Älemde başgaça ýaşaýyş.
Inede hassanyň ýüzüni açmaly gün hem gelip ýetdi. Hassa 1 ýyl ozal, güýçli ýangynda galyp, endam-jany ýanyp-bişip, uly ezýetler gördi. Jepalar çekdi. Köp agyryly operatsiýalar geçirdi. Ahyry lukman gelip "Kelläňizdäki sargylary aýyrmaly" diýilen şatlykly habary getirdi. Bu şanly daýara kimin waka ähli lukmanlar üýşdiler. Uly-wraç hassanyň ýanyna gelip hassanyň kellesindäki, bütün ýüzi bilen örtülen has uzyn sargyny ýuwaşlyk bilen aýyryp başlady. Hassa bolsa:
— Lukman, birden meniň ýanan-ýüzüm bitmän, men elhenç-nägehan bolup, çagalary gorkuzar derejede nejis bolsam, maňa nähili günler garaşýar??? — diýip ýüzlendi. Lukman bolsa:
— Gaýgy etmäň, stress siziň saglygyňyza zyýan... — diýip sargyny aýyrmagyny dowam edýär. Ahyry hem iň soňky sargy aýyrylanyndan soň ähli lukmanlaryň demi tutuldy. Hassa... Onuň ýüzi edil aktrisanyň ýüziýaly ýylmanak, ajaýyp-gül kimin, myýmyjak we hiçzat bolmadykýaly owadan. Onuň ýüz keşbi ajaýyp çagany ýadyňa salýar. Hassanyň bu gözelligine hatda perişdeler hem höwes edip biler. Lukman zordan özüni dürsäp, hassa-gyza aýna uzatdy. Gyz aýnany alyp, agzyny elleri bilen tutup uludan gygyryp aglamaga başlady we aýnany ýere pylçap zyňdy. Gyz edil däli öküz deý urunyp başlady. Lukmanlar çaltlyk bilen gyza uky dermany urdular we gyzy berk-mäkäm daňyp, özleri bolsa gyra çekildiler. Professor:
— Howwa näme pikirleriňiz bar??? — diýeninden şepagat uýalar we başga lukmanlaryň hersi "ömürlük uklatmaly, dälihana salmaly, bildirmän organlaryny paýlamaly" diýip elhenç pikirler aýtdylar. Şeý diýişip palatadan hakyky eşek, doňuz, ýylan we başga jandarlardan azýanýaly sypatda lukmanlar çykyp gitdiler. Sebäbi bu älemde bu lukmanlar adaty ynsanlardy, hassa bolsa elhenç-bedroýlykdaky nägehändy.
Ylhamlanma: "Сумеречная Зона" serialdan ýatda galanlardan.