ideallider
25.03.2024 23:52
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 3

31. Ördekleriň diňe mäkiýanlary(urkaçy, gyz, aýal) gagyldaýarlar.

32. Aýallar, erkeklere garanyňda, ýuwaş sesi has gowy eşidýärler(nauşnikde köp aýdym diňleýänlere degişlidäl)

33. Orta adamyň kellesiniň agramy ortaça 3 kg 600 gr.

34. Alymlaryň çaklamagyna görä çepbekeýler, başgalardan 9 ýyl az ýaşaýar.

35. Adamlaryň 70% başgalaryň pikiri bilen hereket edýär. Diňe 30% öz pikirleri bilen ýaşaýarlar.

36. Begemotlaryň süýdi gülgüne reňkde

38. Aleksandr Makedonski garaguş keselli(эпилептик) bolupdur.

39. Arylar hiç-haçan uklanok.

40. 1386-njy ýylda Fransiýada bir doňuzuň, çaga öldüreni üçin ol doňuza köpçülikleýin ýerde, "Dardan asmak" jeza çäresini beripdirler.

Internet Sahypalaryndan jemlän: IDEALLIDER.
30
172
ideallider
24.03.2024 21:53
Älemde başgaça ýaşaýyş.

Inede hassanyň ýüzüni açmaly gün hem gelip ýetdi. Hassa 1 ýyl ozal, güýçli ýangynda galyp, endam-jany ýanyp-bişip, uly ezýetler gördi. Jepalar çekdi. Köp agyryly operatsiýalar geçirdi. Ahyry lukman gelip "Kelläňizdäki sargylary aýyrmaly" diýilen şatlykly habary getirdi. Bu şanly daýara kimin waka ähli lukmanlar üýşdiler. Uly-wraç hassanyň ýanyna gelip hassanyň kellesindäki, bütün ýüzi bilen örtülen has uzyn sargyny ýuwaşlyk bilen aýyryp başlady. Hassa bolsa:
— Lukman, birden meniň ýanan-ýüzüm bitmän, men elhenç-nägehan bolup, çagalary gorkuzar derejede nejis bolsam, maňa nähili günler garaşýar??? — diýip ýüzlendi. Lukman bolsa:
— Gaýgy etmäň, stress siziň saglygyňyza zyýan... — diýip sargyny aýyrmagyny dowam edýär. Ahyry hem iň soňky sargy aýyrylanyndan soň ähli lukmanlaryň demi tutuldy. Hassa... Onuň ýüzi edil aktrisanyň ýüziýaly ýylmanak, ajaýyp-gül kimin, myýmyjak we hiçzat bolmadykýaly owadan. Onuň ýüz keşbi ajaýyp çagany ýadyňa salýar. Hassanyň bu gözelligine hatda perişdeler hem höwes edip biler. Lukman zordan özüni dürsäp, hassa-gyza aýna uzatdy. Gyz aýnany alyp, agzyny elleri bilen tutup uludan gygyryp aglamaga başlady we aýnany ýere pylçap zyňdy. Gyz edil däli öküz deý urunyp başlady. Lukmanlar çaltlyk bilen gyza uky dermany urdular we gyzy berk-mäkäm daňyp, özleri bolsa gyra çekildiler. Professor:
— Howwa näme pikirleriňiz bar??? — diýeninden şepagat uýalar we başga lukmanlaryň hersi "ömürlük uklatmaly, dälihana salmaly, bildirmän organlaryny paýlamaly" diýip elhenç pikirler aýtdylar. Şeý diýişip palatadan hakyky eşek, doňuz, ýylan we başga jandarlardan azýanýaly sypatda lukmanlar çykyp gitdiler. Sebäbi bu älemde bu lukmanlar adaty ynsanlardy, hassa bolsa elhenç-bedroýlykdaky nägehändy.

Ylhamlanma: "Сумеречная Зона" serialdan ýatda galanlardan.
34
103
ideallider
24.03.2024 18:58
Gülüşime güleýin 3.

21. - Uff Gülnaram, men Maýsa bilen ýönekeý dostlardygymy nädip saňa subut edip bilerin???
+ Maňa oň kellesini getir!!!

22. Sadikda:
- Şirinjan, sen otýaly betje gyzmy?
+ Bilemokweli, oturup turamdara garşokdan gyzgyn tüssärä çykýa.

23. - Meni nämçün imo grupbaňdan udalit etdiň?
+ Sen meni bizar etdiň!!!
- Ikimiziň är-aýaldygymyz saňa hiçzat aňladanokmy???

