ilhano_va
19.02.2024 00:23
Horazlar gygyrýar
Menem seslenýän:
-Turdum-la turdum!
Wiý,sagadymdyr-ow
Ine,öçürdim.
Her günüñ gapysy
Şeýdip açylýar
Kä göwnüñ
Açylýar.
Käte-de aýbyñ
Derdemsek aýbyñ.
Düşnüksiz zatlaryñ
Derdin çekenim
Ýetmeýän deý
itburunyñ tikenem
Çümýär-ä şo wagt.
Gyssanmasam bolonok
Endap ýygmaly häli
Pelsepä wagt ýok
Iş-güýç garaşýar.
Terjime etmeli guşlañ dilinem
Towuklañ lälesin belläp almaly.
Baglañ pyşyrdysyn
ýetişsem diñläp
Adamça öwürip görmeli onsoñ.
Şeýle uýam,şeýle wagt ýok asla
Kitap okamaga,bir zat ýazmaga.
Janly kitaplary okajak bolýan.
Bor onda. Boşaşsañ eger
Nar ýygmaga gelewer.
Häzirlikçe hoş

Meñli Aşyrowa
20
47
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.