gurbanspr
28.10.2023 08:19

Käte eden işiň başa barmasa,

Eken tohumyň ösüp şine ýarmasa,

Ýamanlar ýigrenip saňa gargasa,

Hiç ruhdan düşmegin ruhubelent bol.


Kyn pursatda dostuň seni taşlasa,

Seniň göwnüň ýykyp gözüň ýaşlasa,

Duşmana dost bolup seni daşlasa,

Hiç ruhdan düşmegin ruhubelent bol.


Kömek beren kişiň bilmän gadryňy,

Il içinde garalaýsa adyňy,

Çarkandaklyk saklasada badyňy,

Hiç ruhdan düşmegin ruhubelent bol.

28
97
gurbanspr
28 Oktýabr 2023
@medik_ Hawa girdim
gurbanspr
28 Oktýabr 2023
@mawy Salam! Köp sag boluň goldanyňyz üçin
gurbanspr
28 Oktýabr 2023
@mawy, ,salam
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.