ideallider
22.03.2024 22:41

Öz bähbidim ýada guýruksuz tilki.


Bir tilkiniň guýrugy gapana gapjapdyr. Gapandan

Näçe jan-etsede gapandan boşanyp bilmän, halas bolmak üçin guýrugyny kesmekden başga çykalga tapman, guýrugyny kesipdir. Wagtyň geçmegi bilen, başga tilkiler bu guýruksyz tilkini görüp:

— Nämçün guýrugyňy kesdiň? — diýip soranlarynda, guýruksuz tilki:

— Guýruksuz wagtym özümi şeýlebir bagtly we şadyýan duýýaryn. — diýip jogaplan. Bu sözlerden soň beýleki tilkilerden käbiri hem öz guýruklaryny kesipdirler. Emma bagtly bolmagyň ýerine gaty-beter ejir çekipdirler. Ahyry olar agyrylaryna çydaman, beýleki tilkiniň ýanyna baryp:

— Bizi nämçün aldadyň? Biz bagtly-şadyýan bolman gaýtam tersine diňe ejirli-agyry çekýäs!!! — diýseler, birinji tilki:

— Ýuwaş, eger ejir çekenimizi beýleki tilkiler bilseler, olaram öz guýruklaryny kesmezler we biziň üsdümiüzden gülüp-gezerler. — diýip jogaplapdyr. Şeýlelik bilen bu tulki hem başga tilkilere "Guýruksuz gaty-şadyýan" gezýänligi barada aýdyp, güjeňläp gezipdir. Bu habary eşiden tlikileriň hemmesi diýenýaly guýruklaryny kesipdirler. Şeýdip guýruksuzlar köpelipdir. Indi bu gezek guýruksuzlar, kesilmedikleriň üsdünden gülüp, azar berip gezipdirler.


Göçürme: T.Soltanow.

40
247
lukmangyz
25 Aprel 2024
Manyly💛
jeyhoo
23 Mart 2024
Tasirli cykypdyr! Dowrun temasy
sima
23 Mart 2024
👍
ideallider
23 Mart 2024
@enes_🧿, zerur hasaplamadym
ideallider
23 Mart 2024
@enes_🧿, bilýän bolsam men hem goýardymda. Postlaryma seret🤷‍♂️
ideallider
23 Mart 2024
@enes_🧿, bilemokdym.
ideallider
22 Mart 2024
@enes_🧿, tanamok. Şu Prog döredijisi öýdýän
ideallider
22 Mart 2024
@carysh, sebäbini bir aýtda?!
komekovva
22 Mart 2024
Gulkuli eken yone😅
ideallider
22 Mart 2024
@smiling_, howwa. Fişkam.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.