ilhano_va
03.03.2024 02:47
Nazaryñ kalbymdan parran geçende
Şygyrdyr öýtdüm.
Hyýalyñ hyñ berse aklyñ içinde
Şygyrdyr öýtdüm.

Dar gursagy ýaryp gitse közleriñ,
Şygyrdyr öýtdüm.
Sarç serime baş öwreden sözleriñ,
Şygyrdyr öýtdüm.

Otly didäñ sowrup birehim uçgun,
Köñlümi çakmaksyz ýakyberýärdi.
Megerem, şygyrsyñ.
Üzñe närse däl
Ýylgyrşyñ şygyr deý ýakym berýärdi.

Dünýäm, dünýä deýin dymýarsyñ neçüýn?
Dillensene, göwnüñde bar nä hyýal?
Sen şygyr kibisiñ, şol deý jadyly
Husnuñ setir, bakyşlaryñ kapyýa.

Çawuş çakan pyşyrdyña imrinip,
Gökden uýaljyrap Aý indi, hana
Bu niçiksi giriftarlyk, eý, Hudaý,
Öñ söze bendidim, a indi saña.

Gelebilmez dahana özge kelam,
Tüçjar zyban misgin düşdi neýläýin.
Togap edip aman diýr şygyr saña,
Aklym telbe, ruhum serhoş eýlänim.

Sen ynsan roýuna girmiş şygyr sen!
Waspyñ sada söze şan girizendir.
Owalynda seni sünnälän Ýazar
Kitap gatlarynda galarña dözmän,
Jan girizendir.
25
43
ilhano_va
02.03.2024 17:04
Gurbannazar Ezizowa bagyşlanýar.

Peşmegi göçüren, başlary sypan
Şemal derdimizi aňmaýan eken.
Maňa: «Göwnüň çökgün» diýme, halypam,
Şem ýanan mahaly aglaýan eken.

Başda bir alada ýok wagtam daşdan
Duşman ýa dostsumak getirjek eken.
Şonuň üçin dostum, bu gara başda
Kä bilbil, kä garga oturjak eken.

Şü-de azar, dagy derdim bolmasa,—
Bu başym gargadyr bilbile hekem.
Ol şahyr däl eken, şöhle salmasa,
Şöhle salmak üçin ýanmaly eken.

Ýagşysyny ýaýyp, bu uly halkyň
Daraltmaly ýamanynyň örüsin.
Biz ýanmazlyk üçin ýanmaly ilki
Dünýä ammarlarnyň ton-ton därisi.

Toýda-da, ýasda-da saklaýan edep.
Ildenem şonçarak jogap gözleýän.
Her bolan günäniň günäkäri dek,
Şer işi ýapara sogap gözleýän.

Elbetde, gussany piňine almaz,
Dünýe düzetmäge synanmaýanlar.
Hiç haçan sag sürä guwanyp bilmez,
Onuň agsagyna gynanmaýanlar.

Kişä ýamanlygym ýok meniň mydam,
Wepaly men döwri başlan sözbaşa.
Hergiz daş atmadym, daş atdyrmadym.
Güýjüm ýetip durka, dury gözbaşa.

Gün hem ýanyp dogýar, ýanybam ýaşýar.
Güller solýar ýatladýar-da gurbany.
Dogrusy, kämahal ýadyma düşýär,
Ýüregimiň durmak üçin urýany.

Bir oňat gyz sypan, hem şemal sypan
Bu başym gargadyr bilbile hekem.
Maňa: «Göwnüň çökgün» diýme, halypam,
Şem ýanan mahaly aglaýan eken.

Ahmet Gurbannepesow
29
30
ilhano_va
01.03.2024 21:04
Dostum mahal-mahal ýanyma gelýär,
Gürleşýäs. Gülüşýäs. Işlerimiz düz.
Ol mensiz ýeke gün oňup bilmeýär.
Men bolsa onsuz.

Meniň ähli syrym dostuma aýan.
Olam syryn gizläp, aldanok meni.
Ol meni özümden oňat tanaýar.
Men bolsa ony.

Aýrylşýas, «Hat ýazyp duraryn hökman!»
Oňa wada berýän. Ol bolsa maňa.
Soň ol maňa ýazyp durmaz beýle kän.
Men bolsa oňa.

Emma günleň biri, bilip bilmeýän,
Bu uly durmuşda bolsa maňa kyn,
Ol meň üçin başyn goýar bigüman.
A men oň üçin.

Ol maňa elmydam düşüner dogry,
Kemçiligim bilen dogramaz meni,
Ýalňyşsam darar-da goýbär dogumly.
Men bolsa ony.

Ine güýz. Ol güýz deý paýhasly barýar.
Wepalydyr. Dök ýürekde baryňy. Hawa.
Meniň şeýleräjik dostum bar!
A sizde barmy?

Gurbannazar Ezizow
28
55
ilhano_va
01.03.2024 17:05
Men bu gün säher oýanyp,
çykdym lälezarlyga,
Depäm üste ümmülmez
gümmeze gözüm düşdi.
Bu äleme guwandym,
guwandym men barlyga,
Ýylda solup, baky
solmaz güllere gözüm düşdi.


Güýzüň agras köçesinde
ýaprak kowlaýar şemal,
Men onuň waspyn edipler
tapmak isledim wysal,
Ýüz sowal wysalyn tapdym,
galdy ýene müň sowal,
Sowal-jogapsyz ýören,
dil bilmeze gözüm düşdi.


El-aýaksyz, merdiwansyz
bulduň göge galyşy,
Gunçalaryň açylyşy,
ter gülleriň soluşy,
Tebigatyň şu ajaýyp,
baş sazy çalyşy, —
Bizi üwrän sallançaga,
düzlere gözüm düşdi.


El hünäri il gezermiş,
aň hünäri Dünýäni!
Sen Watansyz hasap etme
gonup-göçen durnany,
Onuň üçin serhet bolmaz,
ol dünýäň, bendiwany...
Bir-birine gollar beren
illere gözüm düşdi.


Eger seniň köňül içre
bolmasa hoş sözleriň,
Sen ony öten ärleriň
diwanyndan gözlegin,
Çünki bizden soňky döwre
dikip baky gözlerin
Biziň hoş sözlere mätäç
günlere gözüm düşdi.

Gurbannazar Ezizow
25
19
ilhano_va
01.03.2024 11:02
Meň atamda zehin ýokdy üýtgeşik,
Ýöne öz kärini ýürekden söýdi.
Gaş bilen diwalaň goşuny goşup,
Kümüşdir gyzylyň nikasyn gyýdy.

Ussahanasynda — sungat öýünde,
Meniň eziz atam edensoň yhlas,
Gerçekleň gözüne gözel göründi
Türkmeniň edaly gözelleri has.

Gupbalary şazadalaň täji deý
Gözelleriň mertebesin göterdi.
Şahyr diňe gözelligi wasp etse,
Atam gözelligiň üstün ýetirdi.

Atamyň sarpasyn saklady millet,
Olam il sarpasyn saklady geldi.
Bir elinde haýyr, birinde sungat,
Şeýdip ol Şatlygyň şahyry boldy.

Meň kakamda zehin ýokdy üýtgeşik,
Hünär däl, borjuny ýürekden söýdi.
Duşman geleninde ençe ýurt aşyp,
Ol öz takdyryny mizana goýdy.

Atamyň Şatlykdan başlanan ýoly,
Ony gazap bedewine atardy.
Oň ýeňişli başlan gazaply ýoly,
Baryp Mauthauzende gutardy.

Hemme bilýär bendilikde dert uly,
Ol şol ýerde bir ýylyny ötürdi.
Bendilikde oň görkezen mertligi,
Türkmen gerçegine şöhrat getirdi.

Kakam saglyk bilen gowuşdy bize,
Bar hesreti bilen öýüne geldi.
Bir elinde haýyr, birinde naýza,
Ol şeýdip, hesretiň şahyry boldy.

Men olardan daşa zyňylan daş däl —
Süňňümde ganlaryn göterip geldim.
Men bu gün Şatlygyň ýurdundan başlap
Gözellik ýurdunyň şahyry boldum.

Günäkäri men däl beýle wakanyň,
Özümi şu wakaň şaýady öýdýän.
Hesretin wasp edýän diri kakamyň,
Ýok atamyň Şatlygyny wasp edýän.

Gurbannazar Ezizowyň.
30
47
ilhano_va
01.03.2024 00:52
Bugün güýz paslynyň altyn şahyry Gurbannazar Ezizowyň doglan günü. Ýüreklerde adyny, akyllarda goşgy setirlerini goýan Gurbannazar ağa yatan ýeriň ýağty jaýyň Jennetden bolsun.

Siz elmydama ýüreklerde ýaşarsyňyz.🍁
34
71
ilhano_va
29.02.2024 17:53
Dar gursagy ýaryp gitse közleriñ,
Şygyrdyr öýtdüm.
Sarç serime baş öwreden sözleriñ,
Şygyrdyr öýtdüm.

Otly didäñ sowrup birehim uçgun,
Köñlümi çakmaksyz ýakyberýärdi.
Megerem, şygyrsyñ.
Üzñe närse däl
Ýylgyrşyñ şygyr deý ýakym berýärdi.

Dünýäm, dünýä deýin dymýarsyñ neçüýn?
Dillensene, göwnüñde bar nä hyýal?
Sen şygyr kibisiñ, şol deý jadyly
Husnuñ setir, bakyşlaryñ kapyýa.

Çawuş çakan pyşyrdyña imrinip,
Gökden uýaljyrap Aý indi, hana
Bu niçiksi giriftarlyk, eý, Hudaý,
Öñ söze bendidim, a indi saña.

Gelebilmez dahana özge kelam,
Tüçjar zyban misgin düşdi neýläýin.
Togap edip aman diýr şygyr saña,
Aklym telbe, ruhum serhoş eýlänim.

Sen ynsan roýuna girmiş şygyr sen!
Waspyñ sada söze şan girizendir.
Owalynda seni sünnälän Ýazar
Kitap gatlarynda galarña dözmän,
Jan girizendir.

Mahym Nurgeldiýewa
26
40
ilhano_va
29.02.2024 14:37
A men seň toýuňda çabga guýdyryn!
Dünýänem, özümem ezerin gussa.
Adamlar Burkuda gargabersinler,
Men — zalym, hiç kime gulak hem asma:n,
“Guý!” diýsem,
“Hoş” diýer dertdeşim Asman.

Pälimden gaýtmadym, diýenim boldy,
Toýam dowam edip bilmedi oňly:
Ezildi gelinleň täze öýmesi;
Öçdi toýdan iren bagşynyň sesi;
Myhmanlar ör turdy saçak başyndan;
Hiç kimse datmady toýuň aşyndan
(Dogrusy, söýgimiň düşek aşyndan);
Kim çüýşäni, kim jüýjäni goltuklap,
Siňdiler çyrasyz obaň goltugna;
“Nädýäň-aý sen” diýýän ýaly, hamana,
Dostlarym ýaňsyly bakdylar maňa;
Wah, şonda ezildi gelin köýnegiň…
Arman, dünýäň süňňi myžžyk bolsa-da,
Öçmedi ýürekde ýanyp-köýmegim.
Hiç kömek etmedi Nuhuň tupany.
Şol ýigit mähirden gurdy-da gämi,
Ararat dagyna ýüzdi-de gitdi,
Dünýämi tupana dözdi-de gitdi.

Şonda-da emgenme, guýuber, çabga,
Saçymdan, ýüzümden syrygyp dur suw.
Hiç kim aňmaz ýaly — gözýaşmy, damja,
Guý,
ýene-de guý!

Baýram Akatov
24
51
ilhano_va
28.02.2024 22:47
Gowy pul gazanmak üçin esasy diplom gerek däl. Gowy beyin gerek. . .
28
154
ilhano_va
28.02.2024 19:31
Umyt besläp, arzuw edýärdim öňler,
"Taňrym ony maňa duşursa" diýip.
Ýüregimden dileg edýärin indem,
"Taňrym ony maňa duşurma" diýip.
34
56