hk97
08.11.2023 21:54

Ak ýüzüñde galam gaşyñ ýaý kimin,

Ugruñda men garyp,senem baý kimin.

Seni söýmek nesibeli paý kimin

Duýgym bileý diýseñ,şeýle Gülzada!


Saçlaryñ her tary kiriş mysaly

Gizleýär döşüñi gabanýan ýaly.

Zaryñdan harapdyr aşygyñ haly

Sorap geleý diýseñ,şeýle Gülzada!


Hassalygmyñ melhemidir sözleriñ,

Özüme dözsemem saña dözmerin.

Nazarymdan sakla ogryn gözleriñ

Kalbym dileý diýseñ,eýle Gülzada!


Sensiz gijelerde ýetmeýän daña

Jemalyñ küýseýip garaşýan saña.

Rugsatdyr,isleseñ jananym,maña

Diwana deý diýseñ,şeýle Gülzada!


Ýokdyr senden özge ýurek syrdaşym

Ümürli,tenhalyk ýakynym-daşym.

Razy men,öñüñde egmäge başym

Horlama beý diýsem,beýle Gülzada!


Käteler oturýan synaña bakyp

Çekinmekden ýaña bu janym ýakyp.

Başlaýsam giderin suw deýin akyp

Waspyñ edeý diýsem,meýile Gülzada!

15
44
hk97
8 Noýabr 2023
Like basan dostlar hemmäñize minnetdar! Käşgä Gülzadajanam like bassady...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.