hukuk
12.02.2024 07:24
371-nji madda. Pasportsyz, şonuň ýaly-da pasportyna ýazgy edilmedik ýa-da hasaba alynmadyk adamlaryň ýaşamagyna bikanun rugsat berilmegi

1. Garamagynda ýa-da eýeçiliginde yaşaýyş jaýlary ýa-da öýleri bolan ýuridik hem-de fiziki şahslar tarapyndan pasportsyz, şonuň ýaly-da pasportyna ýazgy edilmedik ýa-da hasaba alynmadyk adamlaryň ýaşamagyna rugsat berilmegi - binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz önünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -
binýatlyk mukdaryň bäşisinden sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.


369-njy madda. Ilaty pasportlaşdırmak we pasport düzgüni kadalarynyň bozulmagy

1. Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmek we bermek kadalarynyň, şonuň ýaly-da ýazga goýmagyň we ýazgydan çykarmagyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibiniň bozulmagy -
wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň birisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.
2. Şahsyýeti ýa-da raýatlygy tassyklaýan Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny ýa-da beýleki resminamalary almak üçin görnetin ýalan maglumatlaryň berilmegi - -
binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.
3. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ýaşa ýeten we pasport almaga hukugy bolan Türkmenistanyň raýatynyň pasportsyz ýa-da güýji hakyky bolmadyk
pasport bilen, şonuň ýaly-da ýazgysyz ýa-da bellige aldyrmazdan ýaşamagy-
duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegine çenli möçberde
jerime salynmagyna eltýär.
4. Şu maddanyň birinji üçünji böleklerinde göz önünde tutulan hukuk
bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi -
fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara - ikisine çenli
möçberde jerime salynmagyna eltýär.
15
35
hukuk
16.01.2024 09:31

Gyşyň aňzak tüni. Satyjy dükanyň penjiresiniň daşky gözeneklerini ýapyp duran mahaly tötänden dükanyň içinde gezip ýören bir adama gözi düşdi. Daşary çykmazdan ozal dükanda adam galandygyny görmändi. Nätanyş adam tekjede duran birnäçe bölek mesgäny çakganlyk bilen alyp, başgabynyň içinde gizledi. Satyjy gapydan daşary çykmaga howlugyp gelýän ogryny synlap duran mahaly "Täsin iş boldy bul-a" diýdi. Aýny wagtynda oňa jeza bermegiň ýoluny hem agtarýardy. Çykyp gitmäge şaýlanan nätanyş adamyň eli gapyň tutawajyna degen wagty satyjy içerik girdi. 

— Jenap, gidip barýarsyňyzmy? Sowuk doňduryp barýar-a. Görnişiňizden sizem gowuja üşäpsiňiz öýdýän. Bärik geliň, hany! 

Nätanyş adam satyja alarylyp seretdi. Gözlerinden howatyrlanýandygy duýulýardy. Ol näme etjegini, näme diýjegini bilmedi, çaltyrak dükandan garasyny saýlamak isleýärdi, sebäbi başgabynyň içinde mesge bardy ahyryn… Emma bialaç satyjyň yzyndan ýöredi. 

Dükanyň eýesi onuň egninden tutup, otagyň burçundaky pejiň gapdalynda oturdyp, rehimdarlyk bilen: 

— Bilýäňizmi, bular ýaly sowuk gijede az-kem ýylynmasaňyz doňup galjagyňyz anyk— diýdi. 

Satyjy peje yzly-yzyna odun salyp başlady. Ogry oturan ýerinde mesgäň eräp barýandygyny duýdy. Birden ol böküp turup hökmäny gitmelidigini aýtdy. 

—Nirä howlugýarsyňyz, ýene biraz oturyp gowuja ýylynyň! Meňem içim gysyp durdy. Gowusy, men size gyzykly bir hekaýa aýdyp bereýin. 

Ogry takatsyzlandy. 

— Ýok, ýok! Gitmesem bolmaýar. Mallaryma seretmeli, olar aç galan bolsalar gerek. 

— Goýsaňyzlaň, gyzgynjak otagda biraz gürrüňleşeris, soňurrak gidersiňiz-da. 

