gurbanspr
28.11.2023 09:25
Hiç haçan doganňy ynjytmagynyň,
Oña hormat goýup mydam syla sen.
Eger oň başyna kynçylyk düşse,
Oňa goldaw gerek derrew ylga sen.

Kyn gününde onuñ ýanynda bolgun,
Oña maslahat ber, kömegiñ ýetir.
Derdine ne gerek sora-da bilgin,
Oña gerek bolsa guş süýdün getir.

Derdini paýlaşgyn ol gamgyn wagty,
Ol şatlansa sen-de şatlan oñ bile.
Oña arzuw eýläp ajap ak bagty,
Mydam Alladan oñ saglygyn dile.
43
131
gurbanspr
27.11.2023 00:48
Gadym eýýamda bir parasatly patyşa bar eken. Ol ähli meseläniň çözgüdini öz akyly bilen çözer eken.
Bir gün ỳaňky patyşanyň hazynasyna ogry girỳär we onuň ähli hazynasyny ogurlap gidỳär. Hazynasy talanan patyşa hazynany kimiň ogurlandygyny bilmek isleýär we şeýle edýär: Patyşa bir garaňky otagyň içine gap gara gazan salỳarda ony düňderip goyyar we ýurduň ähli ilatyny çagyryp olaryn gözüni daňdyryarda şeýle diýýär:
Siz şu garaňky otaga giriň we ol ýerde duran gazany elläň! Eger hazynany ogurlan siz bolsaňyz gazan sizi tanar we tutar eger siz ogurlamadyk bolsaňyz onda size hiç zat etmez dýýär.
Adamlar ýekän ýekän garaňky otaga girip gazany elläp çykýarlar. Hälki ogryny hem öz gezeginde garaňky otaga salypdyrlar. Emma ogry gazany ellemekden gorkýar we ýanynda hiç kim ýok bolansoň ony ellemän otagdan çykýar.
Ýurduň ähli ilaty gazanly otaga girip çykandan soň patyşa olary uly otaga salyp olara ellerini ýokary galdyrmagy buýuryar. Şonda ähli halk ellerini ýokaryk galdyryar. Patysa bolsa olaryn ellerini yokardan synlap baslayar. Iň sonunda gazany ellan ahli adamyn eli gara emma halki gazany ellemedik ogryn eli bolsa arassa cykyar we netijede ogry tapylýar.
32
119
gurbanspr
11.11.2023 17:55

Eklenç ýükün gerdeninde göteren,

Gazananyn perzentlerne getiren,

Maşgalamy bagtly güne ýetiren,

Mähriban pederim janyň sagbolsun!


Elmydama güler ýüzüň solmasyn,

Göwnüňde hiç hili gussa bolmasyn,

Beýik Allah sizi bizden almasyn,

Mähriban pederim janyň sag bolsun.

37
73
gurbanspr
30.10.2023 11:00

Şu dünýede käbir adam

Söýgiň gadyryn bilmeýär.

Söýgi diýen näzik zadam

Gitse, gaýdyp hiç gelmeýär.


Şonuň üçin eý aşyklar

Söỳüň siz birek-biregi.

Söýgi ýaşasyn elmydam

Bolup bu dünýäň diregi.

37
83
gurbanspr
29.10.2023 08:45

Ýagty jahan bolar tümlük

Ejeň bolmasa ýanyňda.

Gam-gussa galarsyň gömlüp

Ejeň bolmasa ýanyňda.


Durmuşa ýitip höwesiň

Oý-pikir bolmaz aňyňda.

Zaryn-zaryn ah çekersiň

Ejeň bolmasa ýanyňda.


Ýüregiň gursaga sygman

Jaý tapmaz seniň janyňda.

Hal-ahwalyň bolar ýaman

Ejeň bolmasa ýanyňda.


Dideleriň nury öçer

Ejeň bolmasa ýanyňda

Ýalançydan göwnüň geçer

Käbäň bolmasa ýanyňda.

31
63
gurbanspr
28.10.2023 08:19

Käte eden işiň başa barmasa,

Eken tohumyň ösüp şine ýarmasa,

Ýamanlar ýigrenip saňa gargasa,

Hiç ruhdan düşmegin ruhubelent bol.


Kyn pursatda dostuň seni taşlasa,

Seniň göwnüň ýykyp gözüň ýaşlasa,

Duşmana dost bolup seni daşlasa,

Hiç ruhdan düşmegin ruhubelent bol.


Kömek beren kişiň bilmän gadryňy,

Il içinde garalaýsa adyňy,

Çarkandaklyk saklasada badyňy,

Hiç ruhdan düşmegin ruhubelent bol.

28
97
gurbanspr
27.10.2023 23:06

Käbirleri maksat-myrada ýetip,

Ýalançydan razy geçip giderler.

Käbirleri maksat-myrada ýetmän,

Ol gara gözlerin açyp giderler.


Käbirleri ýagty jahandan doýup,

Özleri dünýeden gaçyp giderler.

Käbirleri entek ýaşamak isläp,

Sönüp barýan şem deý öçüp giderler.

26
115