ilhano_va
08.03.2024 13:55
Erkek doganyň barlygna,
Janyn berjek aýal dogan.
Ömür ýakynyn penalap,
Ganat gerjek aýal dogan.

Yhlasly çykan ýerine,
Guwanjyna aýal dogan.
İntizar ata öýüne,
Daýanjyna aýal dogan.

Sen edebiň syrdaşymy,
Naýbaşymy haýaň dogan,
Uly-kiçiniň melegi,
Hem gereği aýal dogan.

Goldap gezmek naçaryny,
Erkege mahsus aç-açan.
Gaýta erkek doganyna,
Görseň kökenek her haçan.

Saňa mähir muhabbetden,
Karzymyz kän entak dogan.
Äri är edýän zenan sen,
Erkeği hem erkek doğan.

Mähir bilen aýal dogan.
Mähribanym aýal dogan!!

Gülşirin Hanowa 🌷
27
77
ilhano_va
8 Mart 2024
@ezizhan_hallyyew, Sağbol köp köp ☺️
ilhano_va
8 Mart 2024
@enes_, Salam Ämin🤲🏼sağboluň. Sižinem baýramynyz gutly süyji bolsun🌷
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.