Biçäre adam bu wagt näme etjegini bilenokdy, çünki başgabynyň içindäki mesge ýüz-gözlerine akyp başlapdy. Satyjy bolsa bu ýagdaýy görmedik kişi bolup peje odun salmagyny dowam edýärdi. 

Satyjy gürrüňini dowam edip: 

— Bu gün gowy gije boldy— diýdi— Başgabyňyzy çykarsaňyzlaň, otagyň içi juda yssy ahyryn. 

Biçäre ogry çydap bilmän ahyry: 

— Ýok — diýip gygyrdy— Men gitmesem bolmaýar! Rugsat beriň! Halym erbetleşýär. 

Bu wagta çenli mesge onuň boýnundan geýimine, eşiklerinden  joraplaryna çenli akyp barypdy. Ol edil ýagly wanna düşen dek bolupdy. 

Satyjy ýylgyryp: 

— Eger siz çyndanam gitmek isleýän bolsaňyz, ýoluňyz ak bolsun.—diýdi, ogry dükandan çykyp barýan wagty — Men dokuz pensi juda eý görýärin, emma başgabyňyzyň içindäki bir funt mesge üçin sizi günäkärläp bilmerin— diýip sözüniň üstüni ýetirdi

21
84
hukuk
13.01.2024 17:49
ADMINISTRATIW hukuk barada kä bir bilmeli zatlarmyz.....

Administratiw hukuk bozulmalarynyň edilendigi üçin haýsy administratiw temmisiniň görnüşleri berlip bilner?
Administratiw hukuk bozulmalarynyň edilendigi üçin administratiw temmisiniň şu görnüşleri berlip bilner: 1) duýduryş; 2) administratiw jerime; 3) jemgyýetçilik işleri; 4) administratiw hukuk bozulmanyň edilmeginiň guraly ýa-da gös-göni obýekti bolan närseleri tölegli almak; 5) administratiw hukuk bozulmanyň edilmeginiň guraly ýa-da gös-göni obýekti bolan närseleri muzdsuz almak; 6) fiziki şahsa berlen ýörite hukugy çäklendirmek; 7) daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary administratiw taýdan Türkmenistanyň çäginden çykarmak, şeýle hem olaryň Türkmenistana gelmegini wagtlaýyn çäklendirmek; 8) administratiw taýdan tussag etmek; 9) administratiw taýdan işi togtatmak. (Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 41-nji maddasy)
Administratiw hukuk bozulmalarynyň edilmeginiň netijesinde bellenilen jerime öz wagtynda tölenilmedik ýagdaýynda nähili netijelere getirýär?
Jerimäni hukuk bozujy özüne jerime salnandygy hakynda kararyň gowşurylan gününden beýläk otuz günden gijä goýman tölemelidir, şeýle karara şikaýat edilen ýa-da garşylyknama getirilen halatynda bolsa – ol şikaýatyň ýa-da garşylyknamanyň kanagatlandyrylman galdyrylandygy mälim edilen gününden beýläk otuz günden gijä goýman tölemelidir. Bellenilen möhletde jerime tölenilmese, onda salnan jerimäniň möçberi möhleti geçirilen her gün üçin 0,5 göterim artdyrylýar. (Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 577-nji maddasynyň 1-nji we 5-nji bölekleri)

Administratiw jogapkärçiligiň düşýän ýaşy näçe?
Administratiw hukuk bozulmany eden pursadynda on alty ýaşyna ýeten adamlar administratiw jogapkärçilige degişlidir. (Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 26-njy maddasy)
(Hukugyñy bil hakyñy talap et)
13
39
hukuk
13.12.2023 02:40

Ala gözlim, aýlanaýyn gaşyňa,

Golaýyma sen gelmeseň, kim geler?

Diýme syryň deňiň bilen duşuňa,

Golaýyma sen gelmeseň, kim geler?


Senem sypatly sen, Garybyň ýary,

Bagyşlagyl bakjaňdaky enary,

Kereşmedir aşyklaryň hünäri,

Golaýyma sen gelmeseň, kim geler?


Bäriňi gözlegil, perizat hüýli,

Duşumdan ötmegil, towaýyl boýly,

Men Mejnunyň bolsam, sen misli Leýli,

Golaýyma sen gelmeseň, kim geler?


Mekes perwaz edip aýrylmaz baldan,

Ölmese el üzmez andalyp gülden,

Diýeýin tarypyň jan bilen dilden,

Golaýyma sen gelmeseň, kim geler?


