gurbanspr
26.08.2024 07:22
dowamy bar
4
29
gurbanspr
24.08.2024 09:13
dowamy bar
13
153
gurbanspr
23.08.2024 13:04
dowamy bar
11
45
gurbanspr
22.08.2024 13:44

dowamy bar

14
101
gurbanspr
21.08.2024 23:34
dowamy bardyr 👍
11
58
gurbanspr
18.08.2024 15:53

Paul Walker 1973-nji ýylda A.B.Ş da dogulýar. Artist çaga wagty birnäçe reklamalara düşýär.

Paul Walker uly ýaşly wagty hem birnäçe kinolara düşýär. Emma artisti tanymal eden film Форсаж filmidir. Onuñ mundane daşary düşen filmleri oña kän şowlulyk getirmeýär.

Форсаж filminiñ döreýşi. 2001-nji ýylda şu kinony döretmäge girişip başlaýarlar. Bu film esasan ýaşlar üçin döredilýär. Birinji bölümde baş rollarda Vin Diesel we Paul Walker oýnaýar. Bu filmden soñ bularyñ ikisi ýyldyz bolup oýanýar. Film şowly çykan soñ produsserler filmiñ ikinji bölümini hem düşürmek kararyna gelýärler. Ýöne bu bölümde Vin Diesel oýnamaýar, Paulyñ özi galýar. Filmiñ bu bölümi hem şowly bolup çykýar we köp girdeýji gazanýar.

Kinonyñ üçinji bölüminde produsserler düýbünden başga artistleri düşürmek kararyna gelýärler. Sebäbi bu film ulaglar bilen baglanyşykly. Emma bu bölüm yza galýar we girdeýjini örän az getirýär.

Şundan soñ produsserler ýene Vin Dieseli kino çagyrmak pikirine gelýärler. Olar artistiñ öýüne pully haltalar bilen barýarlar we ondan filmiñ dördünji bölümine düşmegini haýyş edýärler.


dowamy bar.

12
74
gurbanspr
18.08.2024 15:49

dowamy


Golliwudyň başga bir aktýory Jonni Depp gözegçiliksiz bir bezzat bolup, on bäş ýaşynda mekdepden kowuldy. Bir ýyldan soň öýünden çykyp, ruçka satdy, garym gazdy, pissa satdy we rok ýyldyzy bolmagy arzuw edip aýdym-saz bilen meşgul boldy. Bir gün filmde çykyş etmek mümkinçiligi ýüze çykanda, ýaş Depp pursatdan peýdalandy. Jonyň oýnan “Elm köçesindäki gijeki düýş” ("A Nightmare on Elm Street") filmi ony meşhur etdi.


Oskar baýragynyň eýesi we aktrisa Şer mekdebi ýigrenýärdi – disleksiýa (sözleýiş kemçiligi) sebäpli okamak onuň üçin gaty kyn bolýardy. Emma ol kinony we aýdym-sazy gowy görýärdi, şonuň üçin on bäş ýaşynda gyz öýünden gaçýar, mekdebi taşlady we aktýorlyk bilen meşgullandy.


Meşhur aktrisa we teleýaýlym alyp baryjysy Wupi Goldberg hem disleksiýasy sebäpli mekdepde kynçylyklary başdan geçirdi we on alty ýaşynda okuwyny düýbünden taşlady. Hippiler bilen ýaşamak üçin öýünden çykyp, 1974-nji ýylda Goldberg teatrda iş tapýança dürli kyn we az aýlykly işlerde işledi. Şol günden başlap, onuň meşhurlyga getiren wakalar başlanýar.

9
23
gurbanspr
15.08.2024 21:47

Çaga mekdepde erbet netije alsa we erbet baha alsa, ony käýemäge, samsyk ýa-da şowsuz hasaplamaga howlukmaň. Galyberse-de, okuwdan soň şeýle çagalaryň durmuşy düýpgöter üýtgäp, olar iň zehinli, meşhur ýa-da dünýädäki iň baý adamlaryň birine öwrülip bilerler.

