Gan bilen barlanan dostluk.
Agşama taýynlanmaly uly hudaýoly üçin Serdar-aga bu gün daň bilen turup, hudaýoly üçin ähli-zatlaryň taýynlygyny ýene bir gezek gözden geçirişdirdi. Howwa, ol bir hudaýoly bolsa alada etmesede bolardy. Emma täze-jaýyň, oglynyň uly okuwa girmegi, täze maşynyň hudaýolylary. Diýmek uly sadaka bolar. Inedä, aladalanara zat bar. Serdar-aga şu ýaşyna çenli ähli-gazanjyny gara-deri bilen gazanyp, indi hem şol halal-gazançlarynyň hözürini, dawwasyz-jeňjelsiz asuda görmek isleýär. Şol sebäpli ähli zady öňünden hasaplaýar. Serdar-aga ogly Bekmyrada:
— Agşama çenli ähli dogan garyndaşlar gelişip-giderler. Agşama hudaýoly sowular. Agşam ähli dost-ýarlaryňy, tanş-bilişleriňi, dogan-garyndaşlaryňy çagyr. Meýlis-toý-şüweleň eders. — diýip aýtdy. Bekmyrat kakasynyň hakyky "Serdar-baştutanlygyna" bütün jany-teni bilen ynanýar we kakasynyň ähli diýenleriniň birinden hem çykman, onuň ähli aýdanlaryny "Buýruk" diýip kabul edip ýerine ýetirýär. Bu gezek hem şeýle etdi. Bekmyrat ömründe ähli bolan dostlaryny-tanyşlaryny agşamky şüweleňe çagyrdy. Beýle şüweleňiň barlygyna, obanyň-şäheriň arasyndaky ähli şam-şagallary begendiler. Uly-hudaýolydan soň şady-horramlyk başlady. Agşam-düşdi. Bekmyradyň köp-dosty "Men-men" diýişip, näzi-nygmatlar iýişip döşlerine kakyşyp arlasalar, köp-dosty "Hudaýolydan soňambir şady-horramlyk, molla-kowdy bolarmy!?" diýişip bir gyrada sessiz diňşirginip otyrdylar. Ahyram Bekmyradyň dostlarynyň biri:
— Hanow Bekmyrat. Bu bir neme... Ol... Hemme mollaryň gorkýan-zady bolan ak-suwdan ýokmy!? Sagadama 10 boldy. Gaty giç bolmanka ýelmäp gaýdalyň. — diýip al-şerap getirmegini sargady. Bekmyrat bolsa beýle zyýanly endiklerden bihabar oglan. Ol:
— Häzir garaşyň. — diýip dostlarynyň oturan-jaýyndan çykyp, kakasyny gözledi. Tapman eli boş ýene dostlarynyň ýanyna dolanan Bekmyrat ýuwmarlap:
— Ýolda ýetip gelýär. Azajyk garaşyň! — diýip dostlaryny köşeşdirdi. Jaýyň içindäki 30 oglandan gowurak märeke ýene ondan mundan gürrüňlere, telewizordaky kinolara güýmenip oturyberdiler. Ara imi-samalyk aralaşanynda Bekmyrat bilen dostlarynyň oturan jaýynyň gapysy birden açyldy. Hemmeler seslerini, güýmenip oturan işlerini goýup gapa seretdiler. Ilki bilen gapyň tutawajyndan kimiňkidigi bellidäl ganly-el göründi. Soňra Serdar-aga gapydan ysgynsyz-halda südenekläp girip, gapyň bosagasyna daýanyp, zordan dem alyp, içerdäkileri synlady. Öýde oturan köpbilmiş-oglanlaryň köpisi gowulygyň ýoklugyny aňyşyp:
— Hany onda Bekmyrat. Wagtam gijigipdir. Öýdäkiler alada edýändirler. Bizem ýöräli... — diýişip, guýrugyny ýamzyna-dykýan syrtlanýaly çyňsaşyp turup-gaýtmaga başladylar. Eýse näme "Häzir Bekmyrat üçin belki aldym-berdimli gan-doküşikli urşa girmeli bolmagy mümkin. Öňünden owadanlap gaçanymyz gowy" diýip pikir edenler köp bolar ahyry. Başga doly-aňşyryp bilmedikler hem "Bizem ýöräli diýişip" olar hem turdular. Bu gaýdylşygy synlamak üçin gapdala geçip oturan Serdar-aganyň pajygaly ýagdaýyny ähli oglan-diýenýaly synlap, göwünli-göwünsiz jaýdan çykyp başladylar. Entek Bekmyrat kakasyna "Wah" diýip ýetişmänkä jaýda märeke galmady. Galan bolsa 9-10 sany oglan galandyr. Çykyp, gaýdan-oglanlar şeýlebir çalt-çykdylarweli, Bekmyrat nämäniň-nämeligini aňşyrybam bilmän şokda durdy. Ahyry şol galan-oglanlaryň biri:
— Bekmyrat ýassyk al... — diýip aýdan sözi Bekmyrady özüne getirdi. Bekmyrat ylgap, ýassyk alyp, kakasynyň ýanynda goýdyda:
— Kaka, näme boldy. Gowmy ýagdaýlaň? Näme boldy? — diýip hopugup başlady. Serdar-aga ýassyga gyşarman, arkaýynlyk bilen gürrüňe başlady:
— Daşardy bir halta bar. Ýolda maşynly gelýärkäm... Birden bir çaga ylgap çykdy... Durup ýetişmedim. — diýip aşak seretdi. Ýene biraz demini alyp:
— Kellejiginden geçipdirin. Hiçkim bilmänkä, aňmanka, çagany maşyna salyp, görmesinler diýibem halta saldym. — diýip ýene biraz demini dürsedi. Bekmyradyň dost-hasaplaýanlaryndan, jaýda 10 oglandagy galyp bu gürrüňleri diňläp durdular. Serdar-aga soň ýene:
— Çaga dünýesini täzeledi. Inni şony-bir, golaýdaky öwlüýäde jaýlasak. Gabyry gazmaga köpüräk oglan gerek!?
