ilhano_va
05.03.2024 02:12
Içim bom-boş zat galmady aýdara,
Aýyrdym çaň basan goş-golamymy.
Örtenere ýeke sebäp goýmadym,
Daşy gülli bukja salyp ýolladym,
Goşgularymy.

Gowy duýgularmam ýolladym saňa,
Olardan ýaraňa melhem ýasap bor.
Indi meniň dolanjagym gümana,
Küýsän wagtyň kölegämem gerek bor.

Bir-biregiň gadryn bilmedikler biz,
Söýgi bizi neneň eltsin deňine?!
Soň-soňlar-a ähli zady unudyp,
Hiňlener ýöreris ganaty döwlen,
Guşlaň heňine.

...Içim bom-boş zat goýmadym aýdara
Söndürdim kalbymyň uçgunlaryny...
Indem bu ýerlerden gitjek bolýaryn,
Aýryp bilsem janserek ruhymyň
Gurçuklaryny.
22
74
kyas
6 Mart 2024
Awtoryny tanaýan. Emma häzir ony aýtmasan gowy. Saýta bäsleşige hödürlenendi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.