ideallider
03.10.2024 21:21
Gülüşime güleýin 32

311. — Eje tv göräýeýin?
+ Bolýa. Ýöne toga sokma!

312. — Janum, saňa ýekeje sorag. Ine siz gyzlar, howwa gyzlar, senem gyz, onsaň gaharlanaňyzda size degmeseň gowymy, ýa köşeşdirjek bolup daşyňyzdan aýlansam gowymy?
+ Howwa.

313. Baýlar wiskini bokala guýup, içine buz kubik atan bolup içýäler. Menem kolaň içine gara şokolad atyp içýän.

314. Mekdepde mugallym:
— Annaýew, iňlis dilinde durmuşda ulanylýan gurallary aýdyp ber.
+ Playsteýşin, Xbox360, Sony, Iphon...

315. Jbgeýnriganow mekdepde az doska çykýardy. Sebäbi mugallym aljyrap üsdünden güldirýär.

316. Köpler üçin prawa bu gaty kagyz bolup biler, emma GAI üçin bu rysgal-rugsatnamasy.

317. Waýennikomatda bir oglan peşew-analiziň ýerine sok tabşyrypdyr. Netije: raýat Gurbanow Meret gulluga ýarawsyz, sebäbi ol apelsin.

318. Iki gyz gürrüň edýär:
— Wertolýodyň ýokarsyndaky pyrlampaç nämçün gerek bilýäňmi?
+ Howwa bilýän, lýotçik derlände ýelpemek üçin.
— Nä kelläň işlänokmy? Beýledälhow.
+ Bir gezek men wertolýoda münüp uçupbarýarkak şol pyrlanýanzady öçdiweli, lotçik gara-der bolup çaşaýjakboldy. Soň nämede bolsa ol işledi.

319. Gyz bilen ýurist-oglan swidaniýa edýäler. Şonda Gyz:
— Ejem maňa birinji swidaniýada ogşaşmalydäl diýip aýtdy. — diýeninde oglan sessiz turup, gidip kofe getirip, gyza seredip:
— Ooo janam, inede biziň ikinji swidaniýamyz!!!

320. Çagajyk kakasyna:
— Kaka, sen hemişe "Maşgala bu kijijek watandyr" diýýäň. Onda sen kim bu watanda!?
+ Elbetde men prezident!
— Ejem kim bolýar onda?
+ Ýurdumuz.
— Enem kim?
+ Aýýý eneň polisiýa.
— A men?
+ A sen halkymyz. — diýip jogapladyr we işe gidipdir. Yzynda ogly kakasyna jaň edýär "Alo Alo jenap-prezident. Ýurda täze prezident geldi. Polisiýa uklap ýatyr. Halk bolsa aladalanýar!!!"

Toplan: IDEALLIDER.
17
406
ideallider
29.09.2024 20:54
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 31.

291. 2007-nji ýylyň 28-nji iýunynda Floridanyň Port-Sent-Lusi şäheriniň 45 ýaşly ýaşaýjysy Maýkl Moýlan, agşam ýatyrka, birden erbet kelle-agyryly oýanýar we aýalyna hassahana äkitmegini aýdýar. Lukmanlar Maýklyň kellesini rentgenden geçirýärler we... pistolet-okuny tapýarlar. Maýklyň aýalyny şolwagt tussag edýärler we şol ýerde soraga çekenlerinde, ärini ýatyrka atanlygyny boýun alýar.

292. 2016-njy ýylyň aprel aýynda, Awstraliýada, awstraliýa-kelpi tohumundan bolan Meggi atly ýer şaryndaky iň garry iti 30 ýaşynda öldi. Eger ol itiň ýaşyny adamyňky bilen deňeşdirsek(экстраполировать) onda çykaran hasabymyz 200 ýyl bolar.

293. "Forbes" žurnalynyň hasabatyna görä belli režissýor, tanymal aktýor, uruş-sungatynyň ussady we prodýusser Jeki Çanyň umumy baýlygy 350-milion dollar bolup, ol ähli puluny "Ogluna goýman" haýyr-sahawat ýoluna bagşlaýanlygyny aýtdy. Jeki Çan "Eger ol başarnykly bolsa, onda öz-puluny onuň özi gazanar, başarmasa onda meň gazanjymy ýönekeý-ýere sowar" diýip aýtdy.

