ilhano_va
03.03.2024 02:47
Nazaryñ kalbymdan parran geçende
Şygyrdyr öýtdüm.
Hyýalyñ hyñ berse aklyñ içinde
Şygyrdyr öýtdüm.

Dar gursagy ýaryp gitse közleriñ,
Şygyrdyr öýtdüm.
Sarç serime baş öwreden sözleriñ,
Şygyrdyr öýtdüm.

Otly didäñ sowrup birehim uçgun,
Köñlümi çakmaksyz ýakyberýärdi.
Megerem, şygyrsyñ.
Üzñe närse däl
Ýylgyrşyñ şygyr deý ýakym berýärdi.

Dünýäm, dünýä deýin dymýarsyñ neçüýn?
Dillensene, göwnüñde bar nä hyýal?
Sen şygyr kibisiñ, şol deý jadyly
Husnuñ setir, bakyşlaryñ kapyýa.

Çawuş çakan pyşyrdyña imrinip,
Gökden uýaljyrap Aý indi, hana
Bu niçiksi giriftarlyk, eý, Hudaý,
Öñ söze bendidim, a indi saña.

Gelebilmez dahana özge kelam,
Tüçjar zyban misgin düşdi neýläýin.
Togap edip aman diýr şygyr saña,
Aklym telbe, ruhum serhoş eýlänim.

Sen ynsan roýuna girmiş şygyr sen!
Waspyñ sada söze şan girizendir.
Owalynda seni sünnälän Ýazar
Kitap gatlarynda galarña dözmän,
Jan girizendir.
25
43
kyas
6 Mart 2024
Awtoryny goýmaly ekenindä
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.