ideallider
19.03.2024 17:10
Eje men saňa uzak ýaş dilejekdäl.

Eklediň, sakladyň kemala getirdiň. Meň üçin köp ýalyn-alow, köp buzly-suwlary gördüň. Käbäm ejem, sylagym gutarnyksy. Emma saňa uzak ýaş dilejekdläl. Goňşymyz Gülnahal gelneje muňa uly mysal. Kümüş saç ene 90 içinde. Maşgalasy hem gowy. Şükür oňa akylly gelin hem duşdy, ogly hem mertebeli. Är-aýal agzybir hiç-gaşlaryny çytman ejeleriniň hyzmatynda. Arassa we gowy saklaýarlar. Şondada Gülnahal-ene "Men çagalaryma ýük bolýan, olary köseýän. Men bolmadyk bolsam gelinjigim bilen oguljugym söýüşipjik aýlanmaga, teatra, kino giderdiler. Hassalamda köp dermana pul bermezdiler. Hassalap üsgülegüme ukudan oýanmazdylar" diýip gynanýar. Ogly we gelini "Siz bolmadyk bolsaňyz biz agzybir hem bolmazdyk, bir-birimizi nädip söýmelodigini hem bilmezdik. Bagty goramagy hem başarmazdyk. Gaýtam sizi bize goýan Gudraty Güýçlä müň alkyş bolsun" diýýärler. Şondada Gülnahal eje "Ähli deňduşlarym maňa garaşýar" diýip käteler öýden çykyp gidiberýär. Ogly zordan ilden-halkdan sorap tapyşdyryp ýene öýüne getirýär. Soňa baka Gülnahal-enänin akly-üýtgäp "Meni Biribar alanok" diýip gynanyp aglaýardy. Ol dünýesini täzelemek isleýärdi. Il galmak islese ol gitmäge uly höwesli. Janym ejem, senem aramyzdan gitseň "Çaltjak jennedi-jaýyna barýar" diýip köşeşerin. Seni jennede salmasalar hem "Ejemi hem salaýyň. Ol mende ýekeje ahyry" diýip seni Biribardan dilärin. Inşallah ražy bolar. Ynanýan. Şol sebäpli bu ýalançyda köseseneniň bes. Käbäm ejem, uzak ýaş dilejekdäl...

