hajymuhammet
22.02.2023 21:18
Gije aý aýdyňdyr. Senem ogrusyň, Belleşik yerine dogrularsyň sen. Üzüm ogurlasa başga ogrular, Has şirin bir zady ogurlarsyň sen.

Goşa-goşa posa ogurlarsyň sen, Gaýtalap-gaýtalap basarsyň bagra. Edil şu mahalam beýle ýanyňdan Görüner gözüne aýylganç gara.

Gyzyň atasydyr. Gele-gelmäşe Pil sapyn inderer. Bökersiň yza. Öz janyň gutarmak kyn däldir weli, Wah, gyza kyn bolar, Wah, gyza, gyza!

Şol dem böwet bolup gyzyň öňüne, Bir agyz gygyrsyň: «Men... muny söýýän!». Emma dem salymdan söýýäniň bilen Kärizin içinde yatansyň eýýäm.

Şonda-da bagryňa basyp yatansyň, Gyz saňa galkandyr, sen gyza galkan. Yöne weli onuň ýaly pursatda Galkanlyk uzaga çekmejek eken.Dandanlar özüne gelersiň weli. Yatan yeriň ýapdyr. Kelläñem deşik. Gözlerin içinde doňup galandyr Bir ayylganç kesp. Bir gözel keşp.

Şol aýylganç keşpden inin titrip, Bir gün ya iki gün gezersin ümsüm. Emma üçünji gün şol gözel keşbin Ugrunda sergezdan ýene-de sensin.

Yene Ay aýdyndyr. Yene ogrusyň,

Bireýýäm ýadyñdan çykandyr taýak.

Indi yöne üzüm bagynda dal-de,

Başgarak bir yerde çekersin aýak...

«Oturber, balaña döw çalmaz!» diýip,

Yöne yerden aytman ekeni atan.

Şondan soñam kellän kän taýak iýer.

Tayakdan tayaga berkeşer gaýtam.

Bizin söýgimiz-ä şeylerak boldy, Megerem, sizinki has başgarakdyr. Yöne hiç mahalam Söygin yolunda Üýşüp yatan elpe-şelpelik yokdur.

Hiç haçan bolmazam.

Söygin yolunda Hemişe şatlyk-da, hasrat-da bolar.Yokaryk göterip.

Aşak inderip,

Senin argamyny hasaplar olar.

Yöne weli näçe horlasa-da ol, Horlamak hatyrna horlamak üçin Däldir-de,

gayratyn ölçüp görýändir Ertirki horlukdan goramak üçin.
2
13
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.