hukuk
13.01.2024 17:49
ADMINISTRATIW hukuk barada kä bir bilmeli zatlarmyz.....

Administratiw hukuk bozulmalarynyň edilendigi üçin haýsy administratiw temmisiniň görnüşleri berlip bilner?
Administratiw hukuk bozulmalarynyň edilendigi üçin administratiw temmisiniň şu görnüşleri berlip bilner: 1) duýduryş; 2) administratiw jerime; 3) jemgyýetçilik işleri; 4) administratiw hukuk bozulmanyň edilmeginiň guraly ýa-da gös-göni obýekti bolan närseleri tölegli almak; 5) administratiw hukuk bozulmanyň edilmeginiň guraly ýa-da gös-göni obýekti bolan närseleri muzdsuz almak; 6) fiziki şahsa berlen ýörite hukugy çäklendirmek; 7) daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary administratiw taýdan Türkmenistanyň çäginden çykarmak, şeýle hem olaryň Türkmenistana gelmegini wagtlaýyn çäklendirmek; 8) administratiw taýdan tussag etmek; 9) administratiw taýdan işi togtatmak. (Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 41-nji maddasy)
Administratiw hukuk bozulmalarynyň edilmeginiň netijesinde bellenilen jerime öz wagtynda tölenilmedik ýagdaýynda nähili netijelere getirýär?
Jerimäni hukuk bozujy özüne jerime salnandygy hakynda kararyň gowşurylan gününden beýläk otuz günden gijä goýman tölemelidir, şeýle karara şikaýat edilen ýa-da garşylyknama getirilen halatynda bolsa – ol şikaýatyň ýa-da garşylyknamanyň kanagatlandyrylman galdyrylandygy mälim edilen gününden beýläk otuz günden gijä goýman tölemelidir. Bellenilen möhletde jerime tölenilmese, onda salnan jerimäniň möçberi möhleti geçirilen her gün üçin 0,5 göterim artdyrylýar. (Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 577-nji maddasynyň 1-nji we 5-nji bölekleri)

Administratiw jogapkärçiligiň düşýän ýaşy näçe?
Administratiw hukuk bozulmany eden pursadynda on alty ýaşyna ýeten adamlar administratiw jogapkärçilige degişlidir. (Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 26-njy maddasy)
(Hukugyñy bil hakyñy talap et)
13
39
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.