Ylym öwrenmezden öwünme!
*********
Ylmy baýamak üçin öwrenme!
*********
Öz bähbidiň barada oýlanma, abraýyň barada pikir et, ylma höwes bildir!
*********
Adam beýleki halklaryň dilini we medeniýetini öwrenip, olar bilen deň bolýar.
********
Nadan kişiler çuňňur pikir etmäge, düýpli bilim almaga çalyşmaýarlar, diňe ýalan sözleýärler we her hili gürrüň ýaýradýarlar.
********
Bize artykmaç öwünjeňligiň, ulumsylygyň we dawalaryň geregi ýok . Biz dünýäde we ýurtda ýagdaýy düýpli seljerip, öňe gitmeli.
********
Özünde akyly, erki we ýüregi jemläniňden soň, sen kämil , özbaşdak adam bolaryn.
********
Yhlasly zähmet çekseň, dok bolarsyň.
********
Dokluk we ýaltalyk adamy azdyrýar .
********
Özüňe ynan, seniň zähmetiň we akylyň seni halas eder.
********
Yhlas bilen işläp, durmuşda öz ýerini tapan adamyň baýlygy bereketlidir.
********
Baýlyk wagtyň geçmegi bilen gutarýar, ukyp bolsa galýar.
********
Alla - hakykat, söz-hakykat. Hakykat hiç haçan ýalan bolmaýar.
********
Namys bilen ary mala çalyşma !
Diňe nadan adam bu işi eder.
********
Öwünmegin adamlaryň ýanynda ,
Gülüşerler, "akmak" diýip at goýup!
********
Ömür ölçeglidir, öter-de gider,
Altyndan-kümüşden mydam et heder!
********
Islegiňi ýokarlandyr - bu aňy goraýan ýarag!
********
Sungat durmuş hakykaty bilen birleşdirilende dogrudyr.
********
Gahar bilen gygyrýan adam - gülkünç, gaharly dymýan adam - elhenç.
********
Bihuda geçirilen ýaşlyk iň ýowuz betbagtlykdyr.
********
Göwniçökgünlik bilen gülmek şatlyk däl, gaýgydyr.
********
Adam özüni diňe gowulyk bilen deňeşdirip, gowy bolup biler.
********
Dosty ýok adamlar bilen syryňyzy paýlaşyň, köp dosty bolanlar bilen dost boluň!
********
Seresapsyz adamdan gaça duruň, gynanýan adam bilen bile boluň!
Abaý Kunanbaýew
Gazak şahyry