Awtory: IDEALLIDER
32
167
ideallider
19.03.2024 00:04
Kakasynyň gyzyna soraglary.
-Kaka, sag-aman turduňmy? Ertiriň haýrly bolsun. Ine çaý naharyňam getirdim, iýip gör. Süýji bolupdurmy baha ber. Agşam gowy ýatdyňmy!?
+Howwa gyzym, ördük sagaman. Seňkem haýrly bolsun. Agşamam aý näme garraşanyň ukusudurda. Saňa döneýin guzym. Hehe, tüweleme hergün her-dürli nahar bişirip meni haýrana goýýaň tüweleme. Süýji hem üýtgeşik bolupdur. Bu naharyň ady näme?
-Pizza diýilýär kaka. Al noş bolsun. Onsaňam kaka, meň seniň bilen bir gürrüňüm-meseläm bar. Iş-güýjüň bolmasa şo gürrüňi çözäýelidä!?
+Elbetde guzym. Heý kakaňa ýüz tutanýeriňde "ýok" diýenýerim barmy, kakaňam bolsam hehe jora ýaly aramyz. Işem bugünä dynç güni, gyssagly işe çagyrmasalar, bügün men dynçda. Ol näme gürrüňdi?
-Ol neme, aýtmagada utanýan, birhilekdä...
+Çekinme gyzym, sen meň jananyma, arkaýyn aýt. Bizden başga adam ýoga.
-Aýtsam kaka, gelen sawçylar...
+Howwa howwa onsaň...
-Aý ejem razy ekenimde sen... Göwnemänsiňdä. Menem...
+Häää diýmek sen olaryň ogluny halapsyňda!?
-Kaka gönülemesene, men şonsuzam bu sözlerime ýere girip bilemok...
+Gyzym. Aýdanlarymy diňle we diýenimi et. Bu gürrüň seň gelejekki ömrüňi, maşgalaňy, çagalaryňy çözer. Şol sebäpli ýekejede utanç haýalyk etmede maňa gös-göni gaty göni we dogry-dogry aýt. Seň gürrüňleriňden men netije çykarmaly, utanyp edip, aýtmaly zatlary aýtman galsaň meňem çykaran netijäm ýalňyş bolar. Gowy düşün...
-Bolýa. Howwa kaka, men şol oglany söýdüm, seniňem şu durmuş toýumuza razy bolup ak-pata bermegiňi isleýän.
+Bolýa gyzym. Men ak-patany bereýin, razy bolaýyn. Eger sen... Eger sen meň şu berjek soraglaryma jogap tapsaň.
-Bolýa kaka, sora...
+Gyzym, il-güne seret. Olar nähili ýaşaýarlar!? Men, meselem getirişdirerin, şol meselemlerim hem hökman bolaýjak zatlar, ýada eýýäm başgalaryň durmuşunda bolanzatlar. Ine senem akylly başly, ar-namysly, salyhatly gyz bolup ýetişdiň. Tüweleme, ola ýüzümi ýere salmak eken, il arasynda sen sebäpli ýüzüm çalajada gyzarmady, gaýtam "şeýle gyzym bar" diýip döşümi açyp gezdim. Guwanýan sana janam. Emma weli seň halan oglanyň... Ol pully baý öz-diýenli, kösenç görmedik çaga. Onsaň ine meselem getireli, bagt toýuň boldy. Birinji gijede köp oglan "dogumlanmak üçin" diýen bolup samsyk pikire uýup içen bolýalar. Hamala diýersiň "men erkekdäl, arak meni erkek etsin" diýen pikiri kellelerinde aýlaýanýaly. Ol oglan hökman içýändir, çekýändir, sen şoňa ýüregiň bulanman çydam edip biljekmi!? Jogap bermek gerekdäl, ýöne diňle! Içegen çekegen adamyň nesli kämahal kemterrägem bolaýýar, dogry bu ALLANYŇ barlagy, garşylygym ýok. Emma şeýle çaga dünýä inse, ilki bilen şoňa kakasy günäkär. Sebäbi kakasy arak çilim edýän bolsa çaganyň şeýle bolmagyna 50% kakasy günäli. Eger kakasy arassa bolsa onda beýle çaga ALLANYŇ barlagy, aslynda beýle ýagdaýda hiçkimi günälemäge hakymyz ýok. Onsaň birden şeýle çagany şu dünýä getiräýseň, şo çaga dünýeden gidýänça sen ony eklemäge, yz soruny süpürüp ýuwmaga razymy ýada taýynmy? Belki beýle bolmaz. Äriňem ärsiräp kellesine pul kakanda "çagam şeýle" diýip gahar edip öýe giç geler, ýada başga bozuklaryň ýanyna gider. Şonda şymjaryp eliňe goşuňy alyp gaýtmalydälde, äriňi agzybirlige çagyrmalydygyňy bilýäňmi? Belki gaýnyň azar berer, belki gyzlary, belki ýeňňeň, bellidäl, haýsysy azar berendede dikleşip gygyrşman ýuwaş oturyp sessiz ile bildirmän ALLAHA şükür dilemelidigiňi bilýäňmi? Äriň urar-söger, endamyňa gök düşer. Şonda gökleriňi görkezmek üçin ile endamyňy güjeňlemelidäldigini bilýäňmi? Eger şu zatlara çydaman öýe dolanyp gelseň, meňem ýere girjegimi bilýäňmi? Ýene ýere girenimi bilip sen özüňe birzat etseň, meňem seň yzyňdan gitjegimi bilýäňmi? Şondan soň ol dünýä baryp soraga çekilenimizde soraglara jogap beripbilmän, "özümize kast edenimiz üçin" seň eljagazyňdan tutup bileje dowzaha girjegimizi we şo dowzahda ýanyp bişip ýene täzeden emele gelip döräp ýene ýanyp bişip baky şeýle gaýtalanjagymyzy sen bilýäňmi? Men seň durmuşyňa goşulanymdan soň durmuşuň başa barmasa seniň "kaka sen sebäp bolduň, sen günäkär" diýmejegiňi bilýän, emma şeýle pikir edersiň. Men şo pikirihem etdiresim gelenok. Inni seň içiňde uly şübhelilik bar. Şo şübheliligem, gara-erbetlige deňelýär. Şübheliligem bir keseldir. Gel inni sen gelejekki äriňi aldamada oňa dogryňy aýt. Oňa "içimde gara erbet kesel bar. Sen şondada meni almaga razymy!?" diýip sora. Şonda sen, onyň ärdigii ýada gara ýerdigini tanarsyň. Inni gyzym men saňa razylygymy, ak-patamy berýän. Islän ýigidiňe durmuşa çyk garşylygym bolmaz. Bilmeseň sora. Emma weli gaty gaty gaty, şeýlebir berk pikirlen, razylygymy gerekli ýere ulan...

Soňy.

Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.
40
250
ideallider
18.03.2024 18:27
Duşmanym...

