hangeldiyev
14.01.2023 03:46
Aýgül:
-Kaka, men ejem işden gelýänçä joramlara ýaka öwrenmäge...
Kakasy:
- Gaty görme öýden çykaýsaň, bir döwürler ejeňem gelýärdi ýanyma ýaka öwrenmäge...!
* * * * *
Bir oglan gymmat restorana girip ofisanty çagyrýar. Oňa 20 manat pul berýär-de:
- Men häzir bir gyz bilen gelerin.
Ofisant sözüni bölüp:
- Boldy agam, gürrüňi ýok. Ýer taýýarlap goýmaly dälmi?
Oglan:
- Eeeee, ýok how, gelenimizde "Boş ýer ýok" diýersiň.
* * * * *
Toýda biri:
- A gyz siz näme beýle çalt tans oýnaýaňyz, aýdym haýal aýdyp dura...?
- Men çaltyrak tans edip öýe ir barmaly, öýde ejem garaşyp otyr.
* * * * *
- Bärde doktor barmy?
- Hawwa
- Siziň hünäriňiz näme?
- Men matematika ylymlarynyň doktory.
- Meniň dostum öljek bolýa...?
- Onda minus 1 bolýar.
* * * * *
Şeýtan ogluna dünýäni gezdirip ýör:
- Ine, bu dag, bu ağaç, ine bu... diýjek boldy welin, öňünden bir gyz geçip gidýär.
Ogly:
- Bu näme?
Şeýtan:
- Ondan uzak dur, olar gaharlanaýsa biziňkidenem erbet planlar düzer....!
* * * * *
- Boýy kiçi ýöne, köp tolgunýan adamlary nähili atlandyrsaň bolar...?
- Mikrowolnowki
* * * * *
Bir GAI -ň ogly ölüpdir. Namazyna gelen şofýerler :
- Waý, oglum, çagajygymeeýý diýip, aglap başlapdyrlar.
GAI geň galyp:
- Ol nädip siziň ogluňyz bolýaraý diýýär.
Şofýerlaryň biri:
- Dogdyran sen bolsaňam, bakan biz ony.
* * * * *
Ady: Temmäki
Familiýasy: Çilim
Kakasy: Kök
Ejesi: Ýaprak
Doglan ýeri: Toprak
Jynsy: Nikotin
Wezipesi: Rak döretmek
Adresi: Adam
Duralgasy: Dodak
Köçesi: Bokurdak
Obasy: Öýken
* * * * *
Aşgabatdan - Lebaba çenli 800 km,
Lebapdan - Aşgabada çenli 800 km.
1-nji etaždan- 15-nji etaža çenli - 15 etaž bar.
15-nji etaždan-1-nji etaža çenli -15 etaž bar.
Birinji günden- bazar güne çenli - 6gün bar.
Bazar günden- birinji güne - 1 gün bar
Hany nirede adalat!
22
239
4
hangeldiyev
13.01.2023 20:21
Günleriň birinde ir säher bilen tümlik perdesini böwsüp, Gün dag gerşiniň aňyrsyndan başyny galdyrdy. Şonda onuň nazary erkin jülgede söýgi möwsümini gördi. Şol ýerde ýatlamalar şahajyklarynda pursatlaryň gülleri burk urýardy. Olary entek aýdylmadyk hem-de eşidilmedik arzuwlardy. Olar ukydan hem-de arzuwlardan oýanyp, göýä her gezek täzelenen hem-de özgermedik tolkunlar bilen hyjuwly durmuşa gark bolýardylar. Hawwa, durmuşa sygyp bilýän söýgi hem-de arzuw golaýlaşýan hem-de arany açýan şol durmuş göýä şaglawuk kimin, wagt geçip barýan ýaly söýgi möwsüminiň erkindäki jülge ýüregine bir zatlary pyşyrdaýardy. Ýatlamalar şahajyklarynda bolsa sansyz-sajaksyz ýaşalan pursatlaryň gülleri burk urýardy.
17
68
1
hangeldiyev
17.12.2022 08:38
Ýalan zada ýalan diýilýän wagty
Ýalan diýse bolar diňlemän böwrüň.
Ýalan zada dogry diýilýän wagty
"Däl!" diýmekde dälmi
Manysy ömrüň.
Kerim Gurbannepesow
17
70
8
hangeldiyev
16.12.2022 01:01
Meň, Täze ýyl, saňa kän haýyşym ýok,
Şatlyk hem bagtymyň öňküsem ýeter.
Gussa - gaýgym bolmasyn-a diýemok,
Ýöne, köp bolmasyn öňküden beter.
Gurbannazar EZIZOW.
21
52
0
hangeldiyev
15.12.2022 22:25
Birinden ol dünýä gowumy ýa şu dünýä gowumy diýip sorapdyrlar. Olam ol dünýä gowy diýip jogap beripdir. Näme üçin beýle diýýäň diýseler, " aý bilemok, gidenä gelenok" diýýämiş.
