ilhano_va
09.03.2024 12:56
Sen gitseň söýgimi alyp gidersiň,
Gussam gözlerimde besse-besse bor.
Seniň maňa goýup giden durmuşyň
Hesreti ölümden iki esse bor.

Aralyk deý uzak bolar aýralyk,
Ýat bolup gidersiň ykbalyň bilen.
Menem senden arly bolup galmaryn,
Gülden näzik göwnüň ýykmanym bilen.

Ýöne köňül öwlüýäniň ýoly dek,
Gussaly bor, umytly bor onsoňam,
Synam içre surat bolar syratyň,
Haýsy gülüň pudagynda gonsaňam.

Çary Ýegenmyradov
28
46
ilhano_va
08.03.2024 18:12
Zenan diýmek ýaşaýyşdyr,dünýedir,
Olar mydam ajap zada deňeler.
Sizden owadan zat ýaradylmandyr,
Baýramyňyz gutly bolsun eneler.
28
63
ilhano_va
08.03.2024 13:55
Erkek doganyň barlygna,
Janyn berjek aýal dogan.
Ömür ýakynyn penalap,
Ganat gerjek aýal dogan.

Yhlasly çykan ýerine,
Guwanjyna aýal dogan.
İntizar ata öýüne,
Daýanjyna aýal dogan.

Sen edebiň syrdaşymy,
Naýbaşymy haýaň dogan,
Uly-kiçiniň melegi,
Hem gereği aýal dogan.

Goldap gezmek naçaryny,
Erkege mahsus aç-açan.
Gaýta erkek doganyna,
Görseň kökenek her haçan.

Saňa mähir muhabbetden,
Karzymyz kän entak dogan.
Äri är edýän zenan sen,
Erkeği hem erkek doğan.

Mähir bilen aýal dogan.
Mähribanym aýal dogan!!

Gülşirin Hanowa 🌷
27
77
ilhano_va
07.03.2024 02:27
Üns bermeýän ähli zadyň hökman bir gün öler. . .
24
83
ilhano_va
05.03.2024 20:45
Ruhum çuň pikirdi bedenmi basan.
Ybaratmy pikirlerim ölümden?
Gökden injek gudrat bolsaň gel basym,
Başlamankam ile gelip gönimden.

Tolkunyň men damjasyny ýel alan,
Gahryna opuran daşly kenaryn.
Ýüregime talaň saldy alaman,
Ýara yzyn seň yşkyňa çenärin.

Takdyrymdan gyrkyp berdim bagtyma,
Düşnüksiz ýaşadym düşündigimçe.
Sen bir maňa "Gowy bor" diýp magtama,
Sen bir pese düşme düşürdigiňçe.

Dogrular süňňümden geçmese kaýyl,
Ýalanlaň ýolumdyr, dakdym halkasyn.
Şundan ötri şatlyk bolmaz, herdaýym
Gökden injek gudrat bolsaň gel basym.

Rahat Şyhyyev
25
30
ilhano_va
05.03.2024 11:00
Gyzyň owadanlygy oglanyň söýgüsine bagly, Oglanyň söygüsi gyzyň ynamyna bagly. . .
21
77
ilhano_va
05.03.2024 02:12
Içim bom-boş zat galmady aýdara,
Aýyrdym çaň basan goş-golamymy.
Örtenere ýeke sebäp goýmadym,
Daşy gülli bukja salyp ýolladym,
Goşgularymy.

Gowy duýgularmam ýolladym saňa,
Olardan ýaraňa melhem ýasap bor.
Indi meniň dolanjagym gümana,
Küýsän wagtyň kölegämem gerek bor.

Bir-biregiň gadryn bilmedikler biz,
Söýgi bizi neneň eltsin deňine?!
Soň-soňlar-a ähli zady unudyp,
Hiňlener ýöreris ganaty döwlen,
Guşlaň heňine.

...Içim bom-boş zat goýmadym aýdara
Söndürdim kalbymyň uçgunlaryny...
Indem bu ýerlerden gitjek bolýaryn,
Aýryp bilsem janserek ruhymyň
Gurçuklaryny.
22
74
ilhano_va
04.03.2024 18:10
Ýürekli bir kadınin başı,ýüreksiz bir erkeğiň omzuna ağır gelir. . .

Nazım Hikmet
21
48
ilhano_va
04.03.2024 13:35
Saçlaryňy göýbersene erkine,
Goý galgadyp geçsin garagol şemal.
Aýam seniň görküň görüp kemsiner,
Şolam seň nuruňdan tapandyr kemal.

Ykbalymda açylmadyk sahypam,
Bir ýylgyrda bar gussamy ýuw perim.
Suw üstünden gözläp tapaýyn nirden?!
Suw astynda syrly ýatan suw perim.

Umydyma umyt goşsun Umydym,
Bu maşgala, bolsun bize baş gala.
Sözläp-sözläp asla soňlap bilmerin,
Ýürekdäki sözlerimi goşgyda.

Dözmezim sen, özgelere dözmerin,
Duýgyly dünýäme geldiň görk berip.
Açyk deňiz kimin dury gözleriň,
Şol gözlerde galaryn men gark bolup.

Gerçeknazar.A.
27
80
ilhano_va
04.03.2024 01:30
Tek bir kadına ait olmayı göze alabildiğin zaman erkek oluýorsun gerisi boş söz.
24
29