Aýgül:
-Kaka, men ejem işden gelýänçä joramlara ýaka öwrenmäge...
Kakasy:
- Gaty görme öýden çykaýsaň, bir döwürler ejeňem gelýärdi ýanyma ýaka öwrenmäge...!
* * * * *
Bir oglan gymmat restorana girip ofisanty çagyrýar. Oňa 20 manat pul berýär-de:
- Men häzir bir gyz bilen gelerin.
Ofisant sözüni bölüp:
- Boldy agam, gürrüňi ýok. Ýer taýýarlap goýmaly dälmi?
Oglan:
- Eeeee, ýok how, gelenimizde "Boş ýer ýok" diýersiň.
* * * * *
Toýda biri:
- A gyz siz näme beýle çalt tans oýnaýaňyz, aýdym haýal aýdyp dura...?
- Men çaltyrak tans edip öýe ir barmaly, öýde ejem garaşyp otyr.
* * * * *
- Bärde doktor barmy?
- Hawwa
- Siziň hünäriňiz näme?
- Men matematika ylymlarynyň doktory.
- Meniň dostum öljek bolýa...?
- Onda minus 1 bolýar.
* * * * *
Şeýtan ogluna dünýäni gezdirip ýör:
- Ine, bu dag, bu ağaç, ine bu... diýjek boldy welin, öňünden bir gyz geçip gidýär.
Ogly:
- Bu näme?
Şeýtan:
- Ondan uzak dur, olar gaharlanaýsa biziňkidenem erbet planlar düzer....!
* * * * *
- Boýy kiçi ýöne, köp tolgunýan adamlary nähili atlandyrsaň bolar...?
- Mikrowolnowki
* * * * *
Bir GAI -ň ogly ölüpdir. Namazyna gelen şofýerler :
- Waý, oglum, çagajygymeeýý diýip, aglap başlapdyrlar.
GAI geň galyp:
- Ol nädip siziň ogluňyz bolýaraý diýýär.
Şofýerlaryň biri:
- Dogdyran sen bolsaňam, bakan biz ony.
* * * * *
Ady: Temmäki
Familiýasy: Çilim
Kakasy: Kök
Ejesi: Ýaprak
Doglan ýeri: Toprak
Jynsy: Nikotin
Wezipesi: Rak döretmek
Adresi: Adam
Duralgasy: Dodak
Köçesi: Bokurdak
Obasy: Öýken
* * * * *
Aşgabatdan - Lebaba çenli 800 km,
Lebapdan - Aşgabada çenli 800 km.
1-nji etaždan- 15-nji etaža çenli - 15 etaž bar.
15-nji etaždan-1-nji etaža çenli -15 etaž bar.
Birinji günden- bazar güne çenli - 6gün bar.
Bazar günden- birinji güne - 1 gün bar
Hany nirede adalat!