Meni bagban etgin çemenli baga,

Ýogsa Perhat kimin çykar men daga,

Guwanaýyn tä başyňdan aýaga,

Golaýyma sen gelmeseň, kim geler?


Gözledim, görmedim tümleri, düzi,

Janym aldy jamalary gyrmyzy,

Mätäji diýr, indi örteme bizi,

Golaýyma sen gelmeseň, kim geler

22
47
hukuk
10.12.2023 21:04
TÜRKMENISTANYÑ ADMINISTRATIW KODEKSINIÑ 349¹-njy maddasy. PARTLAÝJY WE (ÝA-DA) PIROTEHNIKI SERIŞDELERIÑ BIKANUN (EMELI USUL BILEN) TAÝÝARLANYLMAGY, GAÝTADAN IŞLENILMEGI, EDINILMEGI, SAKLANYLMAGY, DAŞALYNMAGY WE ULANYLMAGY.

1. Partlaýjy we (ya-da) pirotehniki serişdeleriń bikanun (emeli usul bilen) taýýarlanylmagy, gaytadan işlenilmegi, edinilmegi, saklanylmagy, daşalmagy we peýdalanylmagy partlaýjy we (ýa-da) pirotehniki serişdeleri, olary taýýarlamak üçin niýetlenen çig maly, gurallary we gaýry närseleri muzdsuz alyp, binýatlyk mukdaryň dördüsinden sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz önünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soń, olaryñ bir ýylyň dowamynda gaytadan edilmegi partlaýjy we (ya-da) pirotehniki serişdeleri, olary taýýarlamak üçin niýetlenen çig maly, gurallary we gaýry närseleri muzdsuz alyp, binýatlyk mukdaryń altysyndan onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltyär.

Bellik
Özünde bar bolan bikanun (emeli usul bilen) tayyarlanylan partlayjy we (ya-da) pirotehniki se- rişdeleri meýletin tabşyran adam şu maddanyň birinji böleginde göz önünde tutulan administratiw jogapkärçilikden boşadylýar.»


(ÝATLAMA: 1 BIR BINÝATLYK MUKDAR 100 MANADA DEÑ)
20
57
hukuk
04.12.2023 20:12
MEN HALYS ÝADADYM EJE
BU DÜNÝÄNIÑ HUPBATYNDAN
ÝA-DA EJIZLÄP ÝÖRMIKÄM
GELE BILMÄN HÖTDESINDEN

MEN HALYS ÝADADYM EJE
UTANMAKDAN ÇEKINMEKDEN
BAGYT HAKDA GÜRRÜÑ GITSE
SAKAW ÝALY SAKYNMALDAN

MEN HALYS ÝADADYM EJE
ÝÖRÄN ÝOLUM TERSE DÖNDI
GYMMAT SAÝYP ÝÖRENLERIM
UJYPSYZJA NYRHA DÖNDI
26
76
hukuk
02.12.2023 08:46
MAŞGALA HUKUK...


Haýsy ýagdaýlarda ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilip bilinýär?

Ata-ene (olaryň biri) şu ýagdaýlarda ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilýär: 1) esasly sebäp bolmazdan, çaganyň dogluşy bolup geçen saglygy goraýyş edarasyndan ýa-da beýleki edaradan öz çagasyny almakdan ýüz dönderseler; 2) ata-enelik borçlaryny ýerine ýetirmekden ýüz dönderseler ýa-da öz ata-enelik hukuklaryndan hyýanatçylykly peýdalansalar; 3) çaga ýowuz çemeleşseler, oňa fiziki we (ýa-da) psihiki zorluk ulansalar; 4) özleriniň ahlaksyz hereketleri bilen çaga zyýanly täsir etseler; 5) arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da toksikomaniýadan ejir çekýän bolsalar; 6) öz çagasynyň ýa-da äriniň (aýalynyň) ömrüne we saglygyna garşy bilkastlaýyn jenaýat etseler. (Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 93-nji maddasy).



Är-aýalyň her biriniň eýeçiligi diýip haýsy zatlar hasaplanylýar?

Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 54-nji maddasyna laýyklykda, nika baglaşylmazdan öň, är-aýala degişli bolan emläk, şonuň ýaly-da olaryň nikaly döwründe sowgat görnüşinde ýa-da miras almak tertibinde alan emlägi olaryň her biriniň öz eýeçiligi bolup durýar. Är-aýalyň nikaly döwründe umumy serişdeleriniň hasabyna edinen şahsy peýdalanýan zatlary (geýim, aýakgap we ş.m.), olardan peýdalanan äriniň (aýalynyň) eýeçiligi bolýar, ýöne gymmat bahaly we beýleki zynat zatlar muňa degişli bolmaýar.




Ata-enesinden çagany ekläp-saklamak üçin tutulýan alimentiň möçberi nähili?

Çagany ekläp-saklamak üçin aliment ata-enesinden (olaryň birinden) her aýda şu möçberde tutulyp alynýar: 1) bir çaga üçin - girdejiniň dörtden biri; 2) iki çaga üçin - girdejiniň üçden biri; 3) üç we şondan köp çaga üçin - girdejiniň ýarysy. Eger aliment tölemäge borçly atanyň (enäniň) kämillik ýaşyna ýetmedik başga çagalary bolup, şu maddada bellenilen möçberde aliment alynýan mahalynda şol çagalaryň maddy taýdan üpjünçiligi aliment alýan çagalaryňkydan az bolsa, şeýle hem aliment töleýän ata (ene) I ýa-da II topar maýyplygy bolan adam bolup durýan halatlarynda, ýa-da çagalar işleýän we olaryň ýeterlik girdejisi bar bolsa, ýa başga esasly sebäpler bolanda, aliment tölemegiň şol bellenilen möçberleri kazyýet tarapyndan azaldylyp bilner. Eger çagalar doly döwlet üpjünçiliginde saklanylýan bolsalar, kazyýet alimentiň möçberini azaltmaga ýa-da ata-enäni aliment tölemekden boşatmaga haklydyr. (Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 144-nji maddasy).




Aliment töletmek meselesi boýunça kazyýete ýüz tutulanda döwlet pajy tölenilýärmi?

Türkmenistanyň Raýat iş-ýörediş kodeksiniň 80-nji maddasyna laýyklykda, alimentleri tutup almak we ekläp-saklamak hakynda hak islegleri boýunça hak isleýjiler döwletiň girdejisine kazyýet çykdajylaryny tölemekden boşadylýar.

Nikasyz dogulan çagalar kakasynyň mirasdary bolup bilermi?

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1073-nji maddasyna laýyklykda nikasyz dogrulan çaga, eger onuň kakalygy kanunda göz öňünde tutulan tertipde kesgitlenen bolsa, kakasynyň mirasdary hasaplanýar. Eger şeýle çaga kakasyndan öň ölse, onuň çagalary özleriniň kakasyna degişli mirasyň paýyny talap edip bilerler.



Ata-ene aýry ýaşan mahalynda çaganyň ýaşaýan ýeri nähili kesgitlenilýär?

Ata-ene aýry ýaşan mahalynda çaganyň ýaşaýan ýeri ata-enesiniň ylalaşygy bilen kesgitlenilýär. Ylalaşyk bolmadyk mahalynda ata-enäniň arasyndaky jedel çaganyň iň gowy bähbitlerini we pikirini nazara almak bilen kazyýet tarapyndan çözülýär. Şunda kazyýet çaganyň ata-enesiniň her birine, doganlaryna ysnyşyklylygyny, ata-enesiniň her biriniň we çaganyň arasyndaky bar bolan gatnaşyklary, çaganyň terbiýesi we ösmegi üçin zerur şertleri döretmek mümkinçiligini (käri, ata-enäniň işiniň düzgünini, ata-enäniň maddy we maşgala ýagdaýyny we başgalary) nazara alýar. (Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 89-njy maddasy).
15
68
hukuk
30.11.2023 07:17

ALGY, BERGI WE KEZZAPCYLYK..........



ALGY BERGI MESELESINDE TURKMENISTANYÑ KAZYÝET EDARALARY TARAPYNDAN IŞE SEREDILIP ÇÄK DEGIŞLILIGI BOÝUNÇA ETRAP KAZYÝETI TARAPYNDAN IŞE SEREDILÝÄR.