294. Hindi daýhany Ramžit Raghaw 94 ýaşynda aýalyndan birinji çagasyna garaşýar. Ýene 2 ýyldan bolsa bu maşgalanyň eýýäm ikinji çagalary dünýä gelýär. Elbetde bu hadysa köp jedeller boldy we çaga bolanyndan soň "Eje, kaka, çaga" testlerinden geçdiler. Çaganyň kakasy hakykatdan hem Ramžit Raghiw. Äri aýalyndan 41 ýaş uly bolup, özüniň diňe gök-önümler bilen iýmitlenendigini, hiç-hili spirtli içgileri içmändigini we aýalynyň ýanyna günde bir-näçe gezek barýanlygyny aýdýar. Ramžit 2020-nji ýylyň 25-nji fewralynda 104-ýaşynda aradan çykdy.

295. Britan graflygy bolan Ýorkşiriň ýaşaýjysy Metýu Hog(Matthew Hogg) "Içki turşama-ajama sindromyndan=Синдрома внутренного брожения" ejir çekýär. Eger ol nähilidir bir süýjili ýa-da hamyrly birzat iýäýse, şol mahal onuň inçe-içegesinde turşuluk(Дрож)"Saccharomyces cerevisiae" köpelip, onuň endamy artykmaç etil-spirtini öndürip başlaýar. Şol sebäpli Metýu hemişe içgili, ýa-da melully(похмелья).

Toplan: IDEALLIDER.
15
108
ideallider
26.09.2024 23:47

herkim gören eşiden bilenini ýazsa?!

12
280
ideallider
26.09.2024 18:45
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 30.

286. A.B.Ş.-nyň Minnesota ştatynyň, Bekker okrugynyň, Kormorant obasynyň ýaşaýjylary, eýýäm bir-näçe ýyl bäri, obanyň häkimi edip, dag-pirineý tohumundan bolan Dýuk atly iti saýlaýarlar. Her gezek Dýuky häkim saýlanlarynda obanyň ýolbaşçy-çinownikleri dabaraly-sözler aýdýarlar. Dabaranyň soňunda hormat bilen Dýuka: "Eger siz bu wezipäni kabul etmäge razy bolsaňyz üýrüň(wow ediň) ýada ýönekeý dem alyň!" diýýärler. 2018-nji ýylda ýönekeý dem alan Dýuk ondan öň hezil edip üýrýärdi.

287. 1971-nji ýylda Hytaýyň Çanşa şäheriniň Hunan obasynda Han eýýamyndan(Epoha) galan Sin Çžuýyň mumiýasy tapyldy. Ol tabytda(соркафаг) 2000-ýyl ýatyp, ajaýyp durkuny saklapdyr. Mumiýanyň endamy mylaýym-ýumşak, bedeni gatamandyr, içki organlary şeýlebir täze weli, hatda ölümine ýaňy bir hepde bolanýaly, damarlarynda bolsa gan bar. Bu mumiýanyň balzamirlenmegi, gadymy müsürlileriň balzamirlenden düýbünden tapawutlanýar. Ýüpege dolanan mumiýa, nähilidir-bir belli-bolmadyk suwuklygyň içinde ýüzýärdi. Tabydyň gapagy açylanyndan bir-näçe minut geçeninden soň ol suwukluk ýitirim boldy. Bu ahwalatyň jogabyny alymlar şuwagta çenli bilenoklar.

288. 2018-nji ýylyň fewral aýynyň başyna, Norwegiýanyň Hardengerwid milli parkynyň işgärleri, 322 sany ölen sugunlary görýäler. Şolwagt hemmeler "Näbelli infeksion keseliň" döräninden howatyrlanýarlar, emma barlaglaryň netijesi, sugunlaryň "Ýyldyrym" sebäpli ölendigini görkezýär. Beýle köp sugunlaryň ölmegi fiziki-hadysa bolup, ol hadysa "Ädimleýin dartylma(шаговое напряжение)" diýilip atlandyrylýar. Ýagny ýyldyrym çyg ýere düşüp, sugun aýaklarynyň üsdi bilen hereket edip olaryň endamyna ýaýraýar. Sugunlaryň öňki aýaklary bilen yzky aýaklarynyň aralygy uly, şunluk bilen naprýaženiýada uly bolar, üsde-üsdüne sowuk howada sugunlar bir birinede has golaý durýarlar. Adimleýin-dartylma adam üçin hem howply. Şu sebäpli eger siz ýerde, şatyrdap uçgunjyklar çykarýan elektrik simlerini, kabelleri görseňiz onda kiçi-ädimler bilen ýada bir aýakda böküp şol ýerden daşlaşmaly.

