hk97
22.10.2023 17:00

Bir gyza sataşaýmanmy,

Juwanlygym har eýledi.

Dünýäsi tenha kalbymda

Bir duýgyny bar eýledi.


Gara gözüniñ garasy

Intizar janyñ ýarasy.

Gaýnap yşgyñ dabarasy,

Nazarlarym har eýledi.


Mejnun boldum garaýşyna

Tarypyma ýaraýşyna.

Mest olup zülp daraýşyna

Barmaklarym tar eýledi.


Eçilip söýgiñ ýalkymyn,

Süýji miwäniñ salkymyn.

Göýä,bakamda alkymyn

Bir gyrmyzy nar eýledi.


Açyp aşyklyk kitabyn,

Bilip galdym aby-tabyn.

Içirip ýaşlyk şerabyn

Ahyrynda ýar eýledi.


Awtor:Halylmuhammet

22
89
hk97
22 Oktýabr 2023
@moonlight, awtory men köp minnetdar😊
moonlight
22 Oktýabr 2023
Awtordan bir zat çykjak özi, şeýle dowam👍
hk97
22 Oktýabr 2023
hk97
22 Oktýabr 2023
Sps taryp etdim ýone yetip bilmedim
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.