************
Şu dünýäde meniň üçin ýanyp köýýän diňe otagymyň çyrasydyr.
22
262
4
hangeldiyev
09.12.2022 17:35
Ylym öwrenmezden öwünme!
*********
Ylmy baýamak üçin öwrenme!
*********
Öz bähbidiň barada oýlanma, abraýyň barada pikir et, ylma höwes bildir!
*********
Adam beýleki halklaryň dilini we medeniýetini öwrenip, olar bilen deň bolýar.
********
Nadan kişiler çuňňur pikir etmäge, düýpli bilim almaga çalyşmaýarlar, diňe ýalan sözleýärler we her hili gürrüň ýaýradýarlar.
********
Bize artykmaç öwünjeňligiň, ulumsylygyň we dawalaryň geregi ýok . Biz dünýäde we ýurtda ýagdaýy düýpli seljerip, öňe gitmeli.
********
Özünde akyly, erki we ýüregi jemläniňden soň, sen kämil , özbaşdak adam bolaryn.
********
Yhlasly zähmet çekseň, dok bolarsyň.
********
Dokluk we ýaltalyk adamy azdyrýar .
********
Özüňe ynan, seniň zähmetiň we akylyň seni halas eder.
********
Yhlas bilen işläp, durmuşda öz ýerini tapan adamyň baýlygy bereketlidir.
********
Baýlyk wagtyň geçmegi bilen gutarýar, ukyp bolsa galýar.
********
Alla - hakykat, söz-hakykat. Hakykat hiç haçan ýalan bolmaýar.
********
Namys bilen ary mala çalyşma !
Diňe nadan adam bu işi eder.
********
Öwünmegin adamlaryň ýanynda ,
Gülüşerler, "akmak" diýip at goýup!
********
Ömür ölçeglidir, öter-de gider,
Altyndan-kümüşden mydam et heder!
********
Islegiňi ýokarlandyr - bu aňy goraýan ýarag!
********
Sungat durmuş hakykaty bilen birleşdirilende dogrudyr.
********
Gahar bilen gygyrýan adam - gülkünç, gaharly dymýan adam - elhenç.
********
Bihuda geçirilen ýaşlyk iň ýowuz betbagtlykdyr.
********
Göwniçökgünlik bilen gülmek şatlyk däl, gaýgydyr.
********
Adam özüni diňe gowulyk bilen deňeşdirip, gowy bolup biler.
********
Dosty ýok adamlar bilen syryňyzy paýlaşyň, köp dosty bolanlar bilen dost boluň!
********
Seresapsyz adamdan gaça duruň, gynanýan adam bilen bile boluň!
Abaý Kunanbaýew
Gazak şahyry
17
43
2
hangeldiyev
06.12.2022 19:28
Dünýäni gorky ýaşatýar, gorky saklaýar. Ylalaşýaňyzmy?!
12
308
0
hangeldiyev
05.12.2022 16:03
Biziň goňşymyz garryja aýal we äri bukuldym oýnuny gaty gowy görýäler. Irden aýaly aragy bukýar, agşama çenli äri aragy tapsa, onda aýaly bukulýar.
13
277
4
hangeldiyev
04.12.2022 19:55
Himiki dökünsiz ýetişdirilýän düme garpyzlarynyň örän köp peýdaly taraplary bardyr. Ine, olaryň biri : sagat 17:00-dan 21:00 aralygynda düme garpyzlaryndan tä gowy doýýançaňyz iýiň we soňundan 200 ml mukdarda ýyly suw içiň. Bu ýagdaýy günde ýerine ýetiriň we 1aý dowam ediň. Düme garpyzy böwregiň daşlaryny owradyp ereder we ýyly suw peşew ýollaryny giňeldip ol daş bölejikleriniň bedenden agyrysyz çykarylmagyna ýardam eder. Netijede, böwregiňizi şikessiz operasiýa edersiňiz we böwregi daşlardan arassalarsyňyz. Böwregiňizi ýyly saklaň we bu ýagdaýa çynlakaý çemeleşiň!
13
76
15
hangeldiyev
01.12.2022 01:03
Näme üçin adam asgyranda biz oňa "Sabyr et" diýýäris? Çünki, adam gürlände 1metr, üsgürende 2metr, asgyranda bolsa 3metre çenli howany itip bilýär, ýagny howany zyňyp bilýär. Şol ýagdaýda ol şeýle bir energiýa sarp edýär welin, ýürek birnäçe mikrosekunt togtaýar we göz ýumulýar. Adam gözüni açyp asgyryp bilmeýär. Biziň ata- babalarymyzdan ýagşy niýet bilen aýdylýan bu aýtgy bolsa , "Sabyr et, entekler ýaşa" diýen manyda aýdylýar.
23
102
4
Yene yükle