IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 31.
291. 2007-nji ýylyň 28-nji iýunynda Floridanyň Port-Sent-Lusi şäheriniň 45 ýaşly ýaşaýjysy Maýkl Moýlan, agşam ýatyrka, birden erbet kelle-agyryly oýanýar we aýalyna hassahana äkitmegini aýdýar. Lukmanlar Maýklyň kellesini rentgenden geçirýärler we... pistolet-okuny tapýarlar. Maýklyň aýalyny şolwagt tussag edýärler we şol ýerde soraga çekenlerinde, ärini ýatyrka atanlygyny boýun alýar.
292. 2016-njy ýylyň aprel aýynda, Awstraliýada, awstraliýa-kelpi tohumundan bolan Meggi atly ýer şaryndaky iň garry iti 30 ýaşynda öldi. Eger ol itiň ýaşyny adamyňky bilen deňeşdirsek(экстраполировать) onda çykaran hasabymyz 200 ýyl bolar.
293. "Forbes" žurnalynyň hasabatyna görä belli režissýor, tanymal aktýor, uruş-sungatynyň ussady we prodýusser Jeki Çanyň umumy baýlygy 350-milion dollar bolup, ol ähli puluny "Ogluna goýman" haýyr-sahawat ýoluna bagşlaýanlygyny aýtdy. Jeki Çan "Eger ol başarnykly bolsa, onda öz-puluny onuň özi gazanar, başarmasa onda meň gazanjymy ýönekeý-ýere sowar" diýip aýtdy.
294. Hindi daýhany Ramžit Raghaw 94 ýaşynda aýalyndan birinji çagasyna garaşýar. Ýene 2 ýyldan bolsa bu maşgalanyň eýýäm ikinji çagalary dünýä gelýär. Elbetde bu hadysa köp jedeller boldy we çaga bolanyndan soň "Eje, kaka, çaga" testlerinden geçdiler. Çaganyň kakasy hakykatdan hem Ramžit Raghiw. Äri aýalyndan 41 ýaş uly bolup, özüniň diňe gök-önümler bilen iýmitlenendigini, hiç-hili spirtli içgileri içmändigini we aýalynyň ýanyna günde bir-näçe gezek barýanlygyny aýdýar. Ramžit 2020-nji ýylyň 25-nji fewralynda 104-ýaşynda aradan çykdy.
295. Britan graflygy bolan Ýorkşiriň ýaşaýjysy Metýu Hog(Matthew Hogg) "Içki turşama-ajama sindromyndan=Синдрома внутренного брожения" ejir çekýär. Eger ol nähilidir bir süýjili ýa-da hamyrly birzat iýäýse, şol mahal onuň inçe-içegesinde turşuluk(Дрож)"Saccharomyces cerevisiae" köpelip, onuň endamy artykmaç etil-spirtini öndürip başlaýar. Şol sebäpli Metýu hemişe içgili, ýa-da melully(похмелья).
Toplan: IDEALLIDER.