Men seni şeýlebir ýigrenýänweli... Hatda ölümi hem saňa pes jeza hasaplaýan. Dowzah??? Ýok. Saňa dowzaha hem az. Gowsy seni näme etmeli, ilki bilen ýok öldürmelidäl. Seni gyzgyn geçirmeýän tabyda saljak, howwa diriligiňe. Soňra tabydyň içi dolýança doňuzyň damak ganyny guýjak, ýok-ýok seni doňuzuň damak ganyna gark edip bolmaz. Nämçün beýtmeli? Sebäbi perişdeler gelip seň ruhuňyy asmana-alyp gitmezlerýaly. Doňuz, ondada oň damak-gany gaty haram ahyry?! Hahahah. Şeýlelikde soň seni şol tabytda gowy edip bir ýerindenem howa yş-geçmezýaly demirler bilen swarkalap ýapdyrjak. Inni hezili başlaýar. Inni seň ruhuňy öwrişdeler alyp bilenok ahyry, diýmek seni almaga şeýtan geler. Ýooook. Olam almaz. Sebäbi?! Sebäbi tabydyň daş töweregi 1 metr kub göwrümde sap-demir guýdurjak. Içinde sen doňuz-ganyna gowrul-gowrulma bildirenok. Onsaň demir sowanyndan soň ol demiri oýdurup Biribaryň 99 adyny ýazdyrjak. Sebäbi şeýtanam Ol Ýeketäk Güýçliniň adyndan gorkýar ahyry. Indi seň ruhuň gulply. Adamlar milýon ýyldanam bolsa seň tabydyňy tapmazlar deňziň iň çuň ýerine tabydyňy zyňaryn. Inna boldy öýdýän. Şondada köşeşerin öýdemok.

Bu postdan biz näme öwrenmeli?! Ähli zady gowydan beter gowy we erbetdenem beter erbet etmek usullarynyň barlygyny!

Awtory: IDEALLIDER.
28
274
ideallider
18.03.2024 12:34
Meni ýok-edip öldürüň.(3-nji bölüm)

...Şol gün ýalňyşlyk bilen dogtarlar endamymy skalpi bilen kesenlerinde bedenim birhili aňyrsy 1 sagatdan öňküsiýaly boldy. Men muňa geň galyp, ýene elimi pyçak kesdim. Howwa agyrysy gözüni çykarypbarýar. Ýöne ýene 1 sagatdan bitip aýryldy. Soňabaka men haçan nahar iýenimi, haçan suw içenimi unudup başladym. Hatda 1 hepde, soň 1 aý, soň 1 ýyl soň ömürlik, naharsyz suwsuz ýaşap bilýän. Aslynda men ölmez-ýitmez. Men özümi bölekledip, hatda bomba bilen ýarybamgördüm, walla ölemok. Içi-garagalmyş men garramogam. Men ýaşaýşymy isledigimçe ýaşapbaşladym näme edesimgelse edýän, ýöne ölüpbilemok. Alymlar meni alyp menden soraman meni zorluk-bilen saklap mende barlag geçirip başladylar. Nädip bu "Ölmez-ýitmezligi" alyp köpeldipbolarka. Olar şol "Ýeriň ýüregi" atly-daşy gursagymdan parçalap-parçalap her organymy bölek-büçek un ýaly edip gözlediler. Daş endamyma, beýnime siňipdir, tapmadylar. Soňra beýnimi böleklediler men çaşypdyryn. Birnäçe wagtdan soň özüme geldim. Bir kämerada sakladylar. Gelýäler, görýäler, gürleşýäler, gidýärler. Bu ýagdaý 50 ýyl dowam etd. A meň bolsa şoooool 25 ýaş boluşum. Soň ýene ýüzlerçe ýyllar geçdi. Howwa. Indi men ölmegiň arzuwunda. Sebäbi serediň, erkinlikdede many tapmadyk, tussaglykda hijem tapmaz. Adamlar adamlar menem adam. Ahyry biz bu planetany bogup öldürdük. Aý atomlar, kwantlar, robotlar. Wii howwa soň robotlar geldi, uruş bolupdur, men entegem tussaglykda. Adamzat ýeňildi. Menem erkinlige çykdym. Indi öňki haramlyklar, nejislikler, zaýalyklar ýok. Aý barzat başgaçarak. Nähili düşündireýin. Meselem men şu gyzy halasam, olam maňa razy bolsa biz islänimizi edýäs, ol garryja 80-ýaş ene bolsun tapawudy ýok razy bolsa bolýar. Arak içesimgelýärmi onda içýän, ýene analiz edýärler saglygyma zyýanly bolsa berenoklar. Narkotik gerekmi al saňa, zyýany güýçlenip başlaýarmy berenoklar. Robotlar hemmezady dolandyrýarlar. Ýagny biz adamlar goýun-mal, jandar, a robotlar biziň eýämiz. Biz adamlar hijem kösenip bilemzok, robotlar rugsat berenok. Diňe bal durmuşda ýaşaýas. Aý näme hemmezadyň soňy gelýär. Ýene plança ýüzýyllyklar şeýle bolup ýaşadym. Indi planetalaryň çakyşmagy, günüň öçmegi, galaktikalaryň goşuluşmagy. Ýer-palnetamyzhem şeýle öldi. Bu gezek adamlaňam, robotlaňam günäsi ýok. Tebigat. Indi menem planetalaryň arasynda kosmasda gaýmalapýörün. Ölüpbilemok. Güne gaçypgördüm, soň başga ýerde özüme geldim. Gara-girdaba deşige gaçypgördüm, ýene başga ýerde gaýmalapýörkäm özüme geldim. Men ölesimgelýär. Ýöne bolanok. Men bu fleşkalary ýazgy edip her älemiň, kosmosyň herýerlerine ýaýradýan, ýene milionlarça şularýaly fleşka zyňyşdyrdym. Başga näme etjegimem bilemok. Gaýmalabam ýadadym. Ýöne sizden haýşdym, meni tapsaňyz öldüräýiňdä. Men gaty, ýaman nejis, kosmosýaly müňýyllaplar ýadadym. Ölesimgelýär, bolanok..." diýip oglan gaýypýören ýerinden wideony öçürdi. Fleşkany bolsa aldylarda, ýene "Gizlin resminamalar" bölümine goýdular...