289. Galapagos pyşdyllary ýa-da pil-pyşdyllary(Lat. Chelenoids elephantopus) diýilip atlandyrylýan pyşdyllar, diňe Galapago adalarynda ýaşaýarlar we olara ýitip-gitmek howpy abanýar. Ýaňy-ýakyndada her 13 adada pil-pyşdyllaryň her-hili görnüşi ýaşaýardy. Birnäçe görnüşi, meselem "Chelenoidis abingdonii" ýada Ýeketäk Jorşuň tohumy bolan "Chelenoidis nigra" tohumy ýok bolup ýitip gitdi(gyryldy). Başga görnüşli pyşdyllar ýaýrap-köpelýäler. San-diegonyň haýwanat bagyndan "Çarlz Darwiniň galapagos barlaglary fonduna" getirilen bet-Maço lakamly(kliçka) pyşdyl sebäpli Espanol-pyşdyllaryň(Chelenoidis hoodensis) köpelmegi has-şowly boldy. Bu erkek pyşdyl 800 nesliň kakasy bolup öz tohumyny ýitip gitmekden halas eden bolup galdy we bu pyşdyla "Hakyky erkek" derejeli ady berdiler.

290. Ähli güller ajaýyp ys berýär, bu şeýlemi? Ýok. Hatda ýürek bulamadan ýaňa sizi öldürip biljek porsy güller hem bar. Indoneziýanyň tropiki ösümligi bolan amorfofallus-titaniki(Lat. Amorphaphallus titanum)-niň 2 metrlik gül-baldagy bolup, ol 3 metrede ýetip bilýär. Mümkün şol sebäpli öz adyna eýe bolandyr, adynyň manysy "Sypatsyz fallos". Bu gül 1 ýylda bary ýogy 2 gün gülleýär. Gülüň ysy ýürek-bulaýjy bolup, iriňläp-porsan maslygy we zaýalanan-ýumurtganyň ysyny ýadyňa salýar. Ol ys hatda jandarlardada ýürek-bulanma döredip özünden daşlaşdyrýar. Botanikany synlamaga gelen syýahatçylara ýörüte gusmak üçin niýetlenen paketlary berýärler.

Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.
16
138
ideallider
17.09.2024 18:49
Gürrüňdeşlik, söhbetdeşlik. Hany agzalar aktiwje bolalyň. Ýalňyşmasam aramyzdan içýanlar-ýylanlar, gara-pikirliler we ýene aýratyn bellemelizat Mus-Mus-Mus-Mustapalar aýryldy öýdýän. Şol sebäpli diňe göwündeş gürrüňler🙂👍
14
309
ideallider
17.09.2024 11:45
Gülüşime güleýin 31.

301. — Oglum, sen nämçün erbet bahalaryňy düzedeňok?
+ Wah kaka, men hergün düzetjek bolýanweli, mugallym žurnalyň ýanyndan 1 minudam aýrylanokda.

302. Mekdepde mugallym gyzjagaza:
— Doska çykda "Söýgi" sözüni geljekki düşümde ýaz. — diýipdir. Gyzjagaz doska çykyp:
— Durmuşa çykmak.

303. Iki dost garaňky köçeden ýöräp barýar. Birden öňlerinden bir ogry eli pistoletli çykyp "Ýa pul ýa jan. Çykaryň pullaryňyzy" diýipdir. Oglanlaryň biri husyt eken. Ol dostuna "Dost, saňa 2 milýon bergim bardyweli, ine şaýatlar barka taňyrýalkasyn bilen bergimi berýän, algyňy al" diýipdir.

