hk97
08.11.2023 21:54

Ak ýüzüñde galam gaşyñ ýaý kimin,

Ugruñda men garyp,senem baý kimin.

Seni söýmek nesibeli paý kimin

Duýgym bileý diýseñ,şeýle Gülzada!


Saçlaryñ her tary kiriş mysaly

Gizleýär döşüñi gabanýan ýaly.

Zaryñdan harapdyr aşygyñ haly

Sorap geleý diýseñ,şeýle Gülzada!


Hassalygmyñ melhemidir sözleriñ,

Özüme dözsemem saña dözmerin.

Nazarymdan sakla ogryn gözleriñ

Kalbym dileý diýseñ,eýle Gülzada!


Sensiz gijelerde ýetmeýän daña

Jemalyñ küýseýip garaşýan saña.

Rugsatdyr,isleseñ jananym,maña

Diwana deý diýseñ,şeýle Gülzada!


Ýokdyr senden özge ýurek syrdaşym

Ümürli,tenhalyk ýakynym-daşym.

Razy men,öñüñde egmäge başym

Horlama beý diýsem,beýle Gülzada!


Käteler oturýan synaña bakyp

Çekinmekden ýaña bu janym ýakyp.

Başlaýsam giderin suw deýin akyp

Waspyñ edeý diýsem,meýile Gülzada!

15
44
hk97
23.10.2023 00:13

Saña gitme diýmen.Gidip bilersiñ isleseñ.Ýöne gitme diýibijegim biri bar.Emma git diýsemem gitmezmikä diýýän.Çünki ol gitmejek zat-Gitmezlik üçin gelen bir baky myhman bolan ÝATLAMALARDYR.

10
74
hk97
22.10.2023 17:00

Bir gyza sataşaýmanmy,

Juwanlygym har eýledi.

Dünýäsi tenha kalbymda

Bir duýgyny bar eýledi.


Gara gözüniñ garasy

Intizar janyñ ýarasy.

Gaýnap yşgyñ dabarasy,

Nazarlarym har eýledi.


Mejnun boldum garaýşyna

Tarypyma ýaraýşyna.

Mest olup zülp daraýşyna

Barmaklarym tar eýledi.


Eçilip söýgiñ ýalkymyn,

Süýji miwäniñ salkymyn.

Göýä,bakamda alkymyn

Bir gyrmyzy nar eýledi.


Açyp aşyklyk kitabyn,

Bilip galdym aby-tabyn.

Içirip ýaşlyk şerabyn

Ahyrynda ýar eýledi.


Awtor:Halylmuhammet

22
89
hk97
19.10.2023 00:07

Gijäni bezeýär näzli bakyşyñ,

Ýylgyryşyñ-gözelligiñ özimi?

Bilmeýärin yşk oduna ýakyşyñ

Söýginiñ alawy,nary,közümi?


Kalbymyñ törinde saklap adyñy

Misli doga kimin dynman sanaýan.

Juwan ýüregimde ýakan oduñy

Ýalkanyş belleýip bagta ýanaýan.


Seniñ hyýalyñda bütinleý köýüp,

Gül deýin saralyp solmaga taýyn.

Däli-diwana deý bir seni söýüp

Kaýyl men özüme bolmaga haýyn.


Aşyklygyñ derdin duýup başladym,

Pynhan azabyna döşümi gerip.

Mejnunyñ ýoluna uýup başladym

Isleýip mähriñi ellerim serip.


Zülpi-jemalyña men garyp şeýda

Näçe islesemen ýetmeýän saña.

Uzakdan söýmekden aýdaý,ne peýda

Kalbymyn eýesi,dolanaý maña!

15
50
hk97
22.07.2023 23:33

ýapon dilinde "L"harpy ýokdur.

18
158