Soňy. Gutardy. Tamam. Yzy ýok. Nokat. Dowamy ýok. Bölümleri ýok. Tükendi. Dowamsyz.

Awtory: IDEALLIDER.
29
137
ideallider
18.03.2024 07:50
Meni ýok-edip öldürüň.(2-nji bölüm)(18+ Psihiki ejizlere okamak gadagan)

...Men gorkup, howsala-düşüp, kwartirama ylgap baryp dokumenteleri dörüşdüripbaşladym. Pasportlarda, sürüjilik-şahadatnamalarda, jaý-dokumentlerde meniň adym, familiýam ýazylgy. Meniň 7-8 jaýym, şonçaragam gymmat maşynlarym bar. Men nämeler etjegimi bilmän "Eýýäm meni polisiýa gözleýändir. Gel bir jaýyma barypgöreýin" diýip, pul çekip jaýlaryma, maşynlaryma aýlanypgördüm. Hemmesi hem meniň adyma we jaýlardaky hyzmatkär-işgärler maňa "Salam, Hoşgeldiňiz Diýar" diýip gülerýüz bilen ýüzlenýärler. Aý karoçe jaýlary, dokumentleri barladym hemmesem hakykat. Gysgaça men hemmezatly baý. Polisiýada gözlänok. Men begenjime dälirejek bolup adamlara, tanyşlaryma pul kömeklerini edişdirdim, hemmeleriň bagtly ýaşamagyny isleýän. Kimleri işe, okuwa salyp, kimlerine maşynlar öýler satyn alyp berip. Diňe haýyr-sahawata ylgaýan. Gyza duşdum, söýdüm, öýlendim, çagalar boldy. Men hemmelere milýonlap kömekler edýärin. 5-ýyldagy geçdi. Bu gowluklaryň maňa manysy ýitip başlady. Soň inni Men şunça pully bolup ýeke-gelini söýmelimi!? Samsyjak. Islänimi edip başlajak, gelnimi urup, çagalary kösäp, däliräp başladym. Howwa puluň oýuny. Mümkin bu meň özüm. Soňra aýrylşyp, diňe keýpe oturdum. Sebäbi milýonlapdäl, milýardlap gowuluk edemdede maňa azajygam keýpi peýdasy, manysy ýok, hemmezady barlasymgelýär. Arak, çilim, narkotikleriň müň görnüşi, müňläp gyzlar, soň erkekler, haýwanlar şo-dereje dagadym. Sebäbi maňa keýp az bolýar, gün geldigiçe zatlaryň manysy gaçyp ýaşasymgelmän özüme birzat edesimgelýärdi. A pul gutaranok. Birhili adamlary köseseň, ejir-çekdirsem maňa gowydy. Adamlary parçalap, bölekläp, diriligine hamalaryny, ýüreklerini... Ahyrynda bu hem ýadatdy. Men bu dünýede tas-hemmezady edipgördüm. Inni bu dünýe meň üçin hiçzat. Ahyry bir gün hem, alymlar ýeriň-jümmüşinden bir ýagty-nur saçýan daş-tapdylar hem bu daşyň "Bejerijilik ukybynyň" barlygyny aýdyp daşa "Ýeriň ýüregi" diýen at berdiler. Men bu daşy erbetýollar bilen satyn alyp "Maňa ýaşamaga many ýok, barybir ölsem ýeriň-ýüregi bilen öleýin" diýip bu daşy operatsiýa bilen gursagyma goýdurdum. Operatsiýadan soň özümi täze dogulan bäbekýaly sagdyn, demirýaly berk, edil Gerkulesýaly güýçli duýýardym. Ýöne öňkümýaly adam, ýagny Supermenýaly güýçli betdäl ine sizýalyda. Şol gün ýalňyşlyk bilen dogtarlar endamymy skalpi bilen kesenlerinde bedenim...

