hajymuhammet
15.04.2023 13:34
Häzire çenli sapmak arkaly bir agaçdan birden köp Imiwe alnandygyny eşiden bolsaňyz gerek. Emma bir agajyň 40 görnüşli miwe berýändigini eşidipmidiniz? Sam Fan Aken atly professor şeýle agajy ösdürip yetişdiripdir. Ol ABŞ-nyň Sirakuz uniwersitetinde zähmet çekýär. Ol bagban maşgalada ulalyp, kemala gelipdir. Onuň maşga- ladan alan tejribesi işinde üstünlik gazanmagyna getiripdir. Professor 2008-nji ýylda Nyu-Yorkdaky oba bagçylyk-tej- ribe merkezini satyn alýar. Bu yerde 150-200 ýyllyk mi- weli we saýaly baglar bar. Şeýle hem tejribe merkezinde dünýänin dürli ýerlerinden getirilen we hemme ýerde ösdü- rilmeýän agaçlar bar eken. Ussat bagban bu yerde agaçlary bir-birine sapmak arkaly birden köp miwe berýän baglary yetişdirip başlayar. Ol jemi miweli agajyň 250 görnüşinin tohumyny ýygnapdyr. Professor dürli agaçlary sapyp, olar- dan netije almaga çalyşýar. Güýz aýlarynda sapylan çybyk indiki ýylyň bahar aylarynda düýp tutsa, ol miwe berip başlayar. Aken bu yerde yzygiderli synag geçirýär.

Ol 40 dürli miwe berýän agajyny 5 ýylda taýýarlapdyr. Şeýle agaçdan häzirki wagtda dünýäde bary-yogy 16 sa- nysy bar. Bu agajy ýylyň köp aýynda beýleki agaçlardan tapawutlandyryp bolmaýar. Emma yaz paslynyň gelmegi bilen her şahasynda bir dürli miwe gögerýän agaç gülläp, diysen üýtgeşik keşbe girýär. Yaz paslynyň ahyrynda bol- sa, miwe berip başlayar. Ol tä noyabr aýynyň ahyryna çen- li yzygiderli hasyl berýär. Onda erik, garaly, setdaly, ülje we badam ýaly dürli miweler yetişýär. Agaç iki ýyldan bir gezek pudalýar. Ony görmek üçin gelýänlerin sany az dal. Onun hasyllylygynyň hem ýokarydygy bellenilýär.
19
289
alma
15 Aprel 2023
Hajymuhammet gowy post
ideallider
15 Aprel 2023
Iýipgörenler bar. Iýenler "Tagamy kaşaýaly garym-gatym" diýip gürrüň berýärler👍
YlhamG
15 Aprel 2023
Kmg gurt,. Aý how birinji yazan teswirini oka name diyip yazypsyn
Relax
15 Aprel 2023
Kmg gurt, tapawudyny näme ikisi bir zat asyl Dinde ýok zady öziñe görä girizmek Şirk bolýa
Rapunsel
15 Aprel 2023
Sapmak bar how
YlhamG
15 Aprel 2023
Çöl halky ýandaga garpyz sapybam, Garpyz ýetişdirdiler😏
YlhamG
15 Aprel 2023
Kmg gurt,. Bir düýpden köp hasyl almak musulmançylykda günämi? Ýalňyş zatlar bilen adamlaryň kellesini bulaşdyrmaň. Haýsy aýdanyň sözüni makullap gezjek. Ýalan zatlar olar👎
Relax
15 Aprel 2023
Kmg gurt,sen Musulmançylykda bar diydina
Relax
15 Aprel 2023
Kmg gurt,gören zadyña belki badyr diýip Dine şirk goşup gezmek günä dälmi onsañ
melek06
15 Aprel 2023
Zümerret🌺,1 post goyan soñ 2nji posty 3 sagatdan soñ goyup bolya
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.