gurbanspr
31.07.2024 15:39
Bir gyzyñ gulluga gidip dolanmadyk ýaryna ýazan setirler

Dogry iki ýyldan gelerin diýdiñ
Ýöne dolanmadyñ ýyllar geçse-de .
Intizar gözlerim saña  garaşýar
Gulaklarym öleniñi eştse-de.

Tä ömrüm ötinçä unutmaryn hiç
Seniñ maña bolan çäksiz söýgüñi.
Emma özge kişä asla dözmerin
Kalbymdaky saña bolan söýgüni.

Saparnyýazow Gurbangeldi
17
46
gurbanspr
20.06.2024 12:39
Pişijekler
5
39
gurbanspr
18.06.2024 17:29
Willy:
-Hä bolubilýär. Menem seni göresim geldi, seniň bilen oturyp çaýlaşasym geldi. Şonuň üçin nirededigiňi biläýeýin diýdim.
Men:
- Olar ýaly maksadyň bar bolsa has gowy, geliber. Çatmam derýanyň gyrajygyndadyr. Eglenmän gel, balyk iýeris, çaýlaşarys, derdinişeris.
Willy:
- Bolýa dost bardym onda iki sagatdan.
Men telefony öçürip tora seretdim. Emma hiç hili balyk düşmändir. Men soňra tory şol ýerde goýdum we "Hudaý rysk etse, bir zat düşerle " diýip, öýe gaýtdym.
Men öýüme gelip ot ýakdym we düýnki tutan balyklarymdan çişlik bişirmäge başladym. Men oňa-muňa güýmenip, çišlik bişirýänçäm günortana ýakyn dostum Willy hem geldi. Dostum Willy gele-gelmäne meni gujaklap: "Frank ýaşlyk dostum meniň seni örän göresim geldi" diýip, meniň bilen görüşdi.
Soňra biz dostum bilen ondan-mundan gürrüň açdyk, ýaşlyk ýyllarymyzy ýatladyk, şu wagtky durmuşymyz barada gürrüň etdik. Biz gyzykly gürrüňleriň arasynda çişlik iÿip biraz wiski içdik.

dowamy bar
13
71
gurbanspr
04.06.2024 17:23
Bu wakany maňa ýakyn dostum Frank gürrüň berdi. Ol wakany şeýle gürrüň berip başlady...
Bu waka mundan 12 ýyl öň bolup geçipdi. Men ol günler işsizligim sebäpli derýanyň ýakasynda balyk tutmak bilen meşgullanar-
dym. Men tutan balyklarymy satyp öz gūzeranymy aýlaýardym.
Bir gün men ir säher bilen derýanyň gyrasynda balyk tutar ýaly tor gurup, oňa seredip otyrdym. Aradan 15 minut geçen soň el telefonyma jaň geldi. Seretsem, synpdaş dostum Willy . Men jaňy alan wagtym Willy söze başlady.
Willy:
- Alo gowmy synpdaş?
Men:
- Hawa oňat özüň nähili Willy?
Willy:
- Menem oňat. Görüşmänimize gaty kän wagt boldy Frank. Bu günler nirede näme bilen meşgullanýarsyň?
Men:
-Bu günler seniň garyp dostuň Frank derýanyň gyrasynda balyk tutýar.

dowamy bar
20
105
gurbanspr
20.05.2024 16:33
Geçmişe seretmegin,
Kän zat düşer ýadyňa.
Geljege-de seretme,
Badak kakar badyňa.

Şonuň üçin eý dostum,
Şu gün bilen ýaşa sen.
Geçmiş geljege garap,
Geçmegin dost aşa sen.

Saparniýazow Gurbangeldi

Teswirlerde goşga baha bermegi hayys edyarin. Goldanyňyza minnetdar mähriban agzalar! 🙏🙏🥰🥰🙏🙏
25
61
gurbanspr
03.05.2024 23:25
Seniň waspyň etmäge
Meniň güýjüm ýetenok.
Ýürekdåki ornuňy
Başga hiç kim tutanok.

Seniň adyň söýenim
Ýüregimde saklaýan.
Seni söýen gözlerim
Başga gyza bakmaýar.

Saparniýazow G
16
30
gurbanspr
26.04.2024 16:44
Äýnekler ilkinji gezek 1280-nji ýylda italýan fizigi Armati tarapyndan döredildi. Ol jisimleri ulaldyp görkezmek üçin niýetlenen, adamlar ony ellerine alyp ulanýardylar.Daşary ýurt kinofilmlere tomaşa eden bolsaňyz, bir göze dakylýan äýnekler oýlanyp tapyldy

Bu äýneklerden soňra, 1730-njy ýylda Edwaer Scarlett äýnegiň sapyny döretdi. Şeýlelikde, äýnek oýlap tapylanyna 350 ýyl geçenden soňra, burnuň üstünde goýulýan bölegi döredi.

Ilkinji äýnek dükany Francis Mc Allister tarapyndan 1783-nji ýylda açyldy. Äýnekler gabyň içine goýlup, adamlar äýnegiň haýsy ölçegi gözlerine laýyk gelse, şol äýnegi alýardylar. Äýnekleriň döwülmeýän,daşy çarçuwasyz görnüşleri ýüze çykyp, 2012-nji ýylda Google tarapyndan ilkinji akylly äýnekler emele gelip başlady. Akylly äýnekler çalt kämilleşmek ýoluna girmedi. Çünki tehnologiýanyň ösmegi bilen anyk görmek üçin ulanylýan äýneklere zerurlyk ýüze çykdy.

Günden goranmak üçin oýlap tapylan äýnekler hem ilkinji gezek hytaýlylar tarapyndan 1430-njy ýylda ulanyldy Otda buguň kömegi bilen garaldylan bu äýnekler,günden goranmak üçin däl-de , özlerini tanatmazlyk maksady bilen dakynypdyrlar
33
70
gurbanspr
25.04.2024 06:25
gyzykly suratlar
24
153
gurbanspr
11.02.2024 10:58
Kompyuterde haýsy at bilen papka döredip bolmaýar?
33
111
gurbanspr
09.02.2024 20:41
Agzalar size sorag bar. Näme üçin kitaplaryň sahypasynyň gyrasyna çäk goýulýar? Ýagny listiň iň gyrasyna çenli ýazylmaýar. Ya-da näme üçin depderlerde gyzyl çyzyk bar we ol çyzykdan näme üçin geçmek bolanok?
39
251