Willy:
-Hä bolubilýär. Menem seni göresim geldi, seniň bilen oturyp çaýlaşasym geldi. Şonuň üçin nirededigiňi biläýeýin diýdim.
Men:
- Olar ýaly maksadyň bar bolsa has gowy, geliber. Çatmam derýanyň gyrajygyndadyr. Eglenmän gel, balyk iýeris, çaýlaşarys, derdinişeris.
Willy:
- Bolýa dost bardym onda iki sagatdan.
Men telefony öçürip tora seretdim. Emma hiç hili balyk düşmändir. Men soňra tory şol ýerde goýdum we "Hudaý rysk etse, bir zat düşerle " diýip, öýe gaýtdym.
Men öýüme gelip ot ýakdym we düýnki tutan balyklarymdan çişlik bişirmäge başladym. Men oňa-muňa güýmenip, çišlik bişirýänçäm günortana ýakyn dostum Willy hem geldi. Dostum Willy gele-gelmäne meni gujaklap: "Frank ýaşlyk dostum meniň seni örän göresim geldi" diýip, meniň bilen görüşdi.
Soňra biz dostum bilen ondan-mundan gürrüň açdyk, ýaşlyk ýyllarymyzy ýatladyk, şu wagtky durmuşymyz barada gürrüň etdik. Biz gyzykly gürrüňleriň arasynda çişlik iÿip biraz wiski içdik.
dowamy bar