ideallider
19.03.2024 17:10
Eje men saňa uzak ýaş dilejekdäl.

Eklediň, sakladyň kemala getirdiň. Meň üçin köp ýalyn-alow, köp buzly-suwlary gördüň. Käbäm ejem, sylagym gutarnyksy. Emma saňa uzak ýaş dilejekdläl. Goňşymyz Gülnahal gelneje muňa uly mysal. Kümüş saç ene 90 içinde. Maşgalasy hem gowy. Şükür oňa akylly gelin hem duşdy, ogly hem mertebeli. Är-aýal agzybir hiç-gaşlaryny çytman ejeleriniň hyzmatynda. Arassa we gowy saklaýarlar. Şondada Gülnahal-ene "Men çagalaryma ýük bolýan, olary köseýän. Men bolmadyk bolsam gelinjigim bilen oguljugym söýüşipjik aýlanmaga, teatra, kino giderdiler. Hassalamda köp dermana pul bermezdiler. Hassalap üsgülegüme ukudan oýanmazdylar" diýip gynanýar. Ogly we gelini "Siz bolmadyk bolsaňyz biz agzybir hem bolmazdyk, bir-birimizi nädip söýmelodigini hem bilmezdik. Bagty goramagy hem başarmazdyk. Gaýtam sizi bize goýan Gudraty Güýçlä müň alkyş bolsun" diýýärler. Şondada Gülnahal eje "Ähli deňduşlarym maňa garaşýar" diýip käteler öýden çykyp gidiberýär. Ogly zordan ilden-halkdan sorap tapyşdyryp ýene öýüne getirýär. Soňa baka Gülnahal-enänin akly-üýtgäp "Meni Biribar alanok" diýip gynanyp aglaýardy. Ol dünýesini täzelemek isleýärdi. Il galmak islese ol gitmäge uly höwesli. Janym ejem, senem aramyzdan gitseň "Çaltjak jennedi-jaýyna barýar" diýip köşeşerin. Seni jennede salmasalar hem "Ejemi hem salaýyň. Ol mende ýekeje ahyry" diýip seni Biribardan dilärin. Inşallah ražy bolar. Ynanýan. Şol sebäpli bu ýalançyda köseseneniň bes. Käbäm ejem, uzak ýaş dilejekdäl...

Awtory: IDEALLIDER
32
167
manolya
19 Mart 2024
@indi, dogry olama :-(
alma___
19 Mart 2024
@manolya, ejeñe kyn dùşer
manolya
19 Mart 2024
Menem eger alsaň ejemden öň al meni Allam diýip dileýän )) Ýakynlarymyzyň ýoklygyny görkezmesin Alla)
manolya
19 Mart 2024
:(
tmyigit76
19 Mart 2024
Bu loly dünýe hem şeýle synagdyr. Jennetden daşlaşdyrmak üçin Içi bizi güýmeýän zatlar bilen doly. Esasy zat uzak däl, manyly sogaply ýaşamak
tmyigit76
19 Mart 2024
Şu wagt siz 3 gezek ýalňyşdyňyz we ýene 2 gezek ýalňyşmaga mümkinçilik bar. Siz synagyň çaltrak gutarmagyny dilärsiňiz. Sebäbi Eger Soraglar şeýle dowam etse siz 4-5-6 gezek hem ýalňyşarsyňyz. Sebäbi ýalňyşmajak adam ýok.
tmyigit76
19 Mart 2024
Düdünşimçe düşündiriş: Pikir edip görüň. Siz synaga girdiňiz we sizde 5 gezek ýalňyşmaga mümkinçilik bar. Ondan artyk ýalňyşsaň okuwa kabul edileňok.Ilki size 3 sorag berildi we 2 si dogry 1-i ýalňyş boldy. Soň ýene üç sorag berildi we ýene 2 dogry we 1 ýalňyş boldy, soňra ýene şeýle 3 sorag 2 dogry we 1 ýalňyş netije boldy
ideallider
19 Mart 2024
@yalnyz, meň düşündirjegimi @indi, agza aýdypdyr
alma___
19 Mart 2024
Kàbir garrylaryñ bolyp otyrşyny gòrip ,,hemme zadyñam òz wartynda bolany ýagşy" diýdirýàr
gullnara_
19 Mart 2024
Bula birhilirak bolupdyr
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.