hukuk
02.12.2023 08:46
MAŞGALA HUKUK...


Haýsy ýagdaýlarda ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilip bilinýär?

Ata-ene (olaryň biri) şu ýagdaýlarda ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilýär: 1) esasly sebäp bolmazdan, çaganyň dogluşy bolup geçen saglygy goraýyş edarasyndan ýa-da beýleki edaradan öz çagasyny almakdan ýüz dönderseler; 2) ata-enelik borçlaryny ýerine ýetirmekden ýüz dönderseler ýa-da öz ata-enelik hukuklaryndan hyýanatçylykly peýdalansalar; 3) çaga ýowuz çemeleşseler, oňa fiziki we (ýa-da) psihiki zorluk ulansalar; 4) özleriniň ahlaksyz hereketleri bilen çaga zyýanly täsir etseler; 5) arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da toksikomaniýadan ejir çekýän bolsalar; 6) öz çagasynyň ýa-da äriniň (aýalynyň) ömrüne we saglygyna garşy bilkastlaýyn jenaýat etseler. (Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 93-nji maddasy).



Är-aýalyň her biriniň eýeçiligi diýip haýsy zatlar hasaplanylýar?

Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 54-nji maddasyna laýyklykda, nika baglaşylmazdan öň, är-aýala degişli bolan emläk, şonuň ýaly-da olaryň nikaly döwründe sowgat görnüşinde ýa-da miras almak tertibinde alan emlägi olaryň her biriniň öz eýeçiligi bolup durýar. Är-aýalyň nikaly döwründe umumy serişdeleriniň hasabyna edinen şahsy peýdalanýan zatlary (geýim, aýakgap we ş.m.), olardan peýdalanan äriniň (aýalynyň) eýeçiligi bolýar, ýöne gymmat bahaly we beýleki zynat zatlar muňa degişli bolmaýar.




Ata-enesinden çagany ekläp-saklamak üçin tutulýan alimentiň möçberi nähili?

Çagany ekläp-saklamak üçin aliment ata-enesinden (olaryň birinden) her aýda şu möçberde tutulyp alynýar: 1) bir çaga üçin - girdejiniň dörtden biri; 2) iki çaga üçin - girdejiniň üçden biri; 3) üç we şondan köp çaga üçin - girdejiniň ýarysy. Eger aliment tölemäge borçly atanyň (enäniň) kämillik ýaşyna ýetmedik başga çagalary bolup, şu maddada bellenilen möçberde aliment alynýan mahalynda şol çagalaryň maddy taýdan üpjünçiligi aliment alýan çagalaryňkydan az bolsa, şeýle hem aliment töleýän ata (ene) I ýa-da II topar maýyplygy bolan adam bolup durýan halatlarynda, ýa-da çagalar işleýän we olaryň ýeterlik girdejisi bar bolsa, ýa başga esasly sebäpler bolanda, aliment tölemegiň şol bellenilen möçberleri kazyýet tarapyndan azaldylyp bilner. Eger çagalar doly döwlet üpjünçiliginde saklanylýan bolsalar, kazyýet alimentiň möçberini azaltmaga ýa-da ata-enäni aliment tölemekden boşatmaga haklydyr. (Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 144-nji maddasy).




Aliment töletmek meselesi boýunça kazyýete ýüz tutulanda döwlet pajy tölenilýärmi?

Türkmenistanyň Raýat iş-ýörediş kodeksiniň 80-nji maddasyna laýyklykda, alimentleri tutup almak we ekläp-saklamak hakynda hak islegleri boýunça hak isleýjiler döwletiň girdejisine kazyýet çykdajylaryny tölemekden boşadylýar.

Nikasyz dogulan çagalar kakasynyň mirasdary bolup bilermi?

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1073-nji maddasyna laýyklykda nikasyz dogrulan çaga, eger onuň kakalygy kanunda göz öňünde tutulan tertipde kesgitlenen bolsa, kakasynyň mirasdary hasaplanýar. Eger şeýle çaga kakasyndan öň ölse, onuň çagalary özleriniň kakasyna degişli mirasyň paýyny talap edip bilerler.



Ata-ene aýry ýaşan mahalynda çaganyň ýaşaýan ýeri nähili kesgitlenilýär?

Ata-ene aýry ýaşan mahalynda çaganyň ýaşaýan ýeri ata-enesiniň ylalaşygy bilen kesgitlenilýär. Ylalaşyk bolmadyk mahalynda ata-enäniň arasyndaky jedel çaganyň iň gowy bähbitlerini we pikirini nazara almak bilen kazyýet tarapyndan çözülýär. Şunda kazyýet çaganyň ata-enesiniň her birine, doganlaryna ysnyşyklylygyny, ata-enesiniň her biriniň we çaganyň arasyndaky bar bolan gatnaşyklary, çaganyň terbiýesi we ösmegi üçin zerur şertleri döretmek mümkinçiligini (käri, ata-enäniň işiniň düzgünini, ata-enäniň maddy we maşgala ýagdaýyny we başgalary) nazara alýar. (Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 89-njy maddasy).
15
68
hukuk
3 Dekabr 2023
DAYY DAYZA AGASYNYN ELINDE WE Ş.M HOSSAR HOWANDARY BARDYR. KIMDIR BIRI EKLEYANDIR
hukuk
3 Dekabr 2023
KAMILLIK YASYNA YETMEDIKLERIN TOPARY ESASYNDA COZGIDI BILEN BERILIP BILINYA@awgust,
hukuk
3 Dekabr 2023
@awgust, ENE ATADAN YADA HOSSAR HOWANDAR. YOK BOLSA ONDA DOWLET GOZEGCILIGINE GECYAR .
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.