24. "Eger adamlar pikir okap bilýän bilgiç bolsadylar, onda maňa 10 gezek atuw jezasyny berip, soňam wulkanda gömerdiler"

25. Owadan çagalar dogulsa onda ol çagalar söýgüden emele gelendir. A meň kakam bilen ejem meni ýasanlarda, bir-birlerine ýürekleri bulanypdyrmy nämemi!?

26. Dogtarlar birini operasiýa edýäler. Aşakdan pişik "Mýau" edýär. Dogtarlaryň biri "Al aç bir öläýme" diýip birzat oklaýalar.

27. Zatdan gorkýandäldirin weli öýde ýeke özüm gezipýörkäm asgyramda biri "Sabr et" diýdi imanym uçdy.

28. Käbirlerilerine el kömegini etmek üçin eliňi uzatsaň bolanja ýüzükleriňdenem sagadyňdanam galaýýaň.

29. - Oglum, maňa mugallymyň sadikda "hapa sögünýä" diýip aýdýala!?
+ Kalanizasiýa iýýäler.

30. Duwn birininin ystatusny okadym. Yalňysdan dopba dolu eken. Shuwagdta çnnni gülbup hezil edtýän.


Internet sahypalaryndan toplan we durmuşdan alan: IDEALLIDER
31
244
ideallider
24.03.2024 09:56

IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 2



21. Nýu Ýorkdaky beýik jaýlardan bökmekçi bolanyňyz üçin size ölüm jezasyny berip bilerler.


22. YouTube-däki her bir wideony görmek üçin size 1000 ýyl gerek bolar.


23. Tebigatyň ýaradan iň berk zady akulanyň dişi.


24. Horaz boýnuny uzatman gygyryp bilenok.


25. Kirpilere, alahöwren(ýylan)(Гадюка) zäheri az täsir edýär(ýada hiç-hili täsir etmeýär). Kirpä başga awylar hem ýagny sinilniý kislota(синильная кислота - sian kislotasy, sian wodorody), opium(trýek), myşýak, sulema(hlorly simabyň awuly ak poroşogy, ergini) az täsir edýär.


26. Şuwagt arak, çilime ýada başga erbetliklere köp pul harçlan adam, soň dermanlara, gospital-bolnissalara köp pul harçlar.


27. Ýekeje adamam kagyz listini 8 gezekden köp epläp bilmez.


28. Gök kitiň dili, pilden hem agyr.


29. Titanigi gurmak üçin 7 milion dollar gerek bolupdyr. A filmini düşürmek üçin bolsa 200 milion.


30. Peşewdäki esasy madda bolan moçewina-ny(kristal görnüşli azotly madda)Çilime ys bermek üçin ulanýarlar.


Internet Sahypalaryndan jemlän: IDEALLIDER.

48
381
ideallider
23.03.2024 21:27
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 1

1. Dogabitdi kör adamlar düýş görenoklar. Olar düýşi ysgap, elläp, eşidip bilýärler.

2. Berilli(himiki metalyň ady)-den ýasalan pružinler ömürlik diýilenýaly. Olar 20 milliard gezek açylyp-ýapylmaga ukyply. Ine şu sebäpli hem berilliý-metaly "ömürlik argynsyz-ýadawsyz" ada eýedir. Meňzeş edilip ýasalan beýleki polat pružinler bolsa bary ýogy 300-400 müň gezek açylyp-ýapylmaga ukyplydyr.

3. Ylym-bilime näbelli sebäplere görä 2006-njy ýyldan bäri, ýer ýüzünde bal-arylarynyň sanawy gaty bahym azaldy. Eger şu ýagdaýda gitse, onda 2035-nji ýylda bal-arylary ýer-ýüzünden ýitip giderler. Muň bilen diňe bal däl, eýsem köp görnüşli güllerem, köp miwelerem, köp maňyzlaram, köp görnüşli bakja ekinlerem ýok bolup ýitip gider. Sebäbi arylar gülleri tozgalandyrýarlar. Bir ary maşgalasy bir günde 3 million ösümligi tozgalandyrýar. Adamlar entek, tozgalandyrmagyň başga görnüşini oýlap-tapanoklar.

4. Sapsan-laçyny(Latyn dilinde "Falco peregrinus") ýer-şaryndaky iň ýyndam-çalt jandardyr. Ol öz awyna hüjüm edende, onuň tizlgi 320 km/sagatda.

5. Hytaýyň däp-dessuryna laýyklykda, myhmançylykda nahar iýeniňizde şapbyldap-şupbuldap iýmeli. Eger şeýle etmeseňiz onda öý-eýeleriniň göwnüne degersiňiz. Ýene desterhana, salfetkalara, saçaga nahar damjalary damdyrmagy hem soklardan çala-çula dökmegide unutmaň. Mundan başgada öý-bikesine gül sowgat bermek bolmaýar.

