Bu wakany maňa ýakyn dostum Frank gürrüň berdi. Ol wakany şeýle gürrüň berip başlady...
Bu waka mundan 12 ýyl öň bolup geçipdi. Men ol günler işsizligim sebäpli derýanyň ýakasynda balyk tutmak bilen meşgullanar-
dym. Men tutan balyklarymy satyp öz gūzeranymy aýlaýardym.
Bir gün men ir säher bilen derýanyň gyrasynda balyk tutar ýaly tor gurup, oňa seredip otyrdym. Aradan 15 minut geçen soň el telefonyma jaň geldi. Seretsem, synpdaş dostum Willy . Men jaňy alan wagtym Willy söze başlady.
Willy:
- Alo gowmy synpdaş?
Men:
- Hawa oňat özüň nähili Willy?
Willy:
- Menem oňat. Görüşmänimize gaty kän wagt boldy Frank. Bu günler nirede näme bilen meşgullanýarsyň?
Men:
-Bu günler seniň garyp dostuň Frank derýanyň gyrasynda balyk tutýar.
dowamy bar