2-nji bölümiň soňy.

Awtory: IDEALLIDER
28
79
ideallider
18.03.2024 00:19
Meni ýok-edip öldürüň.(1-nji bölüm)

Asmandan nähilidir bir asteroid gaçdy. Alymlar we döwlet işgärleri wakanyň bolan ýerine bardylar. Ine ot-ýalynýaly berk metaldan bir top. Şu durşuna hiçzadyny ellemän, bu ýalyn-alowly topy getirdiler labaratoriýa. Gizlin ministrler, başlyklar, prezident bahymrak bu topy açyp içinde nämeleriň barlygyny bilmek isleýärdiler. Topyň jaýyny 100%karantin izolýasiýa edip, robotlar bilen aýnanyň aňyrsynda topy açyp başladylar. Bir robot kesýär, beýlekisi gaňyrýar, ýene biri bölekleri aýyrýar. Açyldy ahyry top. Hemmeler sabyrsyzlyk bilen topuň içine seretdiler. Inede bir fleşka. Topda diňe ýekeje bir fleşka çykdy. Täzeden bu otagy analiz edip we dizinfirläp, fleşkäni görmek üçin otaga uly telewizor goýdular, fleşkäni telewizora sokup dörjeläp başladylar. Fleşkada ýekeje wideo-faýl bar. Üsdüne basanlarynda, ekranda bir üýtgeşik astranomiki fonda, gaýmalapýören oglan çykyp gürrüňe başlady.

Oglan uludan demini alyp "Salam" diýip eýlesine-beýlesine garaňjaklady hem ýylgyrdy we sözüni dowam etdi.

"Men Diýar Pirsýanow. Bolýa men başdan başlaýyn we gysgaça. Men 1996-njy ýylyň, 9-njy oktýabyrynda eneden bolupdurun, eger dokumentde ýazylanlar çyn bolsa. Soň birnäçe wagt geçensoň ejem-kakam meni taşlapdyr. Ýetimler öýde ulandym. Ýaňy 18-ýaşyma ýetenimde men ýetimler öýünden gaýdyp firmalaryň birinde ujypsyzja aýlykly işe başladym. Içemokdym, çekemokdym. Bir gün meniň ýanyma bir adam geldi. Ol adam 60 ýaşlarynda bolup, gara kostýum-balakly we gara galstukly, ak-köýnekde, howwa diňe gara-geýinen" diýdide bu oglan biraz pikirlenip gürrüňini dowam etdi.

"Ol adam gelip maňa "Sen gutarmaýan pully baý bolasyňgelýämi!?" diýip sorady. Ýene bir ala-sarmygyň biridirdä, hamala bu dünýede şularýalylar azýaly. Men razylygymy duýdurup kellämi ýaýkadym. Ol adam maňa bir bank kartyny, pasport we başgada köp resminamalary berip "Ine indi bu sen" diýdide öz-ýoly bilen ýöräpgitd. Ilki men haýsydyr bir aferanyň bir oýnawajydyryn öýdüp resminamalary kwartiramda bukupgoýdum, birden polisiýa soraýanda, wah gaty samsyk bolupdurun" diýip oglan gözüne ýaş aýlap, gülüp ýene bir-az pikirlenip sözüni dowam etdi.

"Birgün hem pulum gutaryp, hiç çykalgam galmanda "Gelaý karty barlapgöreýin, azajyk alanym bilen basaslary ýok" diýip dükana girdim. Alanym ýekeje çörek, kartda pul bar eken, pul ýetdi. Soň ýene kola, ýene iýer-içere zatlar alyşdyrdym. Hemmesine pul ýetipdur. Içimden "Barybir meňki ýaşaýyşdäl, edenimibir edip galaýyn, soň meni epläp dykaýsynlar" diýip dükandan islänzatlarymy alyp kwartirama geldim. Hezil edip iýdim-içdim ukladym. Ertesi gün işede çykmadym, eklenjim bar ahyry. Bankomada baryp puly barlasam ýopty, hasabymda 9-lyklar gutaranok. Men gorkup, howsala-düşüp, kwartirama ylgap baryp dokumenteleri dörüşdüripbaşladym...

