ilhano_va
02.03.2024 17:04
Gurbannazar Ezizowa bagyşlanýar.

Peşmegi göçüren, başlary sypan
Şemal derdimizi aňmaýan eken.
Maňa: «Göwnüň çökgün» diýme, halypam,
Şem ýanan mahaly aglaýan eken.

Başda bir alada ýok wagtam daşdan
Duşman ýa dostsumak getirjek eken.
Şonuň üçin dostum, bu gara başda
Kä bilbil, kä garga oturjak eken.

Şü-de azar, dagy derdim bolmasa,—
Bu başym gargadyr bilbile hekem.
Ol şahyr däl eken, şöhle salmasa,
Şöhle salmak üçin ýanmaly eken.

Ýagşysyny ýaýyp, bu uly halkyň
Daraltmaly ýamanynyň örüsin.
Biz ýanmazlyk üçin ýanmaly ilki
Dünýä ammarlarnyň ton-ton därisi.

Toýda-da, ýasda-da saklaýan edep.
Ildenem şonçarak jogap gözleýän.
Her bolan günäniň günäkäri dek,
Şer işi ýapara sogap gözleýän.

Elbetde, gussany piňine almaz,
Dünýe düzetmäge synanmaýanlar.
Hiç haçan sag sürä guwanyp bilmez,
Onuň agsagyna gynanmaýanlar.

Kişä ýamanlygym ýok meniň mydam,
Wepaly men döwri başlan sözbaşa.
Hergiz daş atmadym, daş atdyrmadym.
Güýjüm ýetip durka, dury gözbaşa.

Gün hem ýanyp dogýar, ýanybam ýaşýar.
Güller solýar ýatladýar-da gurbany.
Dogrusy, kämahal ýadyma düşýär,
Ýüregimiň durmak üçin urýany.

Bir oňat gyz sypan, hem şemal sypan
Bu başym gargadyr bilbile hekem.
Maňa: «Göwnüň çökgün» diýme, halypam,
Şem ýanan mahaly aglaýan eken.

Ahmet Gurbannepesow
29
30
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.