304. Polisiýa bir sakaw jaň edýär:
—Aaaalo, bu ýýýýerde eşek öööldi!
+ Haýsy köçe
—Mmmmm...
+ Mollanepesmi?
— Ýýýýýook...— diýeninden polisiýa "Äý bir samsyk oýnajak bolýa" diýen-pikir edip, trubkany goýýar. Sakaw ýene jaň edýär:
—Pppolisiýa eşek öööldi!
+Haýsy köçe?
—Mmmm... — diýeninden polisiýa ýene trubkany taşlaýar. Sakaw ýene haşylap jaň edip:
—Eeeeşek öldi!
+Haýsy köçe?
—Mmmmm...
+Mollanepesmi?
— Hhhhowaa şşşşşol kkkköçä süýräp getirdim.

305. Sadikda çagalardan "Iň çalt zat näme" diýip soranlarynda Aýnajyk:
— Iň çaltzat "aýtmak", sebäbi birzat aýtsaň eýýäm yzyna alyp bolanok. — diýipdir. Baýramjygam:
— Iň çalt zat çyra, knopkany bassaň şyrk göni çyra ýanýar. — diýeninde Esenjik:
— Iň çaltzat "Iç geçmek" sebäbi aýtmankaň, çyra ýakmankaň pukurt bolýar.

306. Aýaz-baba gyzjagaza:
— Gel gyzym eliňi tut, men saňa köp süýjijik berjek.
+ Ejeme beräýiň onda!
— Waheý näme boldy, sen süýjini halaňokmy?
+ Halaýan, ýöne ejemiň eli ullakan.

307. Sadikda bildiriş "Hormatly ene-atalar. Dynç günleri çagalardan bukuluň. Sadiga gelen çagalar size meňzejek bolup oýundan-ogşaşýarlar".

308. Oglan gyzyň yzyndan ylgap:
— Agyz duraýda, duraý!!!
+ Hä näme boldy???
— Awtobusda zontigiňi galdyrypsyň!!!
+ Wahhh howwa ýatdan çykaraýypdyryn.
— Hä onda gitmäka ylga awtobusuň yzyndan.

309. Aşgazanda Salat otyr. Birdenem ýokardan birzat güpürdäp aşgazana gaçýar. Salat geň galyp:
— Sen kim?
+ Arak!
— Nämçün içdiler?
+ Dosty Serdarjan üçin. — diýipdir. Ýene otyrlar ýene şolarýaly "Dosty Serdarjan üçin" köp gaýtlanansoň Salat:
— Kimaý ol Serdarjan, göreýinle menem. — diýip daşyna çykypdyr.

310. —Sähet sen gulluk etdiňmi?
+ Ýok meni almadylara!
— Nämçün almadylar, sen sagdyna?
+ Meni tapyp bilmediler.

Toplan: IDEALLIDER
21
250
ideallider
12.09.2024 09:31
Gülişime güleýin 30.

291. Iň gowy gülýän adam, wagtynda gülýän adamdyr, a iň soňunda bolsa tormazlar gülýär.

292. Iň gowy plan "Birzat ederslaý".

293. Düýn işde adalat gözledik, bu gün bolsa iş gözleýäs.

294. —Alo, polisiýa!!! Meň maşynymyň mantafonyny ogurlapdyrlar, rolunam goparypdyrlar, pedallaram alypdyrlar. Çaltjak şu adrese geläýiňdä!? — diýip ýene bäş minutdan ýaňky adam jaň edip
— Alo polisiýamy!? Kamandir, gelmek hökmandäl, men yzky sidenýä oturupdurun.

295. Hiçkim gulluga gidesi gelenok, 23-fewraly bolsa hemmesi tyrlap belleýär.

296. Durmuşda hemmezat ejizleýär, adamlar, arzuwlar, esasanam nauşnikler.

297. Bazarda biri:
— Agam bu towşan eti täzemi!?
+ Howwa. Edil düýnüň özündede zabordajyk otyrdy, hatda miýawlabam ýetişmedi.

298. Gyzyklaý, ilki meni çakan, soň söýgülimi çakan çybyn biziň çagamyz bolýarmyka!? Sebäbi çybynda biziň ganymyz aýlanýar ahyry.

299. Öňler gurbanlykda limonad içip doňansyraýan çagalardyk biz.

300. Jigiňiz "Çagalary nirden alynýar" diýip soranda senem "Çagalary bulutdan alýas, seni bolsa musurkadan tapdyk" diýip agladyp gördüňmi!?

