Seleňleýär ýelken
Ýolagçysyz äkidip barýar gämini.
Çaýkan, tolkunym!
Agdar ruhumy, düňder beýnimi!
Maksadym del, arzuwym ýel,
Gel gideli, gel,
Sen maňa öwrül, men saňa.
Deşilsin, içini suw alsyn gämiň,
Gaýyk ýasap oýnajak soň,
Hemmäň halyndan habarly
Gussalarda ýaýnajak soň.
Dünýäň günäsini gizlän gijeler,
Gündiz usul bilen sözlän gijeler,
Ýaradanyň gapysyny kakmadym,
Içimde boý alan özge menimi
Ýolagçy saýmadym,
Ýükem görmedim.
Indi lezzet bilen süzýän gözümi,
Jaňyma jogap berýän ýaly...
Ynanjyma gujak gerýän ýaly...
Hem men görýän ýaly
Ele galam bereniň hut Özüni.
Seýran Otuzow