gurbanspr
18.08.2024 15:49

dowamy


Golliwudyň başga bir aktýory Jonni Depp gözegçiliksiz bir bezzat bolup, on bäş ýaşynda mekdepden kowuldy. Bir ýyldan soň öýünden çykyp, ruçka satdy, garym gazdy, pissa satdy we rok ýyldyzy bolmagy arzuw edip aýdym-saz bilen meşgul boldy. Bir gün filmde çykyş etmek mümkinçiligi ýüze çykanda, ýaş Depp pursatdan peýdalandy. Jonyň oýnan “Elm köçesindäki gijeki düýş” ("A Nightmare on Elm Street") filmi ony meşhur etdi.


Oskar baýragynyň eýesi we aktrisa Şer mekdebi ýigrenýärdi – disleksiýa (sözleýiş kemçiligi) sebäpli okamak onuň üçin gaty kyn bolýardy. Emma ol kinony we aýdym-sazy gowy görýärdi, şonuň üçin on bäş ýaşynda gyz öýünden gaçýar, mekdebi taşlady we aktýorlyk bilen meşgullandy.


Meşhur aktrisa we teleýaýlym alyp baryjysy Wupi Goldberg hem disleksiýasy sebäpli mekdepde kynçylyklary başdan geçirdi we on alty ýaşynda okuwyny düýbünden taşlady. Hippiler bilen ýaşamak üçin öýünden çykyp, 1974-nji ýylda Goldberg teatrda iş tapýança dürli kyn we az aýlykly işlerde işledi. Şol günden başlap, onuň meşhurlyga getiren wakalar başlanýar.

9
23
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.