Toplan we ýazan: IDEALLIDER
21
214
ideallider
12.09.2024 00:54
"Kim näme nire" diýen soraglara jogap berilýän aý umuman yzyny bilemok söhbetdeş bolalyň?!🤗
12
374
ideallider
12.09.2024 00:04
Gülüşime güleýin 29.

281. Doglan-gün toýda tamada "Akyllyja, öýünde oturan, ýaka-tikin edýän, saçy kesilmedik, telefon ulanmaýan, gaşyna degmedik, ýalykly gyza öýlenjek" diýen oglan 50 yaşady el çarpalyň.

282. Toýda Iki gyz meñzeş eşik geýenlerinde olaryň pikirleri "Waý nejis, men boljak bolýa"
Iki oglan meñzeş eşik geýenlerinde oglanlaryň pikirleri "Ooo biz bratok dostlaý"

283. Gyz bilen oglan:
— Pişijegim...!!!
+ How towşanjygym?
— Ikimizimem haýwanaý hä!?

284. Garynlaryny içine çekip terezä münýän zada gyz diýilýär.

285. Işe girjek bolamda anketa berdiler. Şonda "Maşgala ýagdaýy" diýilip goýulan ýere "Hemişe ýokarda" diýip goýdum.

286. Onynjy etaž bilen birinji etažyň tapawudy näme? Ýagny birinji etaždan ýykylsaň: güpürt-aaaaaaaaa. Onunjy etaždan ýykylsaňweli: aaaaaaaa-güpürt.

287. Eger durmuşda size pul ýetmese, onda durmuşda baý bolmaly. Şonda pul size arkaýyn ýeter.

288. Bir gyza lak atdym. Ol gyz maňa sögünip başlanda men içimden "Ejemjan, ne günlere saldym seni" diýdim.

289. Sogan maňa "Seret meni bölek-bölek etdiň, utanmadyňmy nätdiň" diýip käýýedi. Menem agladym.

290. Biri statusunda "Men bir-gün ýiter giderin. Yzymda şemalym galar" diýip goýupdurweli, şemaly metan-gazy bolarmyka!?

Toplan: IDEALLIDER.
14
161
ideallider
10.09.2024 11:14
Agyr-ýelek 2.

6. Oglanlar, gelejekde gyz-çagaňyz bolsa gynanmaň. Gyz-çagaňyz gamly günüňizde kalbyňyzy nurlandyrar, ýüregiňize giňlik berer. Wagtyň geçmegi bilen garranyňyzda bolsa, arlygyňyzy arassalar. Ogul-çaga aýratyn giň akyl-düşünjeli bolaýmasa, arlyga degmek eken, hatda eje-kakasynyňky hem bolsa hapa-görer.

7. Adaty adamlar 1 ýa 2 köp bolsa 3 plan gurup bilýärler. Emma 33 planyň üsdünden ýene şonçarak plan gurýanlara degişli!!! Ukybyňyzy gowluga gönükdiriň. Ýogsa ähli zadyň manysy näme...

8. "Adalatyň ýüzi zenanlykdäl" bu jümle gadymy-rimde dörän. A sebäbini bilýäňizmi? Adalat, gödek, hyrsyz we dözümsiz hem elhenç bolýar. A zenan... Inede jogap.

9. Eliňizde deşifrator bar. Ol apparat hemme parollary döwüp bilýär. Ol apparat üçin size bir mafia 2mln dollar tölemäge razy. Siz 2mln dollary alyp, müňlerçe çagalary adamlary gyran patşaýaly ýaşap bilýäňiz ýada öňki durmuşuňyz.

10. Adamlar umuman iki topara bölünýär. Ahyrzaman giç gelerýaly saklamaga çalyşýanlar we howlugup getirjek bolýanlar. Heh diýip gülersiňiz "Ählizat Biribaryň elinde" diýersiňiz. Bizi günälere iterýän Biribaryň elidäl, ählizat onuň elinde ýöne unutmaň. Mümkin Maňlaýymyza "Şu ýerde Bendämiň isläni bolsun" diýip ýazýan bolmagy hem ahmal.

Awtory: IDEALLIDER
15
257