ilhano_va
22.01.2024 17:10
Gel, eý dünýe, bu söwdany oňlasaň,
Seniň bilen alyş-çalyş edeýin.
Sen-ä garyp ýaşlygymy gaýdyp ber,
Men baýlygmy saňa bagyş edeýin

Ýetmiş ýylda der saçyplar gazanan
Sylag-serpaýlarym seniňki bolsun.
Üstesine hiç zat talap etmäýin,
Diňe on sekiz ýaş meniňki bolsun

Elimden al derejämi, çinimi,
Ä-ä diýmen: iň bir zabun işi ber.
Ýöne ýetde-gütdelikde geçirlen
Düýşe dönen şo-ol on sekiz ýaşy ber

Seňki bolsun, içi ýumşak maşynym,
Seňki bolsun, gatbar-gatbar otagym.
Maňa besdir, şo-ol on sekiz ýaş bilen
Garyp çatmam —şol köneje ketegim.

Müň bir aladadan hum bolan kelläm
Deşik pökgi ýaly bolup ýeňlesin.
Kakabaş günleri küýsän ýüregim
Porhan bolup, gursagyma sygmasyn.

Öňümdäki mele-myssyk nany al,
Deregine ýylçyr gara daşy ber,
Daş çeýnäpler, gum ýalaplar oňaýyn,
Emma maňa şol on sekiz ýaşy ber.

Öwezin almaga ýitirlen ömrüň
Hakym barmy, ýokmy, hany aýdyp ber.
Men bu dok durmuşy saňa bereýin
Sen garny aç ýaşlygymy gaýdyp ber!

Berdinazar Hudaýnazarow
19
130
sazsoft
23 Yanwar 2024
"Daş çeýnäpler, gum ýalaplar oňaýyn,
Emma maňa şol on sekiz ýaşy ber" 🥺
ilhano_va
22 Yanwar 2024
Bu men postym we men cyzykdan cykgyç suratlar goyamok we hiçkimiňem maňa näme üçin goyduň diymane hakam ýok. . . Halamadym dislike basyp biler. . .
sazsoft
22 Yanwar 2024
@garlawac_, Salam! 🙋‍♂️ Näme bu gün düzgün-tertip, kada-kanun ýaly zatlar okap geldiňmi? 😁
ilhano_va
22 Yanwar 2024
@garlawac_, awtoryny yazdym. . . Ýazyanam inni suratlarymam bahana tapjak bolyanyzmy menä sözüm yok näme düşünesiň gelse düşünay
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.