ilhano_va
18.02.2024 17:48
Asyl-asyl boldy-da bir agyr ýük,
Kalby ýere garşy sozdy, ine-de.
Arzuw syýam bilen ýazan geljegmiň
Hatlaryny ykbal pozdy ýene-de.

Ýagmalanyp şirin-şeker gijeler,
Düýşler talanyldy, umyt şel açdy.
Yşk bolup ýaşalan köňül köşgüniň
Gapysyny bir del ýapdy, ýel açdy.

Wagt ýöremez bolup galdy şondan soň,
Sekuntlary barmak basyp sanadym.
Setirlere ruhum bilen siňdim-de,
Dyrmalanan ýara bolup ganadym.

Başym sämäp hijriň derdinden ötri,
Yşnagymda nam-nyşan ýok diriden.
Sözläň, eý betbagt duýgulam,
Öňki
özümi men gözlemeli nireden?

Sapa Hommadow
27
240
ilhano_va
19 Fewral 2024
@ArslanYazly, ☺️
ArslanYazly
19 Fewral 2024
@ilhano_va, sagbol! Sagamanja ýatyp tur
ilhano_va
19 Fewral 2024
@ArslanYazly, Nesip bolsa men yatayyn onna gijaniz rahat bolsun.
ArslanYazly
19 Fewral 2024
@ilhano_va, bolýa habarlaşyp geliber
ilhano_va
19 Fewral 2024
@ArslanYazly, howwa ony özümem bilyan. Nesip bolsa barjak egerde sizem kabul etseňiz.
ArslanYazly
19 Fewral 2024
@ilhano_va, meñ pikir etýän zadym bolsa wagt ýitirme diýern
ilhano_va
19 Fewral 2024
@ArslanYazly, edil sowagt etdi yöne çörek ýaly gatyrak zat iysem agyrya aytyana nerwime değip başladı inni
ArslanYazly
19 Fewral 2024
@ilhano_va, peýda etdimi?
ilhano_va
19 Fewral 2024
@ArslanYazly, sugun çayym soda duz yod suwa çaykadym. Howwa howwa barmaly hokman
ArslanYazly
19 Fewral 2024
@ilhano_va, kän eglemän gelseñ beterleşmänkä görüp bereýin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.