ideallider
26.09.2024 18:45
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 30.

286. A.B.Ş.-nyň Minnesota ştatynyň, Bekker okrugynyň, Kormorant obasynyň ýaşaýjylary, eýýäm bir-näçe ýyl bäri, obanyň häkimi edip, dag-pirineý tohumundan bolan Dýuk atly iti saýlaýarlar. Her gezek Dýuky häkim saýlanlarynda obanyň ýolbaşçy-çinownikleri dabaraly-sözler aýdýarlar. Dabaranyň soňunda hormat bilen Dýuka: "Eger siz bu wezipäni kabul etmäge razy bolsaňyz üýrüň(wow ediň) ýada ýönekeý dem alyň!" diýýärler. 2018-nji ýylda ýönekeý dem alan Dýuk ondan öň hezil edip üýrýärdi.

287. 1971-nji ýylda Hytaýyň Çanşa şäheriniň Hunan obasynda Han eýýamyndan(Epoha) galan Sin Çžuýyň mumiýasy tapyldy. Ol tabytda(соркафаг) 2000-ýyl ýatyp, ajaýyp durkuny saklapdyr. Mumiýanyň endamy mylaýym-ýumşak, bedeni gatamandyr, içki organlary şeýlebir täze weli, hatda ölümine ýaňy bir hepde bolanýaly, damarlarynda bolsa gan bar. Bu mumiýanyň balzamirlenmegi, gadymy müsürlileriň balzamirlenden düýbünden tapawutlanýar. Ýüpege dolanan mumiýa, nähilidir-bir belli-bolmadyk suwuklygyň içinde ýüzýärdi. Tabydyň gapagy açylanyndan bir-näçe minut geçeninden soň ol suwukluk ýitirim boldy. Bu ahwalatyň jogabyny alymlar şuwagta çenli bilenoklar.

288. 2018-nji ýylyň fewral aýynyň başyna, Norwegiýanyň Hardengerwid milli parkynyň işgärleri, 322 sany ölen sugunlary görýäler. Şolwagt hemmeler "Näbelli infeksion keseliň" döräninden howatyrlanýarlar, emma barlaglaryň netijesi, sugunlaryň "Ýyldyrym" sebäpli ölendigini görkezýär. Beýle köp sugunlaryň ölmegi fiziki-hadysa bolup, ol hadysa "Ädimleýin dartylma(шаговое напряжение)" diýilip atlandyrylýar. Ýagny ýyldyrym çyg ýere düşüp, sugun aýaklarynyň üsdi bilen hereket edip olaryň endamyna ýaýraýar. Sugunlaryň öňki aýaklary bilen yzky aýaklarynyň aralygy uly, şunluk bilen naprýaženiýada uly bolar, üsde-üsdüne sowuk howada sugunlar bir birinede has golaý durýarlar. Adimleýin-dartylma adam üçin hem howply. Şu sebäpli eger siz ýerde, şatyrdap uçgunjyklar çykarýan elektrik simlerini, kabelleri görseňiz onda kiçi-ädimler bilen ýada bir aýakda böküp şol ýerden daşlaşmaly.

289. Galapagos pyşdyllary ýa-da pil-pyşdyllary(Lat. Chelenoids elephantopus) diýilip atlandyrylýan pyşdyllar, diňe Galapago adalarynda ýaşaýarlar we olara ýitip-gitmek howpy abanýar. Ýaňy-ýakyndada her 13 adada pil-pyşdyllaryň her-hili görnüşi ýaşaýardy. Birnäçe görnüşi, meselem "Chelenoidis abingdonii" ýada Ýeketäk Jorşuň tohumy bolan "Chelenoidis nigra" tohumy ýok bolup ýitip gitdi(gyryldy). Başga görnüşli pyşdyllar ýaýrap-köpelýäler. San-diegonyň haýwanat bagyndan "Çarlz Darwiniň galapagos barlaglary fonduna" getirilen bet-Maço lakamly(kliçka) pyşdyl sebäpli Espanol-pyşdyllaryň(Chelenoidis hoodensis) köpelmegi has-şowly boldy. Bu erkek pyşdyl 800 nesliň kakasy bolup öz tohumyny ýitip gitmekden halas eden bolup galdy we bu pyşdyla "Hakyky erkek" derejeli ady berdiler.

290. Ähli güller ajaýyp ys berýär, bu şeýlemi? Ýok. Hatda ýürek bulamadan ýaňa sizi öldürip biljek porsy güller hem bar. Indoneziýanyň tropiki ösümligi bolan amorfofallus-titaniki(Lat. Amorphaphallus titanum)-niň 2 metrlik gül-baldagy bolup, ol 3 metrede ýetip bilýär. Mümkün şol sebäpli öz adyna eýe bolandyr, adynyň manysy "Sypatsyz fallos". Bu gül 1 ýylda bary ýogy 2 gün gülleýär. Gülüň ysy ýürek-bulaýjy bolup, iriňläp-porsan maslygy we zaýalanan-ýumurtganyň ysyny ýadyňa salýar. Ol ys hatda jandarlardada ýürek-bulanma döredip özünden daşlaşdyrýar. Botanikany synlamaga gelen syýahatçylara ýörüte gusmak üçin niýetlenen paketlary berýärler.

Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.
16
138
ayymsha
30 Sentýabr 2024
@ideallider, Özünede salam aýt, imodamy
ayymsha
30 Sentýabr 2024
ideallider
26 Sentýabr 2024
@okyyjy, menem ony anyk tanamok. Bolmasa senem grupba goşulaý. Respect
ideallider
26 Sentýabr 2024
@okyyjy, misterious!
smiling_
26 Sentýabr 2024
290. Mbäh ysgap göresim geldi :)
smiling_
26 Sentýabr 2024
@ideallider, Özünede Salam aýdyñ :)
ideallider
26 Sentýabr 2024
Timm hemmelere Salam aýdýar.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.