6. Eger akulalary ýüzdürmän, bir duran ýerinde saklap dursaňyz, onda akula demigip öler.

7. Gurluşukda, sungatda we astranomiýada uly özgerşmeler eden günorta-indeýliler, diňe Hristofor Kolumb geleninden soň tekeri(togalak, tegelek) bilip galdylar.

8. Adamyň beýnisi ortaça 100 miliard neýrondan ybarat. Her neýron başga 25-30 müň neýron bilen bagly. Her minutda embrionyň içinde 250 müň neýron döreýär.

9. Facebook-yň döredijisi Mark Sukerberg, 25 ýaşynda miliarder bolýar. Bil Geýts bolsa 31 ýaşynda

10. Moskwadaky gatnaýan 666-nomerli awtobusuň nomeri, dini adamlaryň gohlary boýunça 616-a üýtgedildi. Soňra yzy bilen Moskwadan Ostaşkow aralygynda gatnaýan 666 belgili poýezdiňkihem 604-e üýtgedildi. (Hristian dini ynançlara görä 666 san belgi, bu Şeýtanyň belgisi. Eşitmişlerime görä şu belgi bilen Şeýtan ahyr-zamanany başlajakmyşyn)

Internet sahypalaryndan: IDEALLIDER.
32
205
ideallider
23.03.2024 13:39
Gülüşime güleýin 2.

11. Durmuşum başa barmady. Ýüp, stul aljak, bir bagyň aşagyna barjak. Stula münüp, ýüpi bagdan geçirip, hemmelere gahar edip hiňňildik uçjak.

12. "Tebigatam aldawçy bolýaraý" diýip bilini gaşap kirpi kaktusdan aşak düşdi.

13. -Joraaaaa. Google internetden hemmezat tapyp berýämiş.
+ Ok google, men durmuşa çykarymýaly oglan tapyp ber.

14. Aptekde men:
-Maňa asitilosilawy kislota beriňsene!!!
+ Aspirinmi?
- Howwa. Adyny bulaşdyrýanlaý!

15. Eger biri göwnüňe degdimi, gynanma. Oňa süýjijik ber. Ýene göwnüňe degdimi ýene süýjijik ber. Muny ol göwnüne degen haýwan tä sahar=süýji kesel bolýança gaýtala.

16. Waýennikomadyň gapysynda aksiýa ýazgy "Hormatly gyzlar. Öz oglanjygyňyzy getiriň we bary ýogy 2 ýyljykdan hakyky erkegi alyp gidiň. Hyzmat mugt"

17. Eger söýgüliň gahary gelip däliräp başlasa, ondan 5 ýa 6 ädim aňryk süýşip oňa 1 şokolad zyň. Köşeşer. Barlap gördüm.

18. Winni puhuň dosty ýemşijek, ýuwaşja gorkajyk ýönekeýje weli, nämçün diňe şoň öýünde awtomat bar!?

19. Daşardan bir palçyk geldi. Özem "Men seň çagaň" diýýär. Hany ýuwjak bolupgör. Sesä oglumyň sesine meňzeş.

20. Bankomadyň pul sanaýyş sesini diktafona zapis edip, ol zapisam budlinige goýsam, interesno, turarmykamaý!?

21. Biz halasak laýk goýýanlaryň nesilleri.

Internet sahypalaryndan toplan we durmuşdan alan: IDEALLIDER.
41
265
ideallider
23.03.2024 00:54
Gülüşime güleýin 1.

1. Magazina bardym, sakgyç aldym. Çykjak bolamda kassir:
- Sakgyjyňyzy pakeda salaýynmy?
+ Howwa blä 3 pakeda salarsyňda, sakgyjyň agramyna ýyrtylar öýdüp gorkýan!!!

2. Hytaý çagalary irden turup zarýadka edýäler, soňam ol zarýatçigi bize satýalar.

3. Iki sany sakawlaryň sögüşip bir biriniň agzyna öýkenişlerini görseňiz näme hereket ederdiňiz!?

4. Käbir "Meni tapmak kyn ýitirmek aňsat" diýip ýazýan gyzlara gaharym gelýä, siz nä jorabymyň bir taýymaý!?

5. Menden "Geçmişe geljege gidýän maşynyň bolsa näme etjek" diýip soradylar. Menem "Gara aýna dakjak"

6. Gelnimiň özüni aklajak boluşy(atmazkasy) "Birinjidenä men ony alamok, ikinjidenem eýýäm ony ýerinde goýdum, onsaňam özüň günäkär nämçün görünýän ýerde göýduň!?"