Amerikaly alymlaryň geçiren barlaglary, pes öndürijiligi, ukypsyzlygy we hatda samsyklygy sebäpli mekdeplerden kowulan okuwçylaryň otuz göteriminiň zehinli we aşa zehinli çagalardygyny subut etdi. Şeýle çagalar adaty mekdep dersleri bilen gyzyklanmaýarlar. Olaryň zehini, köplenç, okuwy gutarandan soň açylýar.

Ynha, ylymda, sungatda, döredijilikde we beýleki ugurlarda bütin dünýäde meşhurlyk gazanan ikilikçileriň geçmişdäki wakalary.


Gowşak we näsag Isaak Nýuton mekdepde gaty erbet okaýardy. Mugallymlar ony ýalta we samsyk hasaplaýardylar, synpdaşlary ony masgaralapdyrlar we her dürli edip gorkuzypdyrlar. Bu ýagdaý, bir adam Nýutony erbet urýança dowam edýär. Şondan soň beýik fizik synpdaky iň gowy okuwçy bolup, ähli göwnüne degenlerden ar almak kararyna geldi. Hekaýanyň dowamy hemmelere mälimdir.


Nobel baýragynyň eýesi we “otnositellik teoriýasyny” döreden Albert Eýnşteýn giç gürläp başlady, deň-duşlaryndan has giç mekdebe gitdi we on bäş ýaşyndaka okuwynyň pesligi sebäpli bütinleý okuwdan kowuldy. Daş-töweregindäkiler ýaş Albertden hiç hili gowy zadyň gelmejekdigine ynanýardylar. Şeýle-de bolsa, Eýnşteýn iň beýik alymlaryň biri hökmünde taryha girdi.


Microsoft-y esaslandyryjy we dünýädäki iň baý adamlardan biri Bill Geýts mekdepde ikilikçi okuwçydy.

Ene-atalar her gowy bahasy üçin çagalaryna 25 sent tölemäge taýyn bolsalar-da, Bill ýylda bäş dollardan köp gazanmagy başardy. Ýöne mekdepde EHM-leriň peýda bolmagy bilen hemme zat - şol wagtyň özünde ýaş Geýtsde “oýanan” ajaýyp ukyplar hem üýtgeýär.


Golliwud ýyldyzlarynyñ köpüsi hem ikilikçiler we bezzatlar.

Mysal üçin, Al Paçinogaty pes okaýardy, ýöne hyýalbent we ýazyjydy we on dört ýaşynda sahnada ilkinji rollaryny ýerine ýetiren mekdep drama klubyna ýazyldy. Bu oňa geljekki hünäri barada karar bermäge kömek etdi. Alfredo soňky synaglarynyň hemmesinden şowsuz bolansoň, okuwdan çykaryldy. Aktýorlyk okuwy üçin pul ýygnamaga az aýlykly iş bilen meşgullandy. Onuň arzuwy hasyl boldy.


dowamy bar

çeshmesi orient.tm sayty.

20
64
gurbanspr
07.08.2024 09:55
Ýatlanymda senli geçen günlerim
Janym seni söýenime ökünýän.
Ýatlanymda sowgat beren güllerim
Janym seni söýenime ökünýän.

Saña berlen ter çemenli gülleriñ
Men bilýärin gurap, solup gidenin.
Sen bilsediñ yşk bilen oýun edip
Meniñ ýaş ýüregmi ýolup gideniñ.

Zyýany ýok buda geçer başymdan
Ömür boýy beýdip köýüp gezmerin.
Emma seniñ ýolup giden ýüregñi
Indi başga ýara hijem dözmerin.

Awtor Saparnyýazow Gurbangeldi
9
11
gurbanspr
31.07.2024 15:39
Bir gyzyñ gulluga gidip dolanmadyk ýaryna ýazan setirler

Dogry iki ýyldan gelerin diýdiñ
Ýöne dolanmadyñ ýyllar geçse-de .
Intizar gözlerim saña  garaşýar
Gulaklarym öleniñi eştse-de.

Tä ömrüm ötinçä unutmaryn hiç
Seniñ maña bolan çäksiz söýgüñi.
Emma özge kişä asla dözmerin
Kalbymdaky saña bolan söýgüni.

Saparnyýazow Gurbangeldi
17
41