NÄME ÜÇIN ONDA POLISIÝA EDARALARYNA ÝÜZ TUTULÝAR? ALGY BERGI MESELESINDE JENAÝATYÑ ALAMATY BARMY ÝADA ÝOK DIÝEN SORAGA JOGAP BERÝÄR.

1)ALGY BERGI DIÝIP GYMMATY BAR PRETMET, BELLENILEN WAGTDA YZYNA GAÝTARAYP BERMEK ŞERTI BILEN DÜŞINDIRILÝÄR.


2) KEZZAPÇYLYK (мошенничества) BIR SUBÝEKTIÑ YNAMYNDAN HYÝANATÇYLYKLY PEÝDALANMAK.


PEÝDALY: EGERDE KIMDIR BIRINE KARYZ PRETMET BERMEKCI BOLSANYZ ONDA HOKMAN NATARUSYÑ ÜSTI BILEN DIL HAT ALYÑ. (ÝÖNE ELDE BIRBIRIÑE BERLEN DIL HAT HIC HILI OÝNAMAÝAR)





HUKUK 4 : DAŞYNDAN BIRMEÑZEŞ GÖRÜNÝÄN EMMA AÝRY AÝRY DISPOZISÝA EÝE BOLAN _OGURLYK, TALANCYLYK, GARAKCYLYK_ BARADA....... (DOWAM ETMELIMI?)

17
132
hukuk
29.11.2023 06:36
HUKUK 2
Türkmenistanyñ administratiw kodeksiniñ
360-njy madda. #elepçilik bilen meşgullanylmagy
#elepçilik bilen meşgullanylmagy -
binýatlyk¹ mukdaryň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da otuz alty sagatdan altmyş sagada çenli möhlete jemgyýetçilik işleriniň berilmegine eltýär
(2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary,  Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda).

361-nji madda. #elepçilik bilen meşgullanýan şahs bilen jyns gatnaşygynyň edilmegi 
#elepçilik bilen meşgullanýan şahs bilen peşgeş² töläp, jyns gatnaşygynyň edilmegi -binýatlyk mukdaryň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ýigrimi dört sagatdan otuz alty sagada çenli möhlete jemgyýetçilik işleriniň berilmegine eltýär
(2014-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 162-nji madda).
1. Binýatlyk mukdar näme ? Häzirki manat pulda deñeşdireñde 1binýat mukdar 100 manada deñ


2. Peşgeş näme? Emläk, belli bir gymmaty bolan pretmet, peşgeş berilýäne edilen hereketli ýa-da hereketsiz edilen bähbit.
29
919
hukuk
28.11.2023 00:40
«Saňa öýlenjek» diýip aldap, zyna gatnaşygynda bolan adamlar jenaýat jogapkärçiligine çekilýärmi?

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 132-nji maddasyna laýyklykda, zyna gatnaşygyny zorlukly diýip hasaplamak üçin, esasan üç sany kesgitlemelere salgylanmak zerur. Birinjisi, fiziki zorlugyň ulanylmagy; Ikinjisi, haýbat atmak bilen gorkuzylmagy; Üçinjisi bolsa, jebir çekeniň biçäreliginden peýdalanylmagy, ýagny, jebir çekeniň gartaşandygy, kiçi ýaşlydygy, maýypdygy, aň ösüşiniň yza galakdygy, agyr derejeli serhoşdygy sebäpli we beýleki ýagdaýlara görä aýyplanýana garşylyk görkezmezligi ýa-da görkezip bilmezligi. Emma, Türkmenistanyň Yokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň 2006-njy ýylyň 6-njy awgustyndaky «Aýal-gyzlary zorlamak baradaky işler boýunça kazyýet iş ýörelgeleri hakynda» 1 belgili kararyna laýyklykda, aýal-gyzlary aldamak ýa-da olaryň ynamyndan hyýanatly peýdalanmak arkaly, olary zyna gatnaşygyna razy eden adamyň hereketlerine, mysal üçin durmuş gurmagy öňünden wada berip, şol sanda pul ýa-da başga gymmatlyklary, islendik hereketleri ýa-da hereketsizlikleri wada berip, aldap onuň bilen zyna gatnaşygynda bolunmagyna zorluk hökmünde garalmaýar. Şol sebäpli hem, olar jenaýat jogapkärçiligine çekilmäge degişli bolup durmaýar.

(DOWAM ETMELIMI)
36
986