7. Goňşymdan algym bardy. Bermedi. Olar 1 aýlyk awaza gidenlerinde gapylaryna "Buşugmak gadagan 1000 jerime" diýip ýazdym.

8. Dogtor:
- Inede siziň dişiňiz, çüýrigini aýyrdym.
+ Agam su diýsimi näçä satyn aldak???

9. - Kijijek eşek, ol möjegemdäl, ýolbarsamdäl, bürgüdem däl, ol eşejik. Senem şolarýaly!!!
+ Düşünmedim maňa sögüp eşek diýjek bolýaňmy ýada möjekýaly, ýolbarsýaly, bürgütýaly diýjek bolýaňmy?
- Şolarýaly!!!

10. Bir gezekde köp iş etdim: Akýol napitogy açdym, söýgülimiň kraskasyny ýuwdum, eşiklerimizi çalşdyk, poly ýuwdum, başga nahar bişirdik, diwany ýuwmajak bolup burnumdan geldi.

Dowamy bolsunm? Geçilenleri gaýtalamaga garşy barmy?

Internet sahypalaryndan toplan we durmuşdan alan: IDEALLIDER.
47
381
ideallider
22.03.2024 22:41

Öz bähbidim ýada guýruksuz tilki.


Bir tilkiniň guýrugy gapana gapjapdyr. Gapandan

Näçe jan-etsede gapandan boşanyp bilmän, halas bolmak üçin guýrugyny kesmekden başga çykalga tapman, guýrugyny kesipdir. Wagtyň geçmegi bilen, başga tilkiler bu guýruksyz tilkini görüp:

— Nämçün guýrugyňy kesdiň? — diýip soranlarynda, guýruksuz tilki:

— Guýruksuz wagtym özümi şeýlebir bagtly we şadyýan duýýaryn. — diýip jogaplan. Bu sözlerden soň beýleki tilkilerden käbiri hem öz guýruklaryny kesipdirler. Emma bagtly bolmagyň ýerine gaty-beter ejir çekipdirler. Ahyry olar agyrylaryna çydaman, beýleki tilkiniň ýanyna baryp:

— Bizi nämçün aldadyň? Biz bagtly-şadyýan bolman gaýtam tersine diňe ejirli-agyry çekýäs!!! — diýseler, birinji tilki:

— Ýuwaş, eger ejir çekenimizi beýleki tilkiler bilseler, olaram öz guýruklaryny kesmezler we biziň üsdümiüzden gülüp-gezerler. — diýip jogaplapdyr. Şeýlelik bilen bu tulki hem başga tilkilere "Guýruksuz gaty-şadyýan" gezýänligi barada aýdyp, güjeňläp gezipdir. Bu habary eşiden tlikileriň hemmesi diýenýaly guýruklaryny kesipdirler. Şeýdip guýruksuzlar köpelipdir. Indi bu gezek guýruksuzlar, kesilmedikleriň üsdünden gülüp, azar berip gezipdirler.


Göçürme: T.Soltanow.

40
247
ideallider
22.03.2024 02:03
Arak içmegiň peýdasy.

