hajymuhammet
17.04.2023 06:56
Ýazuw arkaly aňy ösdirmek
Alymlar el bilen yazylan tekstiň anyk peýdasyny mä- lim etdiler. Eýsem, hazirki zaman adamy üçin munuň nämä peýdasy bar? Bizin beynimiz üçin hat-petek işleriniň birnace gowy we zerur taraplary bar. Çünki ol yatkeşligi go- wulasdyrýar. Kawagtlar gerekli telefon belgiňi ýa-da haýsy- da bolsa, bir yazgyny kagyza geçireninde, beyninin öýjükleri olary öz-özünden yatda saklaýar. Yöne adam muny duyma- yar. Elin bilen hat ýazmak usuly maglumatlary özleşdirmek ukybyňy ep-esli derejede artdyrýar. Alymlar munuň adam añyny has-da işjenleşdirýändigini malim edýärler.
Gündelik yöredip, saglygyňyzy dikeldiň. Tehasyň barlag geçirijileri gündelik yazgy ýöretmegiň ýokanç keseller bilen isjen göreşýän T-limfositleriniň işläp çykysyny artdyrýandy- gyny ýüze çykardylar. Anyň ösmegi bolsa, yazyjylara haýsy- dyr bir taze eser döretmäge mümkinçilik berýär.
Akyl yetiriş-añlaýyş ukybyňy artdyrýar. Kompyuter bilen. dal-de, el bilen yazmagy ileri tutyan adamyň bay sözlük go- ry bolýar. Şol bir anlatmany hemişe gaýtalamak täze ganatly sözlere, ýörgünli anlatmalara we söz düzümlerine orun berýär.
Meseleleri çözmage ýardam berýär. Psihologlar kagyzyň yüzüne yazylan mesele - ony çözmegin yolunda in gowy adimdigini tassyklaýarlar. Çünki tekst adatça, eýýäm, gayta- dan işlenen we analizlenen ýagdaýy görkezýär. Söz bolsa, täze emele gelen ýagdaýdan çykalga gözlemäge mejbur edýär. Ya- zyň, ýazyń we ýene-de bir gezek ýazyň! Eger-de siz belli ýazy- jy bolsaňyz hem mundan özüňize görnetin yardam alarsyňyz,
Mauglinin syry acyldy "Jenneller kitabynyň" baş HULIYAHI
9
32
hajymuhammet
22.02.2023 21:18
Gije aý aýdyňdyr. Senem ogrusyň, Belleşik yerine dogrularsyň sen. Üzüm ogurlasa başga ogrular, Has şirin bir zady ogurlarsyň sen.
Goşa-goşa posa ogurlarsyň sen, Gaýtalap-gaýtalap basarsyň bagra. Edil şu mahalam beýle ýanyňdan Görüner gözüne aýylganç gara.
Gyzyň atasydyr. Gele-gelmäşe Pil sapyn inderer. Bökersiň yza. Öz janyň gutarmak kyn däldir weli, Wah, gyza kyn bolar, Wah, gyza, gyza!
Şol dem böwet bolup gyzyň öňüne, Bir agyz gygyrsyň: «Men... muny söýýän!». Emma dem salymdan söýýäniň bilen Kärizin içinde yatansyň eýýäm.
Şonda-da bagryňa basyp yatansyň, Gyz saňa galkandyr, sen gyza galkan. Yöne weli onuň ýaly pursatda Galkanlyk uzaga çekmejek eken.Dandanlar özüne gelersiň weli. Yatan yeriň ýapdyr. Kelläñem deşik. Gözlerin içinde doňup galandyr Bir ayylganç kesp. Bir gözel keşp.
Şol aýylganç keşpden inin titrip, Bir gün ya iki gün gezersin ümsüm. Emma üçünji gün şol gözel keşbin Ugrunda sergezdan ýene-de sensin.
Yene Ay aýdyndyr. Yene ogrusyň,
Bireýýäm ýadyñdan çykandyr taýak.
Indi yöne üzüm bagynda dal-de,
Başgarak bir yerde çekersin aýak...
«Oturber, balaña döw çalmaz!» diýip,
Yöne yerden aytman ekeni atan.
Şondan soñam kellän kän taýak iýer.
Tayakdan tayaga berkeşer gaýtam.
Bizin söýgimiz-ä şeylerak boldy, Megerem, sizinki has başgarakdyr. Yöne hiç mahalam Söygin yolunda Üýşüp yatan elpe-şelpelik yokdur.
Hiç haçan bolmazam.
Söygin yolunda Hemişe şatlyk-da, hasrat-da bolar.Yokaryk göterip.
Aşak inderip,
Senin argamyny hasaplar olar.
Yöne weli näçe horlasa-da ol, Horlamak hatyrna horlamak üçin Däldir-de,
gayratyn ölçüp görýändir Ertirki horlukdan goramak üçin.
2
14
hajymuhammet
17.02.2023 21:28
Hakyky söýgi
3
35
hajymuhammet
13.02.2023 14:11
AJALDAN GAÇAN ADAM HAKYNDA
HEKAÝAT
Bir samsyk bar ýaly bir agyr derdi,
Süleýman patyşaň gaşyna bardy.
Şa diýdi: «Aýdyber islegiň näme?»
«Wah, zalym Ezraýyl mündi mekgäme.
Yzymdan galanok nirä ugrasam,
Tapaweri bu ýagdaýa çäre sen».
«Näme etmeli men? Bu niçik gepdir?»
«Şahym, sen şeýle bir harasat gopdur.
Meni Hindistana eltip taşlasyn.
Ezraýylyň päl-niýeti paşmasyn.»
Süleýman şa onuň diýenni etdi,
Harasat samsygy düýrläp äkitdi.
Bir günem ol Ezraýyla sataşyp,
Şeýle diýdi bolan işden gep açyp:
«Sen – Allaň çapary. Bilýärin, zorsuň,
Näme, o biçärä gün bermeýärsiň? Senden gorkusyna, öýünden bizar
Bolup, ýat ülkede çekip ýör azar».
Ezraýyl şeý diýdi: «Buýruk Hudadan,
Tapmaly men nirde bolsa şol adam.
Bu ýere gelmegi geň ol bendäniň,
Hindistanda almalydym oň janyn.
Günä baryn etdi undup Hudaýy,
Hut sakar dowzahda taýyn oň jaýy.
Azap çekip, onuň üstüne gitdim,
Baryp, ýakasyndan ebşitläp tutdum.
Edýän işim agyr bolsa-da herne,
Hudaýyň buýrugyn ýetirdim ýerne».
Bilmegimiz gerek bir zady açyk,
Gitjek ýerimiz ýok ajaldan gaçyp.
Gaçman, mydam oňa bolmaly taýyn,
Nirä sypjak nazaryndan Hudaýyň?!
11
75
hajymuhammet
12.02.2023 19:21
Manyly söz
3
26