— diýip, güürňiniň soňuny ýetirip, jaýdaky galan oglanlara nazaryny aýlady. Ol 10 oglanyň ikisi "Ýaşuly, emgek bolup geçsin" diýişip, bular hem turup-jaýdan çykyp gaýtdylar. Serdar-aga:
— Bekmyrat. Ýör-hany. Dostlaryňam alda, şol öwlýäde gabyr-gazyşsaňyz!? Iki-ýeke adama çalt-gabyr gazmak aňsat zatdäl! — diýip, ýuwdunup, ýene galan 8 oglany gözden geçirip öňe ýöräp başlady. Serdar-aga baryp, özüniň maşyna mündi. Bekmyrat hem galan 8 oglan maşyna münjek bolanlarynda ýene 1 oglan Bekmyrada:
— Bekmyrat. Menä hiçzat görmedim, eşitmedim. Meň işimýok. Alla kuwwat bersin!!! — diýip maşyna münmän yzyna öwrüldide köçä tarap ýöräp başlady. Ýene 1 oglan "Menem goremogam, eşdemogam" diýip ýaňky köçä giden oglanyň yzyndan ylgady. Bulary synlap duran Serdar-aga maşyny otlap ýola-düşdüler. Ýolda gidip-barýarkalar ol oglanlaryň ýene biri:
— Siz ýoräberiň, men birýerlerden suw alaýyn. Çalt hem uzak işlesek biz hökman suwsars. Men şu ýerde düşüp galaýyn, yzyňyzdan ýeterin!? — diýip ýolda düşüp galdy. Biraz ýöränlerinden soň ýene bir oglan:
— Ine öýede golaýladyk. Iş dynamyzdan soň ulag ýoga Bekmyrat. Men gowsy şu ýerde düşäýeýin!? — diýip bu hem düşdi. Ahyry hem Serdar-aga, Bekmyrat we galan 4 dosty öwlüýä-gonamçylyga ýetdiler. Serdar-aga gonamçylyga gelip:
— Bekmyrat, bar çagany düşür. Haltadan çykar. Oglanlar sizem göterşäýiň!? — diýip buýranynda Bekmyrat we galan 4 dosty maşyndan haltany düşürdiler. Düşüreninden Bekmyrat haltanyň agzyny açdy. Açanam şoldy weli haltaň içinde bir gara-tüýli, ýüňli, damagy-çalynan şahly-läş göründi. Muny gören oglanlaryň biriniň zähresi ýarylyp, wäläp yzyna seretmän ylgap gaçdy. Bekmyrat bolsa gorkup yza ýykyldy. Galan iki dosty bolsa aňkarylyp durdular. Ählisiniň gözleri hanasyndan çykaýjak bolýardy. Aňyrdan Serdar-aga gelip:
— Hä gördüňizmi!? Bu çaga däl. Bu bir goç-mal. - diýip, gorkmakdan ýaňa dili tutulup oturan Bekmyradyň ýanyna baryp oturup:
— Bekmyrat. Oglum. Men saňa haýsynyň hakyky gandar, jandar-wepaly dosduňdygyňy açyp-görkezdim. Şol "Dost" diýip tirkeşipýören 40-50 şagaldyr-syrtlanlaryň içinden, ine hakyky 1 ýolbars, 1 möjek, 1 bürgüt galdy. Bu dostlaryňy hiç-ýitirmegin. Bular ahyryna çenli seniň arkaňda durdular. Sen hem bularyň arkasynda doganlaryndanam beter, kakalaryndanam beter bolupdurgun! Ýörüň inni, öýe gaýdalyň. Siz oglanlar, meň oglumuň wepaly dostlary. Size sowgadym bar!!! — diýip öýe ugradylar. Gelenlerinde bolsa Serdar-aga Bekmyradyň bu dostlaryna gymmat-bahaly sowgatlar berdi.

Awtory: Halk arasyndan.
Ýazga geçiren: IDEALLIDER.