Gadym zamanlarda bir patşa bolupdur. Bu patşa şerap-içmegi gowy görýän eken. Günlerde bir gün patşa bu serhoşlygy taşlamagy ýüregine düwüpdir. Emma hiç taşlap bilmändir. Öz wezir-wekilleriniň arasynda gowy görýän dosty bolup, ol dosty patşaha \"Halkyň arasyna çykyp görmegi\" maslahat berýär. Patşa agşam düşeninde köne-sana eşige geçip, köşkden çykyp aýlanmaga başlanynda köçelerde bir howlynyň derwezesiniň açyklygyny görýär. Bu howlyda bir owadan gelin ýere seredip kä gülýär käte bolsa aglaýar. Patşa bu geliniň ahwalatyna düşünmän, gyzyklanýar we baryp \"Girmek bolarmy, myhman alarsyňyzmy?\" diýip soraýar. Gelin belki patşahy tanandyr hem razylyk berýär we öýüne salýar. Patşa öýe girse, öýüň içinde iki sany mazar bar. Patşa gorkup:
- Bu nämboldygy? Nämçün merhumlar öwlýäde dälde törde jaýlandy? - diýip soranynda, gelin jaýyň bir çüňkünde oturup gürrüň berip başlaýar:
- Çaga wagtym ejem-kakam ýogaldy. Oglan doganym bilen galdym. Agyr günler başlady. Doganym çydaman özüni içgä berdi we günde serhoş bolup öýe gelip başlady. Şeýle günleriň birinde içgili-serhoş doganym gelip meniň düşegime girdi, meň gohuma-urgularyma garaman meni güýç bilen aldy. Ertesi irden bolanlazatlary doganyma aýtdym, ol bolsa namys edip Şeýtana öwrülenine gaharlanyp özüni asypdyr. Bu bolan wakany hiç-kime bildirmejek bolup, doganymy şu ýerde jaýladym. Ine bu onyň mazary. Günler-aýlar geçdi. Meň doganymdan içimde çaga galypdyr. Ol çagany hem bu dünýä getirip \"Şeýtandan bolan beter Şeýtan bolmasyn, Allahyň jaýynda adam bolsun\" diýip ýaňy dogan çagany metjidiň öňünde goýup boýnunada ýeke tumarymy dakypdym. Meger 15-20 ýyl geçendir. Şeýdip ýaşaýşymy dowam ediberdim. Maşgala edinip durmuş gurmadym. Ýüregim telwas edýärdi, emma... Ahyram günlerim birinde çeşmä suw almaga baranymda, atly bir owadan oglana gözüm düşdi. Ol oglan hem meni günde çeşmede görýärdi. Bir gün ol maňa söýýänligini aýtdy. Men utandym. Sebäbi men uly aýal, ol bolsa ýaşajyk oglan. Şondada oglan meni günde şutaýda görýädi. Hergün meň aladamy edip ahyry meni yrdy we bu oglan bilen duşuşup başladym. Şeýle günleriň birinde süýji arzuwlar bilen begenip gezipýörkäm, bu oglan gelip maňa öýlenmek isleýänini aýtdy we biz durmuş gurduk hem bile bolduk. Ertesi irden toýdan soň oglan ýatyrdy, men bolsa onyň \"egin-eşiklerini ýuwup arassalaýyn\" diýip köýnegini alanymda şooool öňki 20 ýyl mundan owalky tumaryma gözüm düşdi. Men oglany çaltlyk bilen turuzup tumary nirden alanyny soranymda bu oglan \"Çagakam, ejem meni metjidiň gapysyna zyňyp gidipdir we mollalar meni tapanlarynda boýnumda şu tumar bar eken, şondan bäri tumary aýyrman dakynýan\" diýeninden dünýäm ýykyldy. Men onyň ejesidigimi we nämeleriň bolup oglanyň bolsa nädip döränini düşündirdim, oglum \"Şeýtanyň ogly Şeýtan bolanyny\" aýtdy we sögünip meni öýden kowdy. Çykyp gidip birnäçe wagtdan öýe dolanyp gelsem oglum hem özüni asypdyr. Buda onuň mazary. - diýip beýleki mazary görkezdi. Patşa bolsa:
- Onda näme üçin gülýäň, soň aglaýaň, ýene gülýäň ýene aglaýaň?
+ Çagakam \"Maşgalam bolar, bagtly eje bolup bagtly çagalarym bolar\" diýip eden arzuwlarymy ýatlap içim ýanyp gülýärin. Soň hem geçen günlerimi hem bulary ýatlap aglaýaryn. - diýeninden Patşahyň saçlary agarýar we şol wagt toba edip içgi-aragy taşlaýar.

Hormatly adamlar. Rowaýatyň adyny üýtgedip \"Arak içmegiň peýdasy\" diýenime ötünç soraýaryn. Sebäbi \"Şeýdip ýazanyma köp arak içenler imrinip höwes bilen okarlar\" diýen niýetim bardy. Arassa adamlar bolsa bu herekedime düşünerler. Arak gaty haramdyr. Bu rowaýat \"ýalan\" diýip bilersiňiz emma geçmişe seredeliň \"Arak, şerap, spirtli içgiler\" nämçün haram diýilip kabul edildi??? Halk arasynda ýaşulylaryň aýtmaklaryna görä Ymmatymyz Muhammet Salawat Aleýhi Wessellemiň ýoldaşlarynyň biri şerap içip ejesine ýanaşypdyr, ol eje pahyr hem ýarm-ýaşda gelip Ymmatymyza aýdypdyr. Şol sebäpli Ymmatymyz aragy \"Musulman\" dinine haram edipdir. Sebäbi arak \"ŞEÝTANA ÖWÜRIP ŞEÝTAN DÖREDIP BILJEK EKEN\"

Awtory: Halk arasyndan.
Ýazga geçiren: IDEALLIDER
35
136
ideallider
19.03.2024 21:41
Degişme tagamym
32
270