gurbanspr
28.11.2023 09:25
Hiç haçan doganňy ynjytmagynyň,
Oña hormat goýup mydam syla sen.
Eger oň başyna kynçylyk düşse,
Oňa goldaw gerek derrew ylga sen.

Kyn gününde onuñ ýanynda bolgun,
Oña maslahat ber, kömegiñ ýetir.
Derdine ne gerek sora-da bilgin,
Oña gerek bolsa guş süýdün getir.

Derdini paýlaşgyn ol gamgyn wagty,
Ol şatlansa sen-de şatlan oñ bile.
Oña arzuw eýläp ajap ak bagty,
Mydam Alladan oñ saglygyn dile.
43
130
jahana_17
28 Noýabr 2023
@surprise, oni😄
jahana_17
28 Noýabr 2023
🫡👍
gurbanspr
28 Noýabr 2023
@Koder, sag bol goldanyna
okan
28 Noýabr 2023
@gurbanspr, minnetdar sizede 👍🤗
aglar
28 Noýabr 2023
@surprise, wi dogan bilen ylalasybermelidaa zat tapylar emma dogan tapylmaya
aglar
28 Noýabr 2023
@gurbanspr, tuweleme gowja gosgy
surprise
28 Noýabr 2023
men doganyma kawagt men ozum geymane dozmeyan esiklerimi geyip gidya kawagt, sol wagta erbet gaharym gelya onda da ozum geyjek diyip gozleyan yerinde yok bolaysa 😐 zordan disimi gysyan, su hasiyetini goymady goymady...
gurbanspr
28 Noýabr 2023
@flowers_, Sag bolun aydanynyz gelsin! Size hem üstünlik arzuw edýärin
gurbanspr
28 Noýabr 2023
@flowers Hawa özüm düzdüm
gurbanspr
28 Noýabr 2023
@mawy, Ilkinji bolup goldanynyza minnetdar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.