ýaly şalyň seniň.
Hesretiň gara deňzinde
gark bolup ýörüşiň seniň
Mensiz galan bu dünýäni
dowzah deý görüşiň seniň.
Diýdim şonda öz-özüme:
«Eý, ýok zatlaň pikrin eden,
Heý, ýary şu halda taşlap,
gidip bormy bu dünýeden?»

Gurbannazar Ezizow
20
108
ilhano_va
22.01.2024 17:10
Gel, eý dünýe, bu söwdany oňlasaň,
Seniň bilen alyş-çalyş edeýin.
Sen-ä garyp ýaşlygymy gaýdyp ber,
Men baýlygmy saňa bagyş edeýin

Ýetmiş ýylda der saçyplar gazanan
Sylag-serpaýlarym seniňki bolsun.
Üstesine hiç zat talap etmäýin,
Diňe on sekiz ýaş meniňki bolsun

Elimden al derejämi, çinimi,
Ä-ä diýmen: iň bir zabun işi ber.
Ýöne ýetde-gütdelikde geçirlen
Düýşe dönen şo-ol on sekiz ýaşy ber

Seňki bolsun, içi ýumşak maşynym,
Seňki bolsun, gatbar-gatbar otagym.
Maňa besdir, şo-ol on sekiz ýaş bilen
Garyp çatmam —şol köneje ketegim.

Müň bir aladadan hum bolan kelläm
Deşik pökgi ýaly bolup ýeňlesin.
Kakabaş günleri küýsän ýüregim
Porhan bolup, gursagyma sygmasyn.

Öňümdäki mele-myssyk nany al,
Deregine ýylçyr gara daşy ber,
Daş çeýnäpler, gum ýalaplar oňaýyn,
Emma maňa şol on sekiz ýaşy ber.

Öwezin almaga ýitirlen ömrüň
Hakym barmy, ýokmy, hany aýdyp ber.
Men bu dok durmuşy saňa bereýin
Sen garny aç ýaşlygymy gaýdyp ber!

Berdinazar Hudaýnazarow
19
130
ilhano_va
22.01.2024 13:29
SEN ýazdyň, men ýaşadym,
Ýaratdyň, men ýaşadym.
Ýokdan bar eden wagtyň,
Onki süýegme söýenip,
Huzuryňa sygynyp,
SENDEN gaýtdym.

Zeminde kim düşüner,
Kim söýer, apalar diýsem,
Dilime düşer ýaly,
Göwnümi açar ýaly,
Perişde bar diýdiň-de,
Kalby – doga,
Eli – şypa,
Ynsanyň gujagyna berdiň.

Ýörjen-ýörjen boldum-da,
Soňlugy ylgaberdim.
Ulalamsoň, şol perişdäň,
Ýüregni aldaberdim.
Ol aglasa – aglaman,
Ol gülende – gülmedim,
Öýkelese, ynjasa,
Bagyşla-da diýmedim.

Şeýdip ýuwaş-ýuwaşdan,
Günä etdim, ýalňyşdym.
Ýazykly bende bolamsoň,
Ýazda dünýä iberseňem,
Indi kalby kir tutan,
Gözi körän, dili peltek,
Aýazy, doňlugy ýeten,
Gara gyşdym.

A SEN bolsa sygynmaga,
Zaman berdiň bäş wagtyna.
Çakylygyňa barmadym.
Kitap bar diýdiň.
Ýüregňe her sözüni,
Her labzyny gudrat saý diýseňem,
Men nätdim?!

SEN şonda-da söýýäň meni,
Her günümi peşgeş edýäň.
Kalba şükür, dile doga berýärsiň.
Her ýazygmy, etmişimi,
Has ýokardan görýärsiň.
Bilýärsiň bir gün ýene-de,
Sygynjagmy huzuryňa,
Dolanjagmy yzyma.
Ýöne başky gelşim ýaly,
Perişdepisint ap-ary,
Niýeti päk, gözi röwşen,
Men barman yzyma?!

Gurbanmyrat Saryýew
17
30
ilhano_va
22.01.2024 00:14
Bolmajak zatlary etmäli arzuw.
Gel,boljak zatlary gürrüñ edeli.
Goý,bitmän galmasyn ýekeje parzyñ,
Baryn bitirmäge düzgün edeli.

El sermäli,barka namys-arymyz.
Sen bilýäñ-ä,bir-biregiñ zary biz.
Gülläp durka ''Söýgi'' atly bagymyz.
Her gülün al-ýashyl,gülgün edeli.

Birden-ä alysda,birdenem ýakyn.
Sensiz maña agyr,sensiz maña kyn.
Dowamynda ''Durmush''atly ertekiñ.
Aýralygy guma sürgùn edeli.

Ana, onsoñ çyn gözellik bashlanar,
Bagtyýar bor,biz we bizden bashgalar,
Häzir bolsa,diñle meniñ goshgulam,
Gürrüñi soñ,bashga bir gün edeli
20
46