ilhano_va
06.02.2024 22:17
Dyrnaýar ýüregmi gaýgy, Indi ters salgyma akýar derýalar. Bir saparky aýdylmadyk sözlerim, Kalbymyň içinde göreş gurýalar.
Göreş meýdanynda ýekeje özüm,
Kim hak?
Kim nähak?
Bilip bilemok.
Soňky wagt tozan basan arzuwlam,
Hatda düýşümde-de hasyl bolanok.
Bilýän.
Şadyýanlyk ýakyn bolsa-da,
Neçün hasrat bilen dertdeş boldum men?
Arman bolup galan terje duýgulaň,
Günäsizje o:tlaryna ýandym men.
Goýjak.
Unutjak men ähli zatlary,
Täzeden gurjak men arzuwly dünýäm.
Ynamsyz galmaryn soňky demde-de,
Geljegimem indi ýagty görünýär...
23
73
ilhano_va
06.02.2024 18:14
Sen örtenme aýralykdan, ezizim
Bilýäň ahyr gylygyny kärimiň.
«Şol gidişi, köwlenmeýär öýüne,»
Diýip, alyp durma öýüň tärimin.

Men ýetmän ölmerin seniň ýanyňa,
Bararyn ajalyň syrtmagyn kertip.
Senden näçe menzil daşlaşan bolsam
Şonça-da seň bilen ýaşaryn artyk

Gurbannazar Ezizow
20
37
ilhano_va
06.02.2024 14:16
Ýalñyşan ekenim,uly şäheriñ
Içýanlary bilen darkaṣ gurara
güýjüm ýok diýp dolanamda ýaýlama.
Içýanlar bar ýere syzan ekeni
Zäherli käsesin süzen ekeni.
Mekirlik ýetmändir muny añmaga.

Bu ýerler sadadyr öýden men akmak
Ir döwürleñ pursatynda galmyşam.
Jan diýip damaryñ kesýänlerdenem,
Ýüpsüz dar agaçdan asýanlardanam,
Jara itip,yza tesýänlerdenem
Ýüz gizläp ýeñsäñe basýanlardanam,
Çemlirägi tapsa,merdiwan edip
Basalaỳ-basalaý ösýänlerdenem
Ahmal galypdyryn,özüme osup.

Wah,olaryñ derhal jezasyn kesip,
Uwladyp guýrugy kesilen it deý
Içiñi sowatsañ boljagam weli,
Bir pynhan duýgymy, ýa-da bir ynanç
Ýol berenok,diýdirenok diýjegim
"Ýamanyñ aýnasy bolma" diýýän deý.
Içýany göterip kibitlerine
O kenara geçjek bolup çakylan
gurbaga hakdaky tymsaly okap
Näler gynanypdym ejir çekene...
Arman ýalñyşan ekenim
Içýanlar bar ýere ýaýran ekeni

Meňli Aşyrowa
22
49
ilhano_va
06.02.2024 09:29
Men senden meýletin boýun towladym,
Bu bir içki garaşsyzlyk darkaşy.
Şondan bärem aýdym aýdýan zowladyp,
Eýmendirip Wasy,
Ýaňlandyryp Arkajy.

Onuň her çümmügin der bilen ýugrup,
Ruhumyň heýkelin döretjekdim men.
Gursagym guranda ýüregmi sogrup,
Nebir arzuwlarma böwet çekdim men.

Elde dogry taýak,
Ýanym çolukly
Çopanlardan geçip, çöle giderdim.
Ýeri, beýle bela nirden ýolukdy
Ýazmaklyk azary, ýanmaklyk derdi?

Bärde köçeler giň, öýlerem kaşaň,
Adamlar tüpeň dek gurşanypdyrlar.
Bazara gidende süýji sargasam,
Deregne, ýalňyşyp, burç alypdyrlar.

Şondan ötri dilim ýanyp topulýan
Teý, alaç tapmamsoň derdi gozgara.
Ümsümligiň kölgesinde bukulýan
Kör-köpük getirip bilmän rozgäre.

Bärik gelen bolsaň, ýöne ýer-ä däl,
Hökman bähbit gözläp gelensiň – diýip.
Bähbit bilen ýatyp-örýän kişiler
Gownüme degdiler – geleňsiz – diýip.

Olar başga dilde gepleýärdiler,
Men bolsa ol dilden ýaňa gömükdim.
Hoşanyň gymmatyn çöpleýän biler,
Gara basan öli kimin demikdim.

Depä çykdym.
Degre-daşym çolardy,
Her söz üçin golda barym berdim men.
Eýsem, aýdyň, heý, gutulyp bolarmy
Ýanman ýazmak, ýazman ýanmak derdinden?!

Sungat Gurbangeldi
16
36
ilhano_va
06.02.2024 00:14
Gyzym diýip çagyrsa, how diýip galsaň
Kalbuna ýol tapyp, ýüregni alsaň
Ejemjan diýip ýüzlenseň, ýüzlenip bilseň
Iň bagytly gyzsyň, bolarsyň bilsen
Söýgülim ejeme gyz bolup bilseň ;)

Ejemjanyň göwni, gyz mährine zar
Üç ogul, bir gyz alyp, çekendir azar
Şu sözüm unutma, unutma asla
Iň bagytly gyzsyň, bolarsyň bilsen
Söýgülim ejeme gyz bolup bilseň ;)

Wadama wepa, sözümem taýýar
Söýgülimä bolaňok, mekirje eý ýar
Müň gezek aýtmasam özüňden bilsen,
Iň bagytly gyzsyň, bolarsyň bilsen
Söýgülim ejeme gyz bolup bilseň ;)

Yba-haýaňy, özüňde saklap
Ynamym bar meniň, ynanym aklap
Bolaýsam alysda, ýatlap durgul sen
Iň bagytly gyzsyň, bolarsyň bilsen
Söýgülim ejeme gyz bolup bilseň ;)

Pälwan Akmyradow
18
48
ilhano_va
05.02.2024 23:20
Ýygyr,şatlan bagtly bol. . .
Çünki seniň ýağdaýyň gowy däldigi hiç kimi gyzyklandyrnaýar. . .
17
80
ilhano_va
05.02.2024 18:53
Bagytlynyň gününe göriplik etme
Hemmäň bagty çüwsün diýip tama et
Ýüzüňi ýagta tut, päliňi ýagşa
Ak arzuwlar bersin saňa, hemaýat

Gara bulut gonsa, goňşyň üstüne
Şol buluduň syrylmagyny tama et
Birden goňşyň güni düşse başyňa
Ak niýetiň bersin saňa, hemaýat

Biri saňa töhmet atsa
Özüniň şol töhmede duşmagny tama et
Şondan başga zat isleme, bolany
Senä sag bol, olam bolsun salamat!
16
35
ilhano_va
05.02.2024 14:19
Dert jem gelse, gabatma gabat,
Durmuş urgy bese, etmän keramat,
Tende güýç galamasa, galmasa takat,
Bir gepi gaýtalaň, gaýtalaň dostum,
Ählisi gowuluk, gowulykdandyr!

Arkaňdan dostuň, hanjaryn ursa,
Bişen hasylyňyz, depgiläp geçse,
Ynanýan adamlaň, dürtgiläp gaçsa,
Bir gepi gaýtalaň, gaýtalaň dostum,
Ählisi gowuluk, gowulykdandyr!

Üstünlik käte gülüp, käte gülmese,
Ýagşylyk etseňiz, biri bilmese,
Källäňizi saýhallap, saçy ýolmazdan,
Bir gepi gaýtalaň, gaýtalaň dostum,
Ählisi gowuluk, gowulykdandyr!
19
43
ilhano_va
05.02.2024 10:19
Öňküsine görä üýtgeşik dünýä,
Nämüçindir dünýäň öňküligi ýok.
Ol özünden uly bolmak isleýär,
Öz ýaşyndan uly bolup bilenok.

Görýän düýşleri hem öňküleri däl, —
«Söýüşen» gyzlary bardy bir çene.
Ol ýuwaş-ýuwaşdan düşünip barýar
Gelinleň, gyzlaryň gözelligine.

Bir täsin täzelik gurşaýar ony,
Ol häzirden görjek bolýar geljegin.
Howlaýar. Ululaň yzyna düşýär,
Geýýär uly doganynyň penjegin.

Uruşly kinolar ýat boldy oňa,
Düşenok ýadyna oýun, kepderi.
A «Söýgi oduna» goýberenoklar
On alty ýaşyna ýetmedikleri.

Ýigitligiň gapysyny kakýar ol,
Açanoklar, wah, nätmeli? Itmeli?
Itse-de, bu gapa goýberenoklar
On sekiz ýaşyna ýetmedikleri.

Öýe gelýär. Urunýar ol ikiýan.
Kakasy geň galýar: «How, keýpiň ýok-la?»
«Meň ullakan adam bolasym gelýär,
Näme üçin meni goýberenoklar?..»

Gurbannazar Ezizow
19
35
ilhano_va
05.02.2024 00:49
Ýürek gam-gussadan bir dil açmady,
Sessiz gaýtalaýan yşkyň senasyn.
Ne ýakan oduňa bile bişişdiň,
Ne-de meň başyma bolduň pena sen.

Ömre yşkyň ezýetini gatdyryp,
Ýetdim şu günlere degilmän deme.
Sataşanym, soň bolsa tutaşanym,
Kalbymda ýaşaýaň diňe sen, diňe.

Ýaňy bolup geçen ýaly zatlary,
Ýatlasaň däl, ýatlamasaň ýetikdir.
Seni söýüp kör bolmandyr gözlerim,
Paýhas elegimiň gözi bitipdir.
15
29