1-nji bölümiň soňy.

Awtory: IDEALLIDER.
29
158
ideallider
17.03.2024 22:15
Salam hormatly "Öwrenmeli" app-yň agzalary. Size bildirş ýetirmegi makul bildim. Ýagny meniň nikim bilen baglaşykly postlary "Gözleg" bölümden gözletseňiz täsin, gülkili, moraly=ahlagy bolan wakalar baradaky ýazgylara, eserlere duşarsyňyz. Men ol postlary täzeden gaýtalap hem goýup bilýärdim, emma gaýtalap goýsam eýýäm bu gaýtalamak dördünji gezek bolar. Şol sebäpli gözletseňiz özüňize ýeňil bolar. Gülküli postlar üçin "Sasmyklygam bolsa ýylgyrdýar", Aşyk-magşuklar üçin "IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri" täsinlikler üçin bolsa "IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri" bölümleri sanlar bilen ýazyp gözlediň. Hormatlamak bilen IDEALLIDER🙂👍
34
123
ideallider
17.03.2024 20:25
Trend nakyllar.

1. Ýagşylyk etseň käbir ynsana, aýlanyp-pyrlanyp deper ýeňsäňe.

2. Käbir ite ýüz berseň üsdüňe üýrer, käbir gyza ýüz berseň jübiňe girer.

3. Baý oglan gara boldy ne ak boldy ne.

4. Iti depseň bagşy bolar.

5. Oglan ýetişse woýnakamatdan çakylyk köpeler, gyz ýetişse kümäniň arkasyndan sykylyk.

6. Pulyň gutarsa dosta ýapyş, talyp bilen bile derdinş.

7. Toýdan gaýtsaň doýyp gaýt, jübiňe birzat salyp gaýt.

8. Myhman gelse işikden, öý-eýesi gaçar deşikden.

9. Dostyňy saklama nepden galmasyn, heleýiňi saklama gepden galmasyn.

10. Myhman ataňdan uly, eger-de köp bolsa puly.

11. Ir turyp imoňy gör,imoňdan soň Vpniňi.

12. Hakyky dost Like goyanda biliner.

13. Ýatan öküze sygyr ýok.

14. Ir turan zarýadyndan dynar.

15. Ýigit YouTubesiz oňmaz, gyz fotomontažsyz.

16. Vpn işlemese gadyry gaçar.

Goşundy: Hemra Taganow.
43
248
ideallider
17.03.2024 13:17
Gan bilen barlanan dostluk.

Agşama taýynlanmaly uly hudaýoly üçin Serdar-aga bu gün daň bilen turup, hudaýoly üçin ähli-zatlaryň taýynlygyny ýene bir gezek gözden geçirişdirdi. Howwa, ol bir hudaýoly bolsa alada etmesede bolardy. Emma täze-jaýyň, oglynyň uly okuwa girmegi, täze maşynyň hudaýolylary. Diýmek uly sadaka bolar. Inedä, aladalanara zat bar. Serdar-aga şu ýaşyna çenli ähli-gazanjyny gara-deri bilen gazanyp, indi hem şol halal-gazançlarynyň hözürini, dawwasyz-jeňjelsiz asuda görmek isleýär. Şol sebäpli ähli zady öňünden hasaplaýar. Serdar-aga ogly Bekmyrada:
— Agşama çenli ähli dogan garyndaşlar gelişip-giderler. Agşama hudaýoly sowular. Agşam ähli dost-ýarlaryňy, tanş-bilişleriňi, dogan-garyndaşlaryňy çagyr. Meýlis-toý-şüweleň eders. — diýip aýtdy. Bekmyrat kakasynyň hakyky "Serdar-baştutanlygyna" bütün jany-teni bilen ynanýar we kakasynyň ähli diýenleriniň birinden hem çykman, onuň ähli aýdanlaryny "Buýruk" diýip kabul edip ýerine ýetirýär. Bu gezek hem şeýle etdi. Bekmyrat ömründe ähli bolan dostlaryny-tanyşlaryny agşamky şüweleňe çagyrdy. Beýle şüweleňiň barlygyna, obanyň-şäheriň arasyndaky ähli şam-şagallary begendiler. Uly-hudaýolydan soň şady-horramlyk başlady. Agşam-düşdi. Bekmyradyň köp-dosty "Men-men" diýişip, näzi-nygmatlar iýişip döşlerine kakyşyp arlasalar, köp-dosty "Hudaýolydan soňambir şady-horramlyk, molla-kowdy bolarmy!?" diýişip bir gyrada sessiz diňşirginip otyrdylar. Ahyram Bekmyradyň dostlarynyň biri:
— Hanow Bekmyrat. Bu bir neme... Ol... Hemme mollaryň gorkýan-zady bolan ak-suwdan ýokmy!? Sagadama 10 boldy. Gaty giç bolmanka ýelmäp gaýdalyň. — diýip al-şerap getirmegini sargady. Bekmyrat bolsa beýle zyýanly endiklerden bihabar oglan. Ol:
— Häzir garaşyň. — diýip dostlarynyň oturan-jaýyndan çykyp, kakasyny gözledi. Tapman eli boş ýene dostlarynyň ýanyna dolanan Bekmyrat ýuwmarlap:
— Ýolda ýetip gelýär. Azajyk garaşyň! — diýip dostlaryny köşeşdirdi. Jaýyň içindäki 30 oglandan gowurak märeke ýene ondan mundan gürrüňlere, telewizordaky kinolara güýmenip oturyberdiler. Ara imi-samalyk aralaşanynda Bekmyrat bilen dostlarynyň oturan jaýynyň gapysy birden açyldy. Hemmeler seslerini, güýmenip oturan işlerini goýup gapa seretdiler. Ilki bilen gapyň tutawajyndan kimiňkidigi bellidäl ganly-el göründi. Soňra Serdar-aga gapydan ysgynsyz-halda südenekläp girip, gapyň bosagasyna daýanyp, zordan dem alyp, içerdäkileri synlady. Öýde oturan köpbilmiş-oglanlaryň köpisi gowulygyň ýoklugyny aňyşyp:
— Hany onda Bekmyrat. Wagtam gijigipdir. Öýdäkiler alada edýändirler. Bizem ýöräli... — diýişip, guýrugyny ýamzyna-dykýan syrtlanýaly çyňsaşyp turup-gaýtmaga başladylar. Eýse näme "Häzir Bekmyrat üçin belki aldym-berdimli gan-doküşikli urşa girmeli bolmagy mümkin. Öňünden owadanlap gaçanymyz gowy" diýip pikir edenler köp bolar ahyry. Başga doly-aňşyryp bilmedikler hem "Bizem ýöräli diýişip" olar hem turdular. Bu gaýdylşygy synlamak üçin gapdala geçip oturan Serdar-aganyň pajygaly ýagdaýyny ähli oglan-diýenýaly synlap, göwünli-göwünsiz jaýdan çykyp başladylar. Entek Bekmyrat kakasyna "Wah" diýip ýetişmänkä jaýda märeke galmady. Galan bolsa 9-10 sany oglan galandyr. Çykyp, gaýdan-oglanlar şeýlebir çalt-çykdylarweli, Bekmyrat nämäniň-nämeligini aňşyrybam bilmän şokda durdy. Ahyry şol galan-oglanlaryň biri:
— Bekmyrat ýassyk al... — diýip aýdan sözi Bekmyrady özüne getirdi. Bekmyrat ylgap, ýassyk alyp, kakasynyň ýanynda goýdyda:
— Kaka, näme boldy. Gowmy ýagdaýlaň? Näme boldy? — diýip hopugup başlady. Serdar-aga ýassyga gyşarman, arkaýynlyk bilen gürrüňe başlady:
— Daşardy bir halta bar. Ýolda maşynly gelýärkäm... Birden bir çaga ylgap çykdy... Durup ýetişmedim. — diýip aşak seretdi. Ýene biraz demini alyp:
— Kellejiginden geçipdirin. Hiçkim bilmänkä, aňmanka, çagany maşyna salyp, görmesinler diýibem halta saldym. — diýip ýene biraz demini dürsedi. Bekmyradyň dost-hasaplaýanlaryndan, jaýda 10 oglandagy galyp bu gürrüňleri diňläp durdular. Serdar-aga soň ýene:
— Çaga dünýesini täzeledi. Inni şony-bir, golaýdaky öwlüýäde jaýlasak. Gabyry gazmaga köpüräk oglan gerek!?
— diýip, güürňiniň soňuny ýetirip, jaýdaky galan oglanlara nazaryny aýlady. Ol 10 oglanyň ikisi "Ýaşuly, emgek bolup geçsin" diýişip, bular hem turup-jaýdan çykyp gaýtdylar. Serdar-aga:
— Bekmyrat. Ýör-hany. Dostlaryňam alda, şol öwlýäde gabyr-gazyşsaňyz!? Iki-ýeke adama çalt-gabyr gazmak aňsat zatdäl! — diýip, ýuwdunup, ýene galan 8 oglany gözden geçirip öňe ýöräp başlady. Serdar-aga baryp, özüniň maşyna mündi. Bekmyrat hem galan 8 oglan maşyna münjek bolanlarynda ýene 1 oglan Bekmyrada:
— Bekmyrat. Menä hiçzat görmedim, eşitmedim. Meň işimýok. Alla kuwwat bersin!!! — diýip maşyna münmän yzyna öwrüldide köçä tarap ýöräp başlady. Ýene 1 oglan "Menem goremogam, eşdemogam" diýip ýaňky köçä giden oglanyň yzyndan ylgady. Bulary synlap duran Serdar-aga maşyny otlap ýola-düşdüler. Ýolda gidip-barýarkalar ol oglanlaryň ýene biri:
— Siz ýoräberiň, men birýerlerden suw alaýyn. Çalt hem uzak işlesek biz hökman suwsars. Men şu ýerde düşüp galaýyn, yzyňyzdan ýeterin!? — diýip ýolda düşüp galdy. Biraz ýöränlerinden soň ýene bir oglan:
— Ine öýede golaýladyk. Iş dynamyzdan soň ulag ýoga Bekmyrat. Men gowsy şu ýerde düşäýeýin!? — diýip bu hem düşdi. Ahyry hem Serdar-aga, Bekmyrat we galan 4 dosty öwlüýä-gonamçylyga ýetdiler. Serdar-aga gonamçylyga gelip:
— Bekmyrat, bar çagany düşür. Haltadan çykar. Oglanlar sizem göterşäýiň!? — diýip buýranynda Bekmyrat we galan 4 dosty maşyndan haltany düşürdiler. Düşüreninden Bekmyrat haltanyň agzyny açdy. Açanam şoldy weli haltaň içinde bir gara-tüýli, ýüňli, damagy-çalynan şahly-läş göründi. Muny gören oglanlaryň biriniň zähresi ýarylyp, wäläp yzyna seretmän ylgap gaçdy. Bekmyrat bolsa gorkup yza ýykyldy. Galan iki dosty bolsa aňkarylyp durdular. Ählisiniň gözleri hanasyndan çykaýjak bolýardy. Aňyrdan Serdar-aga gelip:
— Hä gördüňizmi!? Bu çaga däl. Bu bir goç-mal. - diýip, gorkmakdan ýaňa dili tutulup oturan Bekmyradyň ýanyna baryp oturup:
— Bekmyrat. Oglum. Men saňa haýsynyň hakyky gandar, jandar-wepaly dosduňdygyňy açyp-görkezdim. Şol "Dost" diýip tirkeşipýören 40-50 şagaldyr-syrtlanlaryň içinden, ine hakyky 1 ýolbars, 1 möjek, 1 bürgüt galdy. Bu dostlaryňy hiç-ýitirmegin. Bular ahyryna çenli seniň arkaňda durdular. Sen hem bularyň arkasynda doganlaryndanam beter, kakalaryndanam beter bolupdurgun! Ýörüň inni, öýe gaýdalyň. Siz oglanlar, meň oglumuň wepaly dostlary. Size sowgadym bar!!! — diýip öýe ugradylar. Gelenlerinde bolsa Serdar-aga Bekmyradyň bu dostlaryna gymmat-bahaly sowgatlar berdi.

Awtory: Halk arasyndan.
Ýazga geçiren: IDEALLIDER.
31
85
ideallider
14.03.2024 21:49

"Öwrenmeli"-niň agzalary meniň aňymda.


1. Gül🏵️ + asmana ýetip bulutlaryň arasyndaky Gül.

2. Dusia + Adam lukmany köp, köňül-ruhy lukmany ýekeje we ol Dusia.

3. Kenno_Tabi + Aýnalar dünýesiniň şasy.

4. Serwi + Beýle gyz üçin ýörüte "Eser" döreden duýgym.

5. Relax + entegem pikirimi jemläp bilemok.

6. Garlawaç + bar wagty "Parahatlyk, Asudalyk" hem bolar.

7. Gulia_Maksatmyradowna + Haçanda düşünjesizler "Gyzda güýç ýok" diýenlerinde ilki bilen şu gyzyň psihiki we fiziki güýji aňyma motiwasiýa bolýar.

8. Perman__ + Nämçündir iňbir berk metal ýadyma düşýär.

9. Elifnur + hemmeleriň wirtual ýürek Şagyzy bolan.

10. Gercheknazar + Gerçeknazar "Hassalady" diýip lukmanlar ony güýç bilen hassahana daňyp getirdiler we operatsiýa başladylar. Ýaňybir skalpi bilen Gerçeknazaryň bedenine degenlerinde Gerçeknazardan "Ylham" ýarylyp çykdy, ol ylham ilki palatany, soň bolsa bütün dünýäni tutdy.

49
514