ilhano_va
18.02.2024 17:48
Asyl-asyl boldy-da bir agyr ýük,
Kalby ýere garşy sozdy, ine-de.
Arzuw syýam bilen ýazan geljegmiň
Hatlaryny ykbal pozdy ýene-de.
Ýagmalanyp şirin-şeker gijeler,
Düýşler talanyldy, umyt şel açdy.
Yşk bolup ýaşalan köňül köşgüniň
Gapysyny bir del ýapdy, ýel açdy.
Wagt ýöremez bolup galdy şondan soň,
Sekuntlary barmak basyp sanadym.
Setirlere ruhum bilen siňdim-de,
Dyrmalanan ýara bolup ganadym.
Başym sämäp hijriň derdinden ötri,
Yşnagymda nam-nyşan ýok diriden.
Sözläň, eý betbagt duýgulam,
Öňki
özümi men gözlemeli nireden?
Sapa Hommadow
27
240
ilhano_va
17.02.2024 11:54
Eger onuň göwnün ýykjak bolsaňyz,
Ýalandan ýykmaň.
Çyndan ýykyň,
Gaýdyp dikelmez ýaly.
Arzuwyn, umydyn ýakjak bolsaňyz,
Köredip goýmaň,
Kül ediň,
Uçgunam döremez ýaly.
Şatlanan gününde üýşüp daşyna,
Gussa bürenende,
Gaçyň-da,
Geçiň siz,
Kalbyňyz goraň.
Ol ýeke-de çeker, asla basylmaz,
Derdi elemden.
Onuň betbagtlygy size bagt berip,
Gussa çoýsa ruhunyň barlygy.
Ruhy guluňyz,
Ýok edip ony.
Ýedi gat Zeminiň astyna gömüň,
Dirilmez ýaly.
Ýöne welin indi galp sözler bilen,
Iki dünýäň dälisine öwürmäň.
Başarmasaňyz-da
Pursat dörediň,
Ýaşary ýaly.
Maksatmyrat Çaryyew
20
56
ilhano_va
15.02.2024 01:03
Ýürek Allaň ruhsaryny görendir,
Diýmäň oňa: «Köşeş ýa-da gorsanma!».
Ol arş ruhy siňip, keremden dörän,
Onsoň nädip, ýerleşsin dar gursagňa?!
Ol – mukaddes,
Onda Hakyň demi bar,
Urgusynda pygamberiň dogasy.
Ol şatlyk ýagmyryn arzuwlap ýören
Bahrul-ahzan derýaň ýalňyz guwwasy.
Söýüp, duýup, uýup bilýär, ýene-de...
Ýürekdeşin tapsa, şol dem gülleýär.
Ol jennediň ysy kimin kükeýän,
Gülmi ýa?!
20
29
ilhano_va
13.02.2024 19:58
Duýup dünýäň hakykatyn ýalanyn,
Öwüt ündewinden ylham alanym,
Seni ýat eýleýip aldym galamym,
Ussadym Pyragy medet ber maňa!
Diýşiň-deý, köp diňläp käteler susdum,
Etjek işim ýedi ölçäp bir kesdim,
Bu gün täze ýola gadamym basdym,
Ussadym Pyragy medet ber maňa!
Şygyrýetiň, binýady sen saýasy,
Poeziýa, bag bolsa biz bir miwesi,
Onuň senden gaýdýar asyl şiresi,
Ussadym Pyragy medet ber maña
Aýdyp gitdiň bize öwüt pentleri,
Şygaryñ, bezeýär oba kentleri,
Berkidýän ýoluñda şygyr bentleri,
Ussadym Pyragy medet ber maňa!
Şahyrlyk, nesibä çekdirse çakym,
Il-günüñ söýgüsi ömrüme ýakym
Razy men, kemeltsem ýürekleň ýükün,
Ussadym Pyragy medet ber maňa